Ï Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary

view-icon 23487
Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary

Türkmen paýtagtynda halkara ylmy maslahaty işe başlady

Şu gün Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mejlisler zalynda “Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary” atly iki günlük halkara ylmy maslahaty öz işine başlady.

Halkara maslahat ýurdumyzyň ylmy-tehnikasyny ösdürmek meslelerine, şol sanda innowasion tehnologiýalar ýaly onuň möhüm düzümini ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de howandarlygynda geçirilýär. Ylmy maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty guraýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara we ony guraýjylara gutlagynda ylmy ulgamy kämilleşdirmekde, milli ykdysadyýetimize ylmyň we tehnikanyň gazanan häzirki zaman üstünliklerini çalt ornaşdyrmakda, ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmekde şular ýaly maslahatlaryň ähmiýetini nygtady.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz tebigy baýlyklarymyzy gaýtadan işleýän halkara ähmiýetli iri senagat düzümlerini döredip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýarys. Biziň işläp düzen maksatnamalarymyzy, başlangyçlarymyzy we taslamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekde ösýän hem-de öňe ilerleýýän häzirki zaman ylymlary möhüm şert bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, biz ylymlaryň we bilimleriň düýpli ösdürilmegine, netijeli tehnologiýalaryň işlenip düzülmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagyna, ylmy döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek ýaly möhüm meselelere döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris” diýlip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň gutlagynda aýdylýar.

Halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasyna dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan, şol sanda Ýaponiýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Hindistandan, Awstriýadan, Finlýandiýadan, Çehiýadan, Portugaliýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan görnükli alymlar, şeýle hem türkmen tarapyndan hökümet agzalary, ministrikleriň we pudak edaralaryň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, habar berşi serişdeleriniň wekilleri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary köp dürlüdir. Onuň bölümleriniň işiniň çäklerinde Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny gaýtadan işlemegiň hem-de aýawly peýdalanmagyň esasy wezipeleri we olaryň geljegi, nebithimiýada we ýangyç baýlyklary gaýtadan işlenilende innowasion tehnologiýalar, ýurdumyzyň mineral hem-de gidromineral çig malyny toplumlaýyn gaýtaldan işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň suw serişdelerini aýawly peýdalanmak üçin we ilat arassa agyz suwy bilen üpjün edilen mahaly täze tehnologiýalary ulanmak, şeýle hem tebigy baýlyklar çykarylan we gaýtadan işlenilen mahaly daşky gurşawy goramagyň möhüm meselelerine aýratyn üns berler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýerasty we ýerüsti gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna, dag – mineral serişdelerine eýedir. Senagat maksatly täze ýataklaryň açylmagy olary gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklaryň döredilmeginiň zerurlygyny orta çykarýar, şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kärhanalary yzygiderli ösýär. Bu ösüşiň möhüm düzüm bölegi iň täze tehnologiýalary hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryny ulanmak bilen işläp gelýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmakdan başga-da, täze, şular ýaly desgalara bildirilýän ähli zerur ölçeglere laýyk gelýän desgalaryň gurulmagyndan ybaratdyr.

Türkmen döwleti himiýa senagaty üçin mineral çig mallary boýunça dünýäde esasy orunlaryň birini eýelemek bilen, özboluşly tebigy serişdeleri doly möçberli we iň esasy toplumlaýyn özleşdirmegi öz strategiki wezipeleriniň biri hasaplanýar, munuň özi ösüşiň häzirki tapgyrynda milli ykdysadyýetimiziň örän geljegi uly pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň himiýa senagatyna birnäçe talaplary bildirýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy döredilenden soň ýurdumyzyň ylmy ulgamynda gysga möhletde düzüm babatda ähmiýetli üýtgetmeler amala aşyryldy, birnäçe täze ylmy-barlag institutlary döredildi. Ýurdumyzyň gaýtadan guralan ylmy ulgamy häzirki wagtda doly güýjünde işleýär: ylmy-barlag institutlarynda möhüm meseleler boýunça meýilnamalaýyn işler yzygiderli ýerine ýetirilýär, olaryň netijeleri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ulanylýar.

Mysal üçin, Himiýa institutynda ýoduň, bromyň we seýrek duş gelýän jisimleriň birleşmelerini ýüze çykarmagyň ylmy esaslary öwrenildi, munuň özi ýodly we bromly suwlary toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga hem-de önümçilige ornaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýerli çig maldan halk hojalygy üçin zerur maddalary sintezlemek boýunça düýpli barlaglaryň geçirilmegi netijesinde dünýäde özboluşly ýer bolan Garabogaz kölüniň baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýasy işlenip taýýarlanyldy, şol ýerde tebigy şertlerde natriý sulfatynyň kristallaşmagy bolup geçýär. Mineral dökünleriniň, meliorantlaryň, biostimulýatorlary öndürmek boýunça täze tehnologiýalara, Türkmenistanyň fosforit magdanlaryny baýlaşdyrmagyň tehnologiýalaryna hem alymlar uly goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň täze ýataklaryndan çykarylýan nebitiň, gazyň we gaz kondensatynyň himiki düzümlerini öwrenip, institutyň işgärleri alnan netijeler boýunça olary gaýtadan işlemegiň kämilleşdirilen tehnologiýasyny işläp taýýarladylar, munuň özi alynýan önümleriň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Alymlara nebiti we gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň we olary soňra önümçilikde peýdalanmagyň mümkinçiligini ylmy taýdan esaslandyrmak hem başartdy.

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň onlarça görnüşleri obasenagaty üçin zerur bolan azot, fosfor, kaliý dökünlerini öndürmegi artdyrmaga mümkinçilik berýär, olaryň hatarynda ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlary bilen bilelikde gidromineral we mineral baýlyklar, kaliý we natriý duzy, kükürt, hek, dürli metallar, timarlaýyş we gymmat bahaly daşlar bar.

Himiýa senagatynyň bar bolan kuwwatyny dolulygyna hem-de hemmetaraplaýyn ulanmaga onuň çig mal çeşmelerini toplumlaýyn peýdalanmagyň maksatnamasy kömek eder. Mysal üçin, Mendeleýewiň tablisasynyň onlarça jisimlerinden ybarat bolan ýodly – bromly suwlaryň Çeleken, Nebitdag-Monjukly, Boýadag we beýleki ýataklar bu babatda ägirt uly kuwwata eýedir.

Bu uly möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilen mahaly biziň ýurdumyz daşky gurşawa zelel ýetirmezden gazylyp alynýan peýdaly magdanlary çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň we üstaşyr geçirmegiň hukuk esaslaryny işläp taýýarlamagyň tarapdary bolup durýar. Türkmenistan ekologiýa meseleleri boýunça täze teklipleri we başlangyçlary öňe sürüp, halkara derejesinde oňyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge özüniň ygrarlydygyny yzygiderli görkezýär.

Häzirki maslahatyň işiniň barşynda türkmen alymlary günüň, ýeliň, terminal suwlaryň energiýasyny peýdalanmagyň hasabyna elektirik energiýasyny öndürmek, Türkmenistanyň tebigy-howa şertlerinde energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň ylmy - tehniki ýörelgelerini işläp taýýarlamak ýaly möhüm meselelere bagyşlanan çykyşlary hödürlediler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Gün” institutynyň alymlarynyň işini nygtap geçmek zerurdyr, olar dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ylmy-tehniki barlaglaryň birnäçesini geçirdiler. Gün energiýasyny peýdalanmak bilen, kwars çägesinden tehniki kremniniň ilkinji nusgasynyň alynmagyny ähmiýetli gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Institutyň işgärleri tarapyndan bir ýylyň dowamynda çöl şertlerinde öri meýdanlaryny suw hem-de energiýa bilen üpjün etmäge ukyply özbaşdak gün-ýel toplumy hem işlenilip taýýarlanyldy. Institutyň beýleki işläp taýýarlamalarynyň hatarynda suw süýjediji gün enjamy, şeýle hem gyzgyn suw bilen özbaşdak üpjün edýän enjam we ýylylygy saklaýan toprak bilen gün ýyladyşhanasy bar.

Maslahatyň bölümleriniň işinde köp sanly çykyşlar diňlenildi we ylym hem-de innowasion tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygynyň beýleki möhüm meseleleri boýunça hem bu ulgamda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada söz açyldy.

Çykyş eden daşary ýurtlaryň wekilleri hem, hususan-da, Rumyniýadan “Nebiti gaýtadan işlemekde bioýangyjy almagyň innowasion usuly” diýen mowzuk bilen çykyş eden Stanika-Eseanu Dorin, Çehiýa Respublikasyndan “Ösýän ýurtlarda dikeldilýän energiýa” diýen mowzuk bilen çykyş eden Hawrland Bogumil, Russiýadan “Hazar deňziniň Garabogaz aýlagydünýäde iň uly duzly basseýndir” diýen mowzuk bilen çykyş eden Wýaçeslaw Danilow, “Çöl çägelerinden gün özgertmeleri üçin kremnini almagyň innowasion himiki tehnologiýasy” diýen at bilen çykyş eden Ýaponiýadan Hideomi Koinuma, Kenta Tsubouçi, Izumi Nakai, Kenji Itaka maslahatda edilen çykyşlardan gelip çykýan wezipeleri çözmekde öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Ertir “Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary” atly halkara ylmy maslahaty öz işini dowam eder. Bölümler boýunça mejlislerde maslahata gatnaşyjylar nebitgaz ulgamynda, elektrik energetikasynda, himiýa pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmagyň meselelerine we beýleki ençeme meselelere gararlar.