Ï Halkara tejribesi - ýurdumyzyň bilim ulgamyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara tejribesi - ýurdumyzyň bilim ulgamyna

view-icon 1207
Şu gün paýtagtymyzda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly Halkara ylmy-usuly maslahat öz işini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen geçirilen bu maslahatda esasy üns milli bilim ulgamyny ösdürmeklige berildi.

Häzirki zaman bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, bilim özgertmelerinde täze habar beriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga we peýdalanmaga bagyşlanylan bu maslahat türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

ХХI asyr – ählumumy habar beriş serişdesiniň asyry bolmak bilen, okatmagyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemekligi talap edýän bilim tehnologiýasyny ösdürmeklige esasy talaplary bildirýär. Intelektual we tehnologik bäsdeşlik döwründe hut bilimiň özi dünýäde ýurtlaryň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjin edýän esasy kesgitleýji ugyr bolup durýar. Bilim özgertmelerine döwlet ösüşiniň ileri tutulýan derejesi berlenden bäri, ähli bilim ulgamy takyk ugurlar we maksatlar esasynda ösüşe eýe boldy. Bu ugurlar boýunça ýokary we orta ýörüte okuw mekdeplerinde talyplaryň sanyny artdyrmakda, täze hünärler boýunça bölümleri açmakda, hünär taýdan bilimliligi giňeltmekde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýokary okuw mekdeplerini, mekdepleri we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralaryny gurmakda, okuw jaýlaryny kompýuterleşdirmekde we halkara gatnaşyklaryny güýçlendirmekde aýgytly ädimler ädildi.

Muňa alymlaryň, hünärmenleriň we okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça bilim ulgamynyň wekilleriniň üstünlikli hyzmatdaşlygyna mysal bolan halkara ylmy-usuly maslahaty hem şaýatlyk edýär. Maslahat özüniň usuly häsýeti bilen aýratyn tapawutlandy. Maslahatyň işinde dört bölüm boýunça 180-den gowrak gyzykly çykyşlar diňlenildi, maglumat- aragatnaşyk tehnologiýalaryny we innowasiýalary tejribä ornaşdyrmakda ýetilen anyk netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy, ylmy-tehniki ösüşiň esasy bolan bilim ulgamy üçin nou-hau görkezildi, şeýle-de hyzmatdaşlaryň mümkin bolan hyzmatdaşlygynyň ugurlary anyklaşdyryldy.

Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň ylmyň we bilimiň abraýly merkezleri bilen berk aragatnaşygy ýola gomak bilen, Türkmenistan bu ýurtlardaky öz talyplarynyň sanyny ep-esli artdyrdy. Halkara barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky alşyklary we maglumat ulgamyny ösdürmeklige gatnaşyklaryny giňeltdi.

Ylmy-usuly maslahatyň dabaraly ýapylyşynda onuň işiniň jemi jemlendi. Ýygnananlar biragyzdan häzirki halkara maslahatyň Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky ýeten derejeleri baradaky düşünjeleriň has giňelmegine, bu ugurda halkara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga saldamly goşant goşandygyny biragyzdan bellediler. Maslahata gatnaşanlar netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ygrarlylygy tassyklamak bilen, ösüşiň milli meýilnamalarynyň esasynda ony mundan beýläk-de ösdürmekligiň ýollary barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wajyp meseleleri we mowzuklary ara alyp maslahatlaşmaklyga mümkinçilik döreden maslahatyň ýokary guramaçylygy üçin çuňňur hoşallyk bildirmek bilen halkara maslahata gatnaşanlar ýakyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de wajypdygy barada öz pikirlerini aýtdylar.

“Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň döwrebap usullary” atly Halkara ylmy-usuly maslahatyna gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk Ýüzlenmesini kabul etdiler.