Ï Mekdepleriň uçurymlary hünär saýlap alýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdepleriň uçurymlary hünär saýlap alýarlar

view-icon 1127
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň „Derýaýollary“ önümçilik birliginiň 2-nji hünärment mekdebinde açyk gapylar güni geçirildi. Bu mekdep Lebabyň iri okuw mekdepleriniň biridir. Türkmenabadyň orta mekdepleriniň uçurymlary bu hünärment mekdebiniň işi baradaky serginiň önümleri bilen tanyşdylar, mekdebiň okuw, önümçilik we durmuş maksatly binalarynda bolup gördüler.

Ýaş oglan we gyzlaryň müňlerçeden gowragy her ýylda bu hünärment mekdebine okamaga gelýärler. Olar bir, bir ýarym ýyldan şturman, mehanigiň kömekçisi, elektrik, tokar, gaz bilen kebşirleýji, tikinçi ýaly hünärleri ele alýarlar. Oňat hilli abzallaşdyrylan ýöriteleşdirilen ussahanalaryň 10-sy, himiki-bakteriologiki barlaglary geçirmek üçin barlaghanalar, kompýuter otaglarynyň üçüsi bu mekdebiň okuwçylarynyň ygtyýaryna berilendir.

Bu mekdepde agşamky gysga wagtlaýyn okuwlar hereket edýär. Okuwçylara sapak bermegi Türkmenabadyň kärhanalarynyň we guramalarynyň tejribeli hünärmenleri alyp barýarlar. Bu okuwlarda mekdebiň gündüzki bölüminde okaýan okuwçylary hem goşmaça hünärleri ele alyp bilerler.