Ozal habar berlişi ýaly, düýn “Türkmenistanyň tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara maslahatyň öňüsyrasynda bu ýere ylmy ekspedisiýa geldi, bu ekspedisiýa ýurdumyzyň şu ýerindäki tebigy baýlyklary we gözel künjekleri düýpli öwrenmek maksady bilen amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ylmy ekspedisiýa we halkara maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň UNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Sekretariaty, ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrligi, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Lebap welaýatynyň häkimligi tarapyndan guralýar.
Şu gün ylmy barlaglaryň maksatnamasy boýunça Hojaýpil diýen ýerdäki täsin galdyrýan tebigy we etnografiki künjeklere baryp görmek we öwrenmek bellenildi.
Irden ekspedisiýa gatnaşyjylar täsin galdyrýan medeni, etnografik we tebigy künjek hasaplanýan Kyrkgyz gowagyna tarap ugradylar. Ol adamlar tarapyndan uly sarpa goýulýan hem-de rowaýatlar arkaly beýan edilýän ýerdir. Şol rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, bir wagtlar gözel türkmen gyzlarynyň 40-sy dogduk topraga çozan duşmanlardan gaçyp, gowakda gizlenipdir. Ýöne duşmanlar olaryň gizlenen ýerini bilipdirler we haçan-da olar golaý gelende, bu gözel gyzlaryň dilegini kabul edip, Köýtendag öz daşly diwarlaryny birikdiripdir hem-de gyzlary ýat ýerlilerden müdimilik gizläpdir.
Başga bir rowaýatda aýdylmagyna görä, eger-de içine palçyk salnan matanyň bölegini zyňyp, gowagyň ýokarsyndaky daşyň ýüzüne elmemek başartsa, ýürekde beslän arzuwyň hökman hasyl bolýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Kyrkgyzyň daşly diwarlarynda köp sanly mata bölekleri bar. Bularyň her biri kimdir biriniň arzuwydyr, gowagyň özi bolsa täsin galdyrýan medeni we etnografik gudrata öwrüldi, ol türkmen tebigatynyň baýlygy boýunça haýran galdyrýan bu künjeginde ýerleşýändigi üçin has-da wajyp ähmiýetlidir.
Şu gün alymlar ekspedision barlagyň maksatnamasynyň çäklerinde gowagyň geologiýasyny, gidrogeologiýasyny, mikroklimatyny we haýwanat dünýäsini jikme-jik öwrendiler. Gowagyň tektoniki taýdan emele gelşi onuň aýratynlygy hasaplanýar. Kanýonyň beýik daşly ýakasyny böwsen tebigy deşik soňra karstly ýagdaýlaryň bolup geçmegi netijesinde giňelipdir we häzirki wagta çenli gowak hakykatdan-da, örän uly görnüşe eýe bolupdyr.
Hojaýpilde ekspedisiýa gatnaşyjylar hakyky türkmen toýuny gördüler. Estrada aýdymçylar we horeografik toparlar tarapyndan ýerine ýetirilen ýakymly aýdym-sazlar we tanslar, birkemsiz bezelen ak öýler baýramçylygy mahsus ýagdaýy döretdi. Myhmanlaryň bellemegine görä, milli däp-dessurlar bilen şunuň ýaly etnografik tanyşlyk olara ýurdumyzy, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny has içgin öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Soňra alymlar Hojaýpiliň, megerem, has täsirli we bu künjegi tütuş dünýä tanadan ýeri-- dinozawrlaryň aýak yzlarynyň galan ýerini aýratyn üns berip synladylar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, Hojaýpil ýa-da “keramatly adamyň pilleri” diýen at hem hut şu ýerden gözbaş alyp gaýdýar. Ýerli ýaşaýjlylar daşlaryň üstünde müdimilik galan äpet yzlaryň kime degişlidigi barada oýlanyp, olar pillere degişli we aýdylmagyna görä, bir wagtlar keramatly ýaşuly şol piller bilen şu ýerden geçipdir diýen netijä gelipdirler. Ýöne şol yzlar has gadymy döwre degişli bolup çykdy. Alymlar olar 140 million ýyl mundan ozalky döwre degişli diýip hasaplaýarlar. Şol gadymy döwürlerde bu ýerde daglaryň deregine deňiz bolupdyr, dinozawrlar suwuň ýalpak ýerinde şol yzlary galdyrypdyrlar. Bu yzlar gatap, çökündileriň gatlaklarynyň aşagynda galypdyr we haçan-da Köýtendagyň gerişleri beýgelende ýüze çykyp, daş-töwerege äşgär bolupdyr. Bu ýerde yzlaryň 600-den gowragy bar, golaýdaky beýleki ýerleri göz öňünde tutup aýdanyňda, bu ýerde dinozawrlaryň aýak yzlarynyň umumy sany 2 müňe ýetýär. Aýak yzlarynyň saklanyp galyşynyň derejesi we olaryň köplügi bu ýeri täsin galdyrýan künjekleriň hataryna goşmaga hem-de onuň dünýä derejesinde wajyp ähmiýet berilmegine mynasypdygyny görkezýär.
Deňiz derejesinden 1,5 müň metr belentlikde ýerleşýän ýerde netijeli ylmy söhbetdeşlik bolup geçdi. Şonda häzirki günlerde Köýtendagyň gözel künjeklerini öwrenýän esasy alymlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ýeri mundan beýläk-de öwrenmek we onuň täsin syýahatçylyk künjegi hökmündäki meşhurlygyny artdyrmak üçin ylmy hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ylmy barlaglaryň usullary, maksatlary we ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdiler.
Şeýle hem bu täsin galdyrýan ýer barada ozal mälim bolan maglumatlar bilen tanyşdyryldy, yzlaryň ýerleşýän ýerleri we häsiýetnamalary jikme-jik öwrenildi, şol yzlaryň galan ýerleriniň geologik we paleontologik ölçegleri barlanyldy.
Şu günki ekspedisiýanyň giňişleýin maksatnamasy boýunça Umbar deresindäki şaglawuk bilen tanyşlyk guraldy. Ol Türkmenistanyň iň uly we owadan şaglawuklaryň biri hasaplanýar, deräniň özi-de diýseň owadandyr, şol dereden aşaklygyna inip gaýdýan suw bu ýeriň gözelligini has-da artdyrýar. Bu ýerdäki kanýon örän dardyr we onuň daş diwarlary
aşaklygyna egilýär. Bu gün ekspedisiýa gatnaşyjylar tebigatyň bu ajaýyp künjegini üns berip synladylar hem-de onuň gidrogeologiýasy, daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsi barada ylmy maglumatlar topladylar.
Şeýle hem ekspedisiýa gatnaşyjylar Hojaýpiliň golaýyndaky Köýtendag döwlet goraghanasyna degişli ýere baryp gördüler, bu ýerde ýerli haýwanlaryň seýrek duşýan görnüşleri öslürilip köpeldilýär. Alymlar bu ýerde toplanan tejribe bilen tanyşdylar, şol tejribe türkmen ekologlarynyň, tebigaty goramak baradaky edaranyň işgärleriniň daşary ýurtly kärdeşlerinde uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem myhmanlar bu ýeriň haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän sergini synladylar, bu sergi goraghananyň işgärleri tarapyndan guraldy.
Ekspedisiýanyň Köýtende ýerleşýän binýadynda guralan “tegelek stoluň” başynda alymlar we bilermenler şu günki ekspedisiýanyň netijelerini jemlediler. Şol ýerde Köýten deresinde Milli biologik goraghanany döretmek hem-de ony UNESKO-nyň howandarlygyndaky geologik seýilgähleriň ählumumy ulgamyna goşmak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanyp geçirilen ylmy söhbetdeşlik netijeli we täsirli boldy, şonda sebitiň syýahatçylyk bilen bagly mümkinçiliklerine garaldy.
Ekspedisiýa öz işini dowam eder. Alymlar Köýtendagyň Kap-kotan gowagy we Daraýdere ýaly gözel künjeklerine baryp görerler, olaryň öwrenilmegi dogduk Diýarymyzyň tebigatyny aýawly saklamak we wagyz etmek, syýahatçylygy ösdürmek bilen baglylykda ylmy we amaly taýdan uly gyzyklanma döreder.