Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň botanika institutynyň Botanika bagynda Günorta-Günbatar Köpetdagyň seýrek duş gelýän ösümligi – gadymy türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsiniň öňden bäri ösüp gelýän, gyzyl kitaba girizilen türkmen mandragorasy Aşgabadyň howa şertlerinde ilkinji gezek gülledi. Gyş aýlarynda ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen mandragora wagtyndan öň gulledi.
Bu ýagdaý botanika bagynyň ýerli ösümlik dünýäsiniň barlaghanasynyň işgärlerini begendirdi. Olar Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Botanika institutynyň subtropiki ösümlikleri öwrenmek we köpeltmek boýunça Ylmy-önümçilik synag merkezinden getirilen bu ösümligiň birnäçe husgalaryny 12 ýylyň dowamynda aýawly ideg etdiler.
Biziň ýurdymyzyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan mandragora itüzümler maşgalasyna degişlidir. Hemmämize mälim bolan pomidor hem bu maşgala degişlidir. Onuň adaty pomidorlardan tapawudy – ol zäherli ösümlik bolup, onuň dermanlyk aýratynlyklary gadym döwürlerden bäri bellidir. Tebigatda mandragoralar örän haýal köpelýärler. Tebigatda onuň 400 töweregi nusgasy bar diýlip hasaplanylýar, botanikler olary birin-birin bilýärler. Häzirki wagtda botanika bagynda mandragoralaryň dürli ýaşdaky görnüşleriniň ekileni bar, olaryň iň soňkylary biogumus ulanmak arkaly ekilendir.
Ýerli ösümlik dünýäsiniň çäkleriniň meýdançasynda mandragora bilen ýanaşyk ýerde Bathyz urgeniýasy gülläp otyr, täsin soganyň jümjüme görnüşli ak gulleri açylyp otyr. Ol gadymy ösümlik bolup, Sünt-Hasardag goraghanasynyň nahalhanasyndan alyndy. Bu ýerde mart aýynda owadan gülläp oturan ýabany ösýän soganyň birgiden hataryny synlamak bolýar. Şeýle hem bu ýerde Gollandiýadan getirilip, ilkinji gezek ekilen ýabany sogan, geçen ýylky ekilenlerden bolsa bathyz ýowşany gök öwsüp otyr.