Köýtendagyň täsinliklerine bagyşlanan halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady
Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde “Türkmenistanyň tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahaty öz işini tamamlady.
Köýtendagyň örän baý tebigatyny we gaýtalanmajak täsin künjeklerini öwrenmekde hem-de bu ugurda ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähmiýeti uly bolan köp günlük ylmy-barlag çäreleri tamamlandy. Oňa dünýäniň 20 ýurdundan alymlaryň 60-dan gowragy, olaryň türkmen kärdeşleri, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäreler 23-nji maýda Köýtendag sebitini öwrenmek maksady bilen daşary ýurt we türkmen alymlarynyň uly toparynyň gatnaşmagynda guralan halkara ylmy ekspedisiýanyň başlanmagy bilen badalga aldy. Onuň netijeleri geçirilen maslahatyň barşynda jemlendi.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen ylmy ekspedisiýany we halkara ylmy maslahatyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariýaty, ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrligi, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-da Lebap welaýatynyň häkimligi gurady.
Şu günüň birinji ýarymynda maslahatyň işi bölümleriň birnäçesinde geçirilen mejlisler bilen dowam etdirildi. “Köýtendagyň ösümlik we haýwanat dünýäsi” diýen bölümde türkmen we daşary ýurt alymlary sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek maksady bilen geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijeleri boýunça çykyş etdiler. Olar bu ýeriniň endemik balygy bolan, Köýtendagyň ýerasty suwlarynda ýaşaýan kör balygy, bu sebitde ajaýyp künjegi emele getiren gadymy ösümlik bolan unabi tokaýlygy hakyndaky maglumatlary seljerdiler. Şu bölümde maslahat gatnaşyjylaryň ylmy çykyşlarynda şeýle hem sebitiň öri meýdanlary we arça tokaýlyklary, kert dag gaýalary, dag howasynyň we ýerli derman ösümlikleriniň adamyň saglygyna edýän täsiri baradaky pikirler beýan edildi.
“Köýtendagyň mineral serişdeleri we ekologiýa” diýen mejlisde sebitiň senagat we syýahatçylyk boýunça özleşdirilişiniň geljegine, bu ýerde goralýan tebigy çäkleriň ulgamyny ösdürmek meselelerine, şeýle hem
Köýtendag minerallarynyň himiki we ýerasty mineral suwlaryň döreýiş aýratynlyklaryna we beýleki meselelere garaldy.
“Tebigy ýadygärlikler we olaryň ruhy medeniýetiň kemala gelmeginde hem-de syýahatçylygyň ösdürilmeginde eýeleýän orny” diýen mejlisde sebitiň täsin künjeklerini öwrenmek maksady bilen geçirilen barlag işleriniň netijeleri boýunça alymlaryň çykyşlary diňlenildi. Ýerli ilatyň maddy we ruhy medeniýeti baradaky etnografik barlaglar, rowaýatlar hem-de hekaýatlar, syýahatçylygyň dürli görnüşlerini, şol sanda speleologiýa, ekologiýa we etnografiýa syýahatçylygyny ösdürmegiň, syýahatçylyk pudagyna menejmentiň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak baradaky çykyşlar uly gyzyklanma döretdi.
Bölümlerdäki mejlisler tamamlanandan soň maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, ylmy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge ýardam berendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdiler hem-de Köýtendagy ylmy taýdan öwrenmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň we ony wagyz etmegiň zerurdygyny belläp, bu sebitiň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň geljekki desgasy hökmünde örän uly syýahatçylyk ähmiýeti bolan sebite öwrüljekdigine ynam bildirdiler.
Köýtendagy hemmetaraplaýyn jikme-jik öwrenmäge we onuň tebigy baýlyklaryny gorap saklamagy üpjün etmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugruny ýola goýan ylmy ekspedisiýany we halkara ylmy maslahatyny öz içine alan wekilçilikli forum tamamlandy. Geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijeleri bolsa bu sebitiň we tutuş ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň durmuşa geçiriljekdigine we bütindünýä mirasynyň sanawynda mynasyp orun aljakdygyna şaýatlyk edýär.