Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary” atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan guralan halkara maslahat ýurdumyzyň ylym-tehniki ulgamyny ösdürmek, şol sanda innowasion tehnologiýalar ýaly onuň möhüm düzümini kämilleşdirmek meselelerine uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de howandarlygynda geçirildi. Ylmy-tehniki ösüş milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Ozal habar berlişi ýaly, wekilçilikli maslahata türkmen alymlary bilen birlikde ýurdumyzyň hünärmenleriniň işläp taýýarlamalaryna uly gyzyklanma bildiren daşary ýurtlaryň 20-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň işiniň çäklerinde Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny gaýtadan işlemek we rejeli ulanmak, nebithimiýada we Türkmenistanyň ýangyç serişdelerini gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalar, ýurdumyzyň mineral we gidromineral çig malyny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary, Türkmenistanyň suw serişdelerini rejeli ulanmakda hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde täze tehnologiýalaryň ulanylyşy, tebigy baýlyklary çykarmakda we gaýtadan işlemekde daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşynda nebitgaz ulgamynda, elektroenergetikada, himiýa pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak meselelerine degişli beýleki köp sanly mowzuklar hem beýan edildi.
Şu ylmy maslahata gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar şeýle hem Türkmenistanda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Olar Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda ylmy we bilimi ösdürmäge, ylmy ösüşiň ähmiýetini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýändigine göz ýetirdiler. Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanda ylym ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, önümçilige iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti baradaky çykyşlar we mowzuklar foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Alymlar we bilermenler häzirki wagtda "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda ýurduň ähli ylmy-barlag edaralaryny iň täze tehnologiýalar, kämil kompýuter we laboratoriýa enjamlary bilen üpjün etmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny biragyzdan bellediler. Ylmyň geljegi uly pudaklaryny ösdürmäge maliýe serişdeleriniň goýberilmegini, ylmy-barlag edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, alymlaryň mümkinçilikleriniň we baý tejribesiniň netijeli ulanylmagyny, şeýle hem olaryň zähmetiniň höweslendirilmegini üpjün etmek boýunça wezipeleri häzirki türkmen döwletiniň esasy maksatlarynyň hatarynda görkezmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, döwür täze talaplary öňe sürýär. Şol talaplaryň esasylarynyň biri-de ylma zehinli we gujur-gaýratly ýaşlaryň gelmegini üpjün etmek, başarjaň, ukyply hem-de Watanymyzy tüýs ýürekden söýýän ylmy işgärleriň hem-de hünärmenleriň sanyny ep-esli artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Bular barada maslahatda hem aýratyn durlup geçildi. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin Türkmenistanda ýaşlary ylma çekmäge, orta we ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ýaşlaryň döredijilik gözleglerini höweslendirmäge gönükdirilen halkara ylmy maslahatlar, duşuşyklar, “tegelek stollaryň” başyndaky söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär. Ylma bolan gyzyklanmany höweslendirmek we bilimiň hilini ýokarlandyrmak işinde maglumat—aragatnaşyk tehnologiýalaryna möhüm orun degişlidir. Bu ýagdaýlar nazara alnyp, ýurdumyzda bitewi maglumatlar ulgamyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Ol özüne Ylymlar akademiýasynyň ähli institutlaryny, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini, ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezlerini birleşdirer.
Bu özgertmeler ylmy işgärleri taýýarlamak meseleleri häzir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň we hünärmenleriniň giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmek maksadynda alyp barýan köp ugurly işiniň möhüm bölegi bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu meýilnamalar bolsa täze taryhy eýýamda türkmen ylmyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder.
Bölümleriň işiniň barşynda nebitgaz pudagyny ösdürmäge täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, energetika we himiýa ulgamlarynda ekologiýa howpsuzlygy, gazylyp alynýan baýlyklary gaýtadan işlemäge innowasion işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ylmy maslahatyň jemleýji mejlisinde bölümleriň işiniň netijeleri jemlenildi. Ýygnananlaryň biragyzdan bellemegine görä, bu halkara ylmy maslahat türkmen alymlarynyň gazanan üstünlikleri barada düşünje bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga saldamly goşant goşdy. Maslahata gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, halkara taslamalarynyň çäklerinde we milli ösüş maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlary babatda ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.
Halkara maslahata gatnaşyjylar derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dünýä ylmyny ösdürmegiň, häzikri zamanyň möhüm meselelerini çözmegiň bähbidine ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdylar.
“Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Maslahata gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy. Ol biziň myhmanlarymyza türkmen halkynyň gadymy taryhy, baý medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.