Şu gün, 28-nji maýda Türkmenabatda dünýäniň sekiz ýurdundan türkmen topragynyň bu gözel künjeginiň öwrenilmegi ugrunda bilelikde barlaglary geçiren alymlaryň gatnaşmagynda guralan halkara ylmy ekspedisiýanyň jemini jemleýän “Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahaty açylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu iri halkara çäresini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, UNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrligi, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Lebap welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde guradylar.
Maslahatda Türkmenistan bilen UNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna, şeýle hem Köýtendagyň tebigy hem-de geologiki ýadygärliklerine, onuň ähmiýetine ekologiýa we taryhy taýdan baha bermäge degişli meseleler bilen baglanyşykly çykyşlar bolar. Şeýle hem bu ýerleriň diňe bir dünýäniň alymlarynyň ünsüni çekmän, eýsem, ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini we dynç alşy guramak bilen baglanyşykly şertleri özünde jemleýän taraplary baradaky meseleler geçirilýän çäräniň gün tertibine giriziler. Mundan başga-da, ekspedisiýanyň barşynda toplanan barlag materiallaryna serediler, Köýtendagyň baý tebigy mirasy boýunça täze maglumatlary umumylaşdyrmagyň we künjegi öwrenmegiň meselelri ara alnyp maslahatlaşylar.
Öz işini tamamlan ekpedisiýa dünýäniň sekiz döwletinden , şol sanda ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan, Russiýadan tejribeli alymlar hem-de olaryň türkmen kärdeşleri gatnaşdylar. Ekspedisiýa gatnaşyjylaryň hatarynda tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça ýöriteleşdirilen paleontologlar, mineorologlar, speleologlar, botanikler, zoologlar, ekologlar hem-de UNESKO-nyň bilermenleriniň gatnaşandygyny bellemeli.
Alymlar we bilermenler barlag maksatnamasynyň iň soňky gününde Daraýy-dere jülgesine baryp gördüler we bu ýerleri öwrendiler. Geologlaryň barlaglary, jülgäniň haýwanat we ösümlik dünýäsini hasaba almak işleri geçirildi. Bu çäreler uzak günläp dowam etdi.
Daraýy-dere Köýtendagyň iň çuň we uzyn jülgeleriniň biridir. Onuň uzynlygy 18 kilometre barabar bolup, jülgäni gurşap alan daglaryň beýikligi 600 metre ýetýär. Olar millionlarça ýyllaryň dowamynda kemala gelip, barlagçylar üçin uly syrlary özünde jemleýär. Jülgäniň örän baý haýwanat we ösümlik dünýäsi bar. Bu ýerde köp sanly toýnaklylar, şol sanda burma şahly tekeler gyşlaýar. Jülgäniň köp sanly gatlaklarynda gardan-ýagmyrdan we çapgynly ýellerden goragly ösümlikler bar. Bu ýerdäki köp sanly guşlaryň mesgenini ganatlylaryň bazary diýip atlandyrmak mümkin.
Köýten obasyndaky binýatlaýyn düşelgede “tegelek stoluň” başynda geçirilen maslahatda ekspedisiýanyň jemi jemlenildi. Onuň barşynda halkara ylmy hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, UNESKO-nyň çäklerinde Köýtendagyň tebigy hem-de medeni baýlyklaryny düýpli öwrenmek hem-de sebitde syýahatçylygy ösdürmegiň ähmiýeti we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Öz işini tamamlan ekspedisiýanyň dowamynda alymlar we bilermenler Köýtendagyň has tapawutly täsinliklerini öz gözleri bilen gördüler we oňa mynasyp baha bermek, makalalarynda hem-de ylmy işlerinde dünýä jemgyýetçiligini giňişleýin habardar etmek maksady bilen, birnäçe ylmy-barlaglary geçirdiler.
Toplanan maglumatlar Köýten Milli geologiki seýilgähi bolan jülgäniň geljegine ser salmaga we onuň ählumumy geologiki seýilgähler ulgamyna goşulmagyna, Köýtendag goraghanasyny UNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizmek üçin zerur bolan maglumatlaryň toplanmagyna mümknçilik berer.
Öz işini tamamlan ekspedisiýa we şu gün öz işine başlaýan halkara maslahat Türkmenistanyň UNESKO bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmekdäki we biziň ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişliklerine goşulmakdaky möhüm ädimi bolar.
Türkmenistanyň, bilim, medeniýet we aragatnaşyk ýaly ileri tutulýan ugurlary özünde jemleýän bu abraýly halkara guramasy bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi dünýä jemgyýetçiligine türkmen halkynyň taryhy we köp taraply medeni hem-de ruhy mirasy, ajaýyp dessurlary bilen giňden tanyşmaga ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we howandarlygy bilen“Gadymy Merw—dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara maslahatynyň geçirilmegi durmuşa geçirilýän giň möçberli çärelere ägirt uly goşantdyr. Maslahat şu ýylyň 6-njy iýunynda 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäherinde geçiriler.
Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän wekilçilikli foruma Arkalaşyga agza ýurtlaryň belli alymlary gatnaşarlar. Olar gadymy Mary topragynda biziň ýurdumyzyň medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ýeten derejeleri, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanylýan taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we olary wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem UNESKO bilen sazlaşykly ösýän gumanitar gatnaşyklaryň netijeleri bilen tanşarlar.