Ï Köýtendagyň ýerasty dünýäsiniň syrlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendagyň ýerasty dünýäsiniň syrlary

view-icon 1533
Halkara ylmy ekspedisiýasy Türkmenistanyň tebigatynyň täsin künjeklerini öwrenýär

“Türkmenistanyň tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilýän halkara ekspedisiýasy dowam edýär.

Şu gün ekspedisiýa gatnaşyjylar özleriniň Köýtendagyň ýerasty dünýäsi bilen tanyşlygyny Kap-kotan karst gowagyna baryp görmekden başladylar.

Köýtendagyň ýerasty gowaklarynyň owadanlygyny we uzynlygyny hasaba almak bilen, olary öwrenmek we wagyz etmek häzirki döwrüň speleologiýasynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Çünki bu ýerleriň gowaklary gaýtalanmajak häsiýete eýe bolup, dünýä möçberinde hem ähmiýeti uludyr.


Mysal üçin, Kap-kotan gowagynyň uzynlygy ýarym kilometrden geçýär we Ýer ýüzünde Köýtendagyň gowaklaryna taý gelip biljek gowaklar şeýle bir köp däldir. Şunda olar özleriniň köp sanly stalaktitleri, stalagmitleri, stalagnatlary, daşlardan emele gelen şekilleri, gymmat bahaly oniksden tutulary bolan ýerasty otagly köşklere meňzeşdir. Ägirt uly zähmeti talap edýän bu gaýtalanmajak gudraty ... adaty suwuň döredendigine ynanmak kyndyr. Onuň güýçli akymy müňýyllyklaryň dowamynda täsin galdyryjy şekilleri döredip, şeýle ajaýyplyklary emele getirdiler.

... Ir säher bilen ekspedisiýa gatnaşyjylaryň ulag kerweni özleriniň düşelgesinden Köýten obasyndaky künjekden senagat we durmuş özgertmeler babatynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hem meşhurlyga eýe bolan Garlyk şäherçesine tarap ugrady. Olar bu ilatly nokatdan geçip, Köýtendag goraghanasynyň Garlyk zakazniginiň çäklerine bardylar.

Bu ýerde, dag gerişleriniň we köp sanly jülgeleriň arasynda Köýtendagyň ýerasty dünýäsine syrly girelgeler ýerleşýär. Bu sebitde karst örän köp ýaýrandyr we ýerasty geçelgeleriň tutuş ulgamy bilen tapawutlanýar. Olaryň birinde bolsa şu görnüşdäki balyklaryň arasynda ýeke-täk hasaplanylýan köýten kör golesi-ýerasty derýalaryň täsin jandary, bu künjegi ylmy dünýäde meşhur eden balyk bar.

Ulag kerweni kert gaýalaryň gapdallary bilen ýoluny dowam edip, jülgeleriň biriniň depesinde saklandy. Soňra alymlar pyýadalap aşaklygyna düşdüler we Kap-kotan gowagynyň girelgesiniň öňünde saklandylar. Bu ýerde ekpedisiýa gatnaşyjylara tehniki howpsuzlyk boýunça zerur bolan düşündirişler berilýär. Olaryň öňünde ykjam çyralar ýakylýar we Köýtendagyň täsin galdyryjy owadan ýerasty dünýäsi açylýar.


Kap-kotan gowagy täsinliklere örän baýdyr. Gowagyň ilkinji zalynda täsin galdyryjy zatlaryň tutuş tapgyry: suwlary birinden beýlekisine täsin görnüşde akýan, öz gaýtalanmajak täsinligi binagärlik çözgüdi esasynda döredilen çüwdürimi ýada salýan kiçijik howuzlar garaşýar. Onuň üsti speleologlaryň çyralarynyň şöhlesine ýalpyldaýar.

Indiki zalda Aýazbabanyň we Akpamygyň tebigat tarapyndan döredilen “heýkelleri” bar. Bu ýerde täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlaryna meňzeş, örän bezemen “lybaslara” beslenen stalagmit heýkelleri örboýuna galýar. Bu zalyň diwarlary oniks bilen timarlanypdyr.

Şeýlelikde, Tagtly we Göwherli diýen “halk” atlary bilen hem özüne çekiji zallaryň tutuş toplumy gözelligi hem-de bezegleri boýunça köşkler bilen hem bäsleşip bilerdiler. Bu hakykatdan daş däldir. Sebäbi tebigat şunuň ýaly gaýtalanmajak täsinlikleri, şu gudraty döretmek üçin wagty we gymmatlyklary jomartlyk bilen eçilipdir. Olary hiç wagt we hiç ýerde tanymal binagär ýa-da suratkeş hem gaýtadan döredip bilmez.

Beýleki zallarda göýä diýersiň ägirt uly gadymy süýrenijileri, ekspedisiýa gatnaşyjylar tarapyndan bir gün öňýany öwrenilen dinozawrlar tekizliginden aşaklygyna inen haýwanlary ýada salýan daş heýkelleri görmek bolýar. Gowaklardan düzülen ýerasty zallara gutarma ýok. Olary öwrenmek üçin ençeme aýlar gerek bolardy.

Ýeri gelende aýtsak, gowaklary ilkinji bolup açanlar Köýtendagyň ýerasty dünýäsi baradaky maglumatlary ýygnamak üçin gowaklarda birnäçe hepdäniň dowamynda barlag işlerini geçiripdirler. Olaryň biri hem öz ömrüniň aglaba bölegini Köýtendagyň gowaklaryny öwrenmäge bagyş eden, Moskwanyň Geologiýa ylmy-barlag institutynyň ylmy işgäri Wladimir Malsew häzirki ekspedisiýa hem gatnaşýar.

Şu günki geçirilen barlag işleriniň netijesinde alymlar Kap-kotanyň töwerekleriniň we gowagyň geologiýasy, haýwanat we ösümlik dünýäsi, Köýtendagyň ýerasty gowaklary baradaky örän uly ylmy ähmiýeti bolan anyk maglumatlary topladylar.


Bir günüň dowamynda geçirilen barlag işleriniň jemleri ekspedisiýanyň Köýten obasynda ýerleşýän düşelgesinde agşam “tegelek stoluň” başynda, alymlar we hünärmenler tarapyndan jemlenildi. Bu ýerde alymlar Köýtendag goraghanasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek maksady bilen ýörite resminamalary taýýarlamagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar we sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerine seljerme berdiler.

Ekspedisiýa öz işini dowam edýär. Alymlar Jülgeleriň jülgesi ýa-da Daraý-dere diýlip atlandyrylýan ajaýyp jülgede ylmy-barlaglary geçirerler. Ony öwrenmegiň bolsa ülkämiziň tebigaty goramak we syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek nukdaýnazaryndan aýratyn uly ähmiýeti bardyr.