Ï “Standart, hil we howpsuzlyk” atly ylmy-tehniki žurnalynyň birinji sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Standart, hil we howpsuzlyk” atly ylmy-tehniki žurnalynyň birinji sany

view-icon 4656
2011-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen karara laýyklykda esaslandyrylan “Standart, hil we howpsuzlyk” atly ylmy-tehniki žurnalynyň birinji sany çap edildi.

Täze žurnaly çap etmek baradaky karar milletiň Lideriniň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri, ýurdumyzda we dünýäde standartlaşdyrmak ulgamyndaky täzelikleri we gazanylýan üstünlikleri yzygiderli beýan etmek maksady bilen kabul edildi. Žurnalyň esasy wezipesi tehniki taýdan kadalaşdyrmak we standartlaşdyrmak işiniň ösüşine, menejmentiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek arkaly, senagata, ylma, bilime, telekeçilige degişli düzümleriň wekillerine şu ugur boýunça hemmetaraplaýyn maglumatlary bermekden ybaratdyr.


Neşiriň birinji sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalyň işgärlerine we okyjylaryna Ýüzlenmesi bilen açylýar. Milletiň Lideri döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm goldawy bolan standartlaşdyrmagyň baş maksady açyk bäsdeşligi, innowasiýalary we söwda gatnaşyklaryny ösdürmekden, raýatlaryň durmuşynyň, saglygynyň we emläginiň howpsuzlygyny üpjün etmekden, şeýle hem sarp edijileriň gyzyklanmalaryny, daşky gurşawyň goraglylygyny we serişdeleriň ähli görnüşleriniň tygşytlanmagyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip belleýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň ösüşi, şeýle hem ýurdumyzda standartlaşdyrmak ulgamynyň öňünde durýan wezipeler täze žurnalyň çap edilmeginiň zerurlygyny şertlendirdi.

Giň okyjylar köpçüligi neşiriň sahypalarynda “Durmuş syýasaty”, “Taryh”, “Standartlaşdyrma”,”Metrologiýa”. “Hyzmatdaşlyk”, “Peýdaly maslahatlar” atly rubrikalaryň astynda dürli makalalar bilen tanşyp biler.

Žurnalda ýurdy ykdysady taýdan ösdürmegiň täze wezipelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk we ählumumy ylmy-tehniki gatnaşyklaryna goşulmagy netijesinde,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň standartlar ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji yyllar üçin işlenip taýýarlanan Döwlet maksatnamasyny jikme-jik teswirleýän makala esasy orny eýeleýär. Şu ugra degişli kadalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy umumy milli strategiki maksatlara ýetilmegine— ýaşaýşyň hiliniň ýokary standartlaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösüş gazanmagyň kadasyny we esasy şertini ugur edinmek arkaly, rowaçlyk gazanýan we abadan jemgyýetli türkmen döwletiniň ykdysady taýdan öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna çykarylmagyna ýardam berer.

“Durmuş syýasaty” atly rubrikanyň astynda Türkmenistanda zähmeti goramagyň meslelerine bagyşlanan makala ýerleşdirilýär, zähmeti goramak döwletiň ösüşinde ileri tutulýan ugur hasaplanýar, şol ugra degişli meselelere täze taryhy eýýamda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen baglylykda garalýar. Zähmeti goramagyň milli howpsuzlyga we türkmen döwletiniň raýatlarynyň durmuşdaky abadançylygyna degişli wajyp ýagdaýlaryň biri bolup durýandygy bellenilýär. Makalanyň awtory şol meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ýurdumyzda döredilen kanunçylyk binýadynyň wajypdygyny belläp, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň ýöriteleşdirilen bölüminiň işiniň esasy ugurlary barada jikme-jik durup geçýär.

Standartlaşdyrmagyň milli ulgamynyň kemala gelşiniň taryhy bilen tanyşdyrýan makalanyň hem okyjylarda uly gyzyklanma döretjekdigine söz ýok. Bu ulgam ýurdumyzyň dünýäniň ykdysadyýetine üstünlikli goşulmagyna ýardam berýän döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ýurdumyzyň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna hil boýunça ýokary halkara standartlaryny ornaşdyrmakda üstünlikleri gazanmak arkaly toplan oňyn tejribesi barada söz açýan “Türkmenistanda halkara standartynyň ornaşdyrylmagynyň aýratynlyklary” atly makalany görkezmek gerek. Awtoryň delillendirilen pikirine görä, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň we dokma senagatynyň ençeme kärhanalaryna hil boýunça ISO halkara sertifikatynyň berilmegi şu ugra degişli oňyn mysal bolup biler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän ölçegleriň bitewüligini we ygtybarlylygyny saklamak standartlaşdyrmak gullugynyň esasy möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň awgustynda ýurduň ykdysady, maliýe we bank ulgamyny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan mejlisde döwlet etalonlaryny we enjamlaryny aýawly saklamak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Döwlet etalon merkeziniň gurluşygyny hem-de Milli etalon binýadynyň döredilmegini “Türkmenstandartlary” gullugynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Etalon binýady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň metrologik taýdan üpjünçiliginiň ulgamyna degişli esasy we möhüm ähmiýetli bölegidir, şunda ölçegleriň durli ugurlarynda ulanylýan etalonlaryň utgaşdyrylmalydygy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, “Standart, hil we howpsuzlyk” atly žurnalyň ilkinji sany üçin ýörite makala taýýarlanyp, onda ýurdumyzda şu ugur boýunça amala aşyrylýan yzygiderli we maksada okgunly işler barada jikme-jik gürrüň berilýär.

“Hyzmatdaşlyk” atly rubrikanyň astynda çap edilýän makala Türkmenistanyň standartlaşdyrmak boýunça halkara gatnaşyklaryna degişli meselelere bagyşlanýar. “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy standartlaşdyrma boýunça milli edara bolmak bilen, halkara we sebit derejesindäki degişli düzümlerde ýurdumyzyň bähbitlerini beýan edýär. Şu ulgamdaky ýöriteleşdirilen guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ykdysadyýetiň we daşary söwdanyň ösüşine, daşary ýurtlar bilen ylmy-tehniki, ykdysady we senagat gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, önümiň hiliniň hem-de dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

“Peýdaly maslahatlar” atly rubrikanyň astynda çap edilen “Sowadyjyny saýlanymyzda” diýen makala giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döreder. Awtor bu maslahat berýän häsiýetli makalasynda häzirki döwrüň önümlere baý bazarynda durmuşda ulanylýan tehnikanyň has köp isleg bildirilýän görnüşleriniň biri hasaplanýan sowadyjynyň dogry saýlanyp alynmagy barada täsirli gürrüň berýär.

Täze neşiriň awtorlary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde toplanan iň oňat tejribäni iş ýüzünde ulanmak baradaky görkezmesini göz öňünde tutup, “Standart, hil we howpsuzlyk” žurnalynyň bezegini halkara ylmy-tehniki neşirlere mahsus bolan döwrebap usulyň talaplaryna laýyk getirmäge çalşypdyrlar.

Makalalaryň haýsy ugra degişlidigi görkezilip, olaryň göwnejaý, oýlanyşykly ýerleşdirilmegi üç dilde—türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen makalalardaky maglumatlary aňsat we yzygiderlilikde kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Täze neşirde teksti ýerleşdirmek boýunça ulanylan usul sütünleri açyk saýgarmaga mümkinçilik berip, sahypanyň umumy görnüşiniň açyk we göwnejaý ýagdaýda bolmagyna hem-de žurnalyň uly bolmadyk göwrüminde has köp maglumatlaryň ýerleşdirilmegine ýardam berýär. Dizaýn boýunça oýlanyşykly çözgüt çap edilýän makalalaryň ugurlaryny we möçberini giňeltmäge mümkinçilik berýär hem-de žurnaly dürli suratlar bilen bezemäge ýardam edýär, şunda neşiriň umumy görnüşi asla üýtgemeýär. Reňk babatdaky göwnejaý çözgüt esasy elementiň kabul edilmegine päsgel bermän, bitewi görnüşi hem-de häzirki döwürdäki halkara ýörelgelerine laýyk gelýän stilistiki keşbi emele getirýär. Birmeňzeş ululykdaky harplaryň oýlanyşykly ulanylmagy žurnalyň özboluşly görnüşde bolmagyny üpjün edýär.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynda aýdylmagyna görä, çap edilýän makalalarda beýan edilýän meseleleriň ugurlary yzygiderli giňeldiler. Žurnalda tehniki taýdan kadalaşdyrmak we standartlaşdyrmak, laýyk gelmegine baha bermek, menejment bilen bagly ulgamlar, energiýa we serişdeleri tygşytlamak, halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barylýan köp ugurly işler barada gürrüň berlip, ýurdumyzyň, dürli pudaklaryň we kärhanalaryň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wezipeleriň berjaý edilmegine ýardam berler. Täze neşir geljekde okyjylara möhüm ähmiýetli maglumatlary hödürlemegi maksat edinýär hem-de onuň ýurdumyzyň standartlaşdyrmak ulgamynyň hünärmenlerine öz ugruna degişli ussatlygyny kämilleşdirmäge ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Bir söz bilen aýdylanda standartlaşdyrmak we metrologiýa boýunça möhüm jähetler barada söz açýan “Standart, hil we howpsuzlyk” atly ylmy-tehniki žurnalyň ýurdumyzda çap edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda mynasyp orny eýelär, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolsa şeýle neşirleriň sanawy artýar.