Ï 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günüdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä günüdir

view-icon 2925
Mähriban topragymyzyň we bütin dünýäniň tebigatynyň gözelliklerini artdyrmagyň hatyrasyna

Şu gün - 5-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi giňden belläp geçýär. Biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni alamatlandyrýan özgertmeler ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, Watanymyzyň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelligini artdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň netijeliligini hil taýdan täze derejä çykardy, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň global wezipelerini çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň işjeňligini şertlendirdi.


Milli tebigaty goraýyş ulgamy dünýäde umumy ykrar edilen talaplara we ülňülere laýyklykda ýyl-ýyldan has köp ugurly we netijeli häsiýete eýe bolýar. Türkmen tebigatynyň ajaýyp ýerleri döwlet goraghanalarynyň sekizisinde ygtybarly goralýar. Tejribäni görkezişi ýaly, türkmen ekologlary ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlyklaryny, türkmen tebigatynyň ajaýyp ýerlerini aýawly saklamak we goramak wezipesini üstünlikli çözýärler. Seýrek duş gelýän we gymmatly haýwanlaryň sanynyň artmagy, olaryň yzygiderli köpeldilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ylmy-barlag işleriniň geriminiň we uguralrynyň giňeldilmegi netijesinde türkmen ekologlary tebigy ekologiýa ulgamlaryny dikeltmegiň üstünde işjeň işleýärler-soňky ýyllarda ähli goraghanalaryň ýanyndaky nahalhanalarda we haýwanlaryň saklanýan ýerlerinde netijeli işler ýola goýuldy. Bu ýerde haýwanlaryň, ösümlikleriň seýrek duş gelýän we gymmatly görnüşleri saklanylýar we köpeldilýär, soňra bolsa olar tebigata gaýtarylyp berilýär. Galyberse-de, aýry-aýry tebigy goraýyş çäkleriniň arasynda haýwanat dünýäsiniň seýrek duş gelýän görnüşlerini alyşmak ýola goýuldy. Munuň özi olaryň köpeldilmeginiň genetiki durnuklylygyna oňyn täsir edýär.


Geçen ýyl Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji neşiri çapdan çykdy. Biziň ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki serişdeleri örän täsindir. Diýarymyzda ýerli ösümlikler we haýwanlar, aýratyn hem olaryň seýrek duş gelýän we gymmatly görnüşleri örän köpdür. Türkmenistan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini emele getiriji merkezleriň biri hasaplanylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda tebigaty goramak işi öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyrynyň bosagasynda dur. Şu ýyl aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen bu işiň hukuk binýady döredildi. Kanuna bütin dünýäde ykrar edilen tebigaty goramak çäkleriniň hereket etmeginiň ýörelgeleri girizildi. Olaryň işi halkara ülňüleriniň esasynda guralýar, olaryň “milli tebigy parklar” diýen derejesi ornaşdyryldy.


Türkmenistanyň kanunçylygy tebigatdan rejeli peýdalanmagyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine esaslanýar, ýerasty baýlyklary aýawly saklamaga we ulanmaga, daşky gurşawa ýaramaz täsiri aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň 2008-nji ýylda kabul edilen täze redaksiýasyna laýyklykda, türkmen döwleti ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, şeýle hem daşky gurşawy goramak hem-de dikeltmek maksady bilen tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar. 2009-njy ýylda tebigaty goramak kanunçylygynyň üsti ozon gatlagyny goramak hakynda Türkmenistanyň Kanuny we ozony dargadýan maddalaryň dolanyşygyny kadalaşdyrýan hukuk namalarynyň birnäçesi bilen ýetirildi. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Tokaý Kodeksiinň täze redaksiýasy kabul edildi. Ol tokaýlaryň goralmagyny we rejeli ulanylmagyny üpjün edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň balyk awlamak we suw biologik serişdelerini aýawly saklamak bilen baglanyşykly kanuny kabul edildi .

Ekologiki kanunçylygy özgertmek işi dowam etdirilýär, tebigatyň goralmagyny, ekologiýa howpsuzlygy, tebigatdan rejeli peýdalanmagy kepillendirýän hukuk gurallary kämilleşdirilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň biziň ýurdumyzyň tebigatynyň täsin künjeklerini öwrenmek we bütin dünýäde wagyz etmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolýar. Golaýda geçirilen “Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahat we Köýtendagyň tebigat baýlyklaryny we gözelliklerini düýpli öwrenmek üçin guralan halkara ylmy ekspedisiýa munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guraldy. Forumda tebigaty goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, ylmy-barlag işleriniň täze görnüşleri, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ekspedisiýanyň we maslahatyň işine dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 60-dan gowrak alym we olaryň türkmen kärdeşleri gatnaşdylar. Türkmenistan BMG-niň birnäçe konwensiýasyna-biologik köpdürlülik we çölleşmäge garşy göreşmek hakyndaky konwensiýalara, howanyň üýtgemegi hakyndaky Çarçuwaly konwensiýa, ozon gatlagyny goramak hakynda Wena konwensiýasyna, Bazel we Orhus konwensiýalaryna goşulyp, tebigaty goramak ulgamynda öz üstüne halkara borçnamalaryny aldy. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasatynyň strategiki häsiýete eýedigini tassyklaýar. Ýurdumyz konwensiýalaryň birnäçe protokolyna hem goşuldy.


Täze taryhy eýamda bu iş hil taýdan täze derejä çykaryldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan BMG-niň suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyna, biologiki howpsuzlyk boýunça Kartahen protokolyna (Biologiki köpdürlülik hakyndaky konwensiýa), Kopengagen, Monreal we Pekin düzedişlerine (ozon gatlagyny dargadýan maddalar boýunça Monreal protokolyna) goşuldy.

Türkmenistan Hazar deňziniň gurşawyny goramak hem-de Orta Aziýanyň durnukly ösmegi üçin daşky gurşawy goramak hakyndaky Çarçuwaly konwensiýalaryň bir tarapy bolmak bilen sebitleýin tebigaty goramak hyzmatdaşlygynda hem işjeň orun eýeleýär. Biziň ýurdumyz tebigaty goramak bilen baglanyşykly bu möhüm resminamalary işläp taýýarlamaga gönüden-göni gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan “Rio+20” duşuşygyna işjeň gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu duşuşyk 2012-nji ýylyň 20-22-nji iýunynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriler. Ýurdumyz şeýle hem häzirki wagtda bütin adamzadyň öňünde durýan global ekologiki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly örän ähmiýetli başlangyçlary dünýä bileleşigine hödürlemegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, biziň ýurdumyz BMG bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitleýin merkezi döretmegi teklip edýär.

Türkmenistan halkara tebigaty goramak işine işjeň gatnaşyp, täze önümçilikleriň we desgalaryň ekologiki howpsuzlygyna aýratyn üns berýär, gaýtadan işleýän senagaty toplumlaýyn döwrebaplaşdyrýar. Şol senagata bolsa ekologiýa taýdan arassa iň häzirik zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň, onuň düzümleýin edaralarynyň, welaýatlaryň tebigaty goramak baradaky müdirlikleriniň, ýöriteleşdirilen “Kaspekogözegçilik” gullugynyň üstüne örän wajyp wezipeler ýüklenildi. “Kaspekogözegçilik” gullugy Hazaryň täsin tebigy gurşawynyň aýawly saklanylmagyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen bölegi ekologiýa taýdan örän arassadyr. Şu geçirilýän çäreler Hazaryň türkmen kenarynda şypahana ulgamyny giň gerimde ösdürmek üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar, täze tokaýlar, Köpetdagyň eteginde we paýtagtymyzyň daş-töwereginde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, uly we kiçi ilatly ýerlerde giň möçberli tokaý zolaklary döredilýär. Häzirki wagtda şol ynsan elleri bilen döredilen tokaýlarda eýýäm saýa salyp duran baglaryň millionlarçasy ösüp otyr. Giň möçberli bag oturtmak çäresiniň geçirilmegi ajaýyp däbe öwrüldi .Şol çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar. Şu asylly işlere ýurdumyzyň guramalarynyň we edaralarynyň örän köp sanlysy çekilýär, olara türkmenistanlylaryň ählisi gatnaşýarlar. Bu işde raýatlarymyz ata-babalarymyzyň ýol gurmakda we agaç ekmekde sogap bar diýen pähiminden ugur alýarlar. Bu ägirt işleri ýurdumyzyň tebigaty goramak edarasynyň düzümindäki ýöriteleşdirilen tokaý hojalygy müdirligi utgaşdyrýar. Tokaý tohumçylyk we tebigy seýilgähleri goramak baradaky gözegçilik edarasynyň hem ähmiýeti örän uludyr. Onda giň möçberli barlag işleri geçirilýär we tebigy tokaýlary dikeltmek we aýawly saklamak boýunça çäreler görülýär.

Türkmen kölüni döretmek boýunça ägirt uly taslama oazislerde we olaryň töwereklerinde ekologiki ýagdaýy düýpli gowulandyrmaga, şeýle hem çölüň jümmüşinde täze oturymly ýerleri döretmäge mümkinçilik berýär. Häzir bu taslamanyň ikinji nobatdakysy durmuşa geçirilýär.

Tebigaty goramak işinde alymlaryň tutýan orny hem uludyr. Ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrliginiň düzümine girýän Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi mili instituty uly ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Alymlar özleriniň ylmy işlerinde häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna, mähriban ülkämiziň tebigatyna örän belet bolan ata-babalarymyzyň köp asyrlyk tejribesine esaslanýarlar.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanylyp, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda uly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Mysal üçin, şu gün paýtagtymyzdaky kaşaň “Prezident” myhmanhanasynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň tebigatyny goramak ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirilýär. Ol döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde “Türkmen tebigatynyň gözelligi” atly foto sergi açylýar. Onda mähriban topragymyzyň gözelligi, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy barada gürrüň berýän iň gowy foto suratlar görkeziler.

Agşam bolsa “Altyn asyr” seýilgähinde aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan baýramçylyk konserti garaşýar. Baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçiriler.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň esasy maksady mähriban topragymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmekden, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny dikeltmekden, olara mukaddeslik hökmünde garamakdan ybaratdyr. Türkmenistan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi tebigaty goramak ulgamynda anyk işler bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň bütin dünýäde tebigatyň gözelligini aýawly saklamak baradaky başlangyçlary dünýä bileleşiginde mynasyp goldaw tapýar.