Ï Margiana – açyşlar we syrlar ýurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Margiana – açyşlar we syrlar ýurdy

view-icon 5251
Şu ýyl Goňurdepäniň - Margiananyň patyşalarynyň we hudaýlarynyň şäheriniň üstüniň açylmagyna 40 ýyl dolýar. Ony taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak öwrenmek we durkuny täzelemek boýunça Türkmenistanyň Milli müdirliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň etnologiýa we antropologiýa institutynyň bilelikdäki taslamasy bolup durýan häzirki wagtda Margiana ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk edýän W.I. Sarianidi öz türkmen kärdeşleri bilen bilelikde açdy.

- Wiktor Iwanowiç, Goňur Barada giňişligiräk aýdyp beräýseňiz !

- Ýeriň we çägeligiň aşaky gatlaklarynda megerem Marguş ýurdynyň esasy ýaşalaýan ýeri bolan - bir wagtlar uly bolan şaheriň harabaçylygy eýýäm işleriň ilkinji iki ýylynyň içinde belli boldy. Eýýäm 1970-nji ýyllaryň ortalarynda Murgap derýasynyň gadymy akym ugurlarynyň sebitlerinde 100 töweregi ýaşalan ýerleriň açylandygyny aýratyn nygtasym gelýär. Olardan häzire çenli birnäçesi: Goňurdepe, Togolok-1, Togolok 21, Ajyguýy 8 we 9, Kelleli we Tahyrbaý gazylyp tapyldy.


Öwrenilen ýadygärlikleriň arasynda Goňur özüniň ululygy we tapylan tapyndylary bilen tapawutlandy. Esasy zat bolsa – ol adaty şäher däl. Öz wagtynyň ölçegleri boýunça uly bolandygyna garamazdan (onuň umumy meýdany 25 gektar töweregidir) onda diňe hökümdar ýaşapdyr, mümkin onuň maşgalasy hem ýaşandyr. Esasy çäk üç hatar diwaryň içinde ýerleşýär, olaryň ikisiniň gorag diňleri bolupdyr, olaryň iň ýakynynda bolsa, ybadathana we dini däp-dessurlary berjaý edilýän toplum ýerleşipdir. Mundan hem şäher diňe patyşalar üçin gurlupdyr, ýurdyň ýaşaýjylary bolsa, bu ýere däp-dessurlary berjaý etmek üçin ýygnanypdyrlar diýen netijä gelmek bolýar. Hazirki wagtda dünýäde şeýle şäherleriň bary-ýogy birnäçesi bar.

- Wiktor Iwanowiç, Marguşyň çäklerinde nähili adamlar mesgen tutupdyrlar?

- Indi ylmy jemgyýetçilik tarapyndan gadymy siwilizasiýanyň merkezi diýlip ykrar edilen ajaýyp Marguş ýurdyny döredijileriň kimlerdigi köpleri gyzyklandyrýar. „Gelmişekler“ diýen jümläni häli-şindi eşitmek bolýar. Bu babarda men öz nukdaýnazarmy düşündirmek isleýärin. Hawa, Murgap derýasynyň ugurlaryna bu adamlar b.e. öňki 3-nji müň ýyllykda gelipdirler. Öň Murgabyň gadymy ugurlary bolan Goňurda-da, Kelilde-de, Togolokda-da, beýleki sebitlerde-de hiç kim ýaşamandyr. Umuman, adamlar şol bir ýerde üznüksiz ýaşap bilmeýärler. Sebäbi olaryň sany köpelýär, tebigy serişdeler bolsa çäkli bolýar. Haçan-da çagalary iýmitlendirmäge hiç zat bolmasa, mallar üçin ot-iým ýeterlik bolmasa, onda adamlar özleri üçin amatly ýerleri-çäkleri gözlemek üçin ýola düşýärler. Margiana ilat nireden geldi? Bu-başga mesele. Bu ýere gelenleriň köpüsiniň Köpetdagyň demirgazyk dag etekleriniň ýaşaýjylarydyr diýip, men hasap edýärin. Muňa Goňurdepeden we Altyndepeden tapylan keramika gap-gaçlary şaýatlyk edýär.


Ýöne marguşdan tapyndylar bu ýurduň gadymy Ýakyn Gündogaryň Hind derýasynyň we hindi subkontinentiniň sebitleriniň ýaşaýjylary bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyna şaýatlyk edýär. Meselem, goňuryň köşgi Siriýada, gadymy Elamda gurulan köşkleriň gurluşygynda ulanylan köp sanly arhitektura alamatlary bilen gabat gelýär.

Goňurdaky patyşalaryň we has baý adamlaryň guburlary ýerasty öýler şekili görnüşinde bolupdyr – hut şeýle görnüşdäki guburlar Ýakyn Gündogar üçin hem mahsusdyr.Ýöne, eger-de Margianda has ýaýran (bilinýänleriniň ählisiniň 80 göterimi) şular ýaly guburlar barada gürrüň edilse, onda olar Türkmenistanda häzire çenli ulanylýan ýerasty guburlar bolupdyr.

Şol wagtky dünýaniň öňdebaryjy merkezlerinden ilatynyň hereketi, medeni hyjuwy gürrüňsiz bolupdyr. Ýöne, tebigy şertler we hojalyk ýagdaýlary sebäpli b.e. 3-nji müňýyllygyň ahyrlarynda häzirki zaman Türkmenistanyň çäklerine gelen adamlar şol ýerde ýaşan taýpalar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyrlar. Haýsydyr bir zatlary olara öwredipdirler ýa-da olardan öwrenipdirler. Täze ýerde, ilki Köpetdagyň eteklerinde, soňra gündogara hereket etmek bilen, olar biziň- arheologlaryň Baktriýa-Margiana arheologiki toplum diýip atlandyran özboluşly, özbaşdak medeniýeti döredipdirler. Bu gürrüňsiz häzirki türkmen halkynyň ata-babalarynyň medeniýeti bolup durýän örän ýokary medeniýetdir. Muny antropologiki maglumatlar hem tassyklaýar. Antropolog N.A. Dubowanyň we onuň işdeş ýoldaşlarynyň antropolog gözlegleriniň görkezişi ýaly, häzirki türkmenler üçin mahsus bolşy ýaly, olaryň daşky keşpleriniň binýadynyň dürli-dürliligi hut bürünç eýýamynda, ýagny Marguş ýurdunyň bar döwründe emele gelipdir. Soňraky 3-4 müň ýylda oňa türkmen topragyna türk dilini getiren diňe oguz alamatlary goşulypdyr.


- Wiktor Iwanowiç, artefaktlaryň nähili tapylandygy barada aýdyp berseňizläň. Olar alymlaryň Türkmenistanyň gadymy topragy baradaky pikirlerine täsir edip bilermi?

- Şu ýyl biz ýadygärligiň demirgazyk-günbatar tarapynda onuň diwarlarynyň üçünji hatarynyň çäklerinde uly bolmadyk depäni gazyp başladyk. Öňler diwardan daşary hiç-hili gurluşyk ýok ýaly bolup görünýärdi. Ýöne gazuw işleri munuň beýle däldigini görkezdi. Bize uly bolmadyk täsin ýaşaýyş toplumyny we ajaýyp guburlaryň birnäçesini tapmak başartdy. Olaryň öňki tapylan beýleki guburlardan tapawutlanýan ýeri, ilkinji nobatda, olaryň örän uly ölçegleridir (uzynlygyna 5-6 m.). Ynha indi gadymy döwürde jaýlanan adamlaryň we haýwanlaryň guburlaryndan keramiki gap-gaç, ýakylan toýundan ýasalan uly bolmadyk şekiljagazlar, owunjak bölejikler, hat-da abat saklanyp galan kümüşden ýasalan önümleriň birnäçesini, gadymýetde talaňçylar tarapyndan äkidilen altyndan ýasalan bezegler tapyldy. Meselem, biz altyndan ýasalan uly bolmadyk konus şekilindäki ilikleri, altyndan ýasalan örän owadan şelpäni, altyndan ýasalan örän inçejik halkajygy, zynjyrjygyň galyndysy bolaýmagy mümkin, tapdyk. Ynha şol guburyň düýbünde saýgagyň uly bolmadyk şekili ýatyrdy (uzynlygy 4 sm.çenli). Onuň ýüz tarapy altyndan ýasalypdyr, arka tarapy bolsa – kümüşden. Gadymy döwrüň ussalary bu kiçijik görnüşdäki haýwanjygyň aýaklarynyň arasynda ýa-ha ýürege meňzeş, ýa-da hindi ösümligi bolan pipalanyň ýapragyna meňzeş birýuzadan ýasalan şekili ýerleşdiripdirler.


Munuň Margiananyň sungatynda bu haýwanjygyň şekiliniň ilkinjidigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu şekiljigiň gazuw işleri geçirilen wagtynda diňe haýwanlaryň jaýlanan ýerinden tapylmagy ähmiýetliidir. Ýogsa-da, şu ýylyň dowamynda geçirilen işleriň netijesinde tapylan altyndan ýasalan zatlaryň ählisi diýen ýaly şu ýerden başlanýar. Onuň golaýynda ýerleşýän adam jaýlanan guburdan altyndan ýasalan bölejikleriň hiç biri hem tapylmady. Haýwanlaryň jaýlanylmagy – Marguş ýurdunyň ilatynyň medeniýetiniň örän täsin we ajaýyp aýratynlygydyr. Adamlaryň haýwanlary uly hormat bilen jaýlamaklary nämäni aňladýadygyny häzirlikçe alymlara bilmek başardanok. Şeýle gadymy döwürlerde Orta Aziýanyň beýleki ýadygärlikleriniň birinde hem goýunlary, itleri, eşekleri ýa-da öküzleri jaýlamak däbiniň bolandygy belli däl.

Beýleki möhüm tapyndy uly bolmadyk gubur jaýynyň otaglaryndan adam süňküniň we onuň öňündäki jaýyň binýadyndan tapylan itleriň we goýunlaryň galyndylarynyň tapyndysydyr. Bu – oturan maýmynyň ussatlyk bilen şekillendirilen ajaýyp heýkeljagazdyr. Margianada maýmynyň heýkel şekiliniň bolmandygynyň mälim däldigini ýene-de bir gezek aýtmak hökmandyr. Ol hem, piliň süňkünden ýasalan beýleki önümleriň hem köp sanlysynyň bolmagy Hind derýasynyň sebitleri bilen ýakyn aragatnaşyklaryň bolandygyny aňladýar. Türkmenistanyň çäklerinden piliň süňkünden ýasalan zatlaryň Hindistanyň özünden tapylandan köpdügini men bilýärin. Sebäbi bu ýerlerde piller Hindistandaky ýaly ýaşamandyrlar-a. Şonuň üçin hem gadymy döwürlerde Türkmenistanyň we Hinidistanyň gadymy çäkleriniň arasynda söwda, medeni gatnaşyklaryň örän uly bolandygyny aňladýar. Täjirler üçin gymmat bahaly zatlary aňryk ýa-da bärik daşamak kyn bolmandyr.


Mundan hem başga, biz ýene-de toplanan täsin zatlary tapdyk. 20 inedördül metr töweregi çäklerden keramiki bölekleriň köp bölegini, käbir ýagdaýlarda medeni gap-gaçlaryň ýörite döwülen böleklerini hem-de örün köp mukdarda daş böleklerini tapdyk. Şonuň üçin hem, çöllükde daşy gözläp tapyp bolmaýandygy sebäpli, hut şu ýagdaý bizi örän gyzyklandyrdy. Diýmek olar haýsydyr bir iş üçin ýa-da sandal, gyrgyç, soky daşlary ýaly dürli gurallar hökmünde ulanmak üçin bu ýerlere getirilipdir. Medeni gap-gaçlar giň, uzyn bolmadyk keramiki önümler bolup, olaryň ýakylmazyndan ozal böwür diwarlarynda suratlar şekillendirilipdir: ortasynda beýik daragtyň şekili, onuň gapdal böwründen köplenç goýunlar ýa-da geçiler şekillendirilipdir. Şu möwsümde tapylan medeni gap-gaçlaryň iki aýratynlygy bar: birinjiden, olaryň birinde goýunlaryň deregine bagyň gapdalynda iki ökürçli düýeler ýelmenipdir, beýlekisinde bolsa, bagyň her gapdalynda duran iki sany goýun ýelmenipdir, gap-gaçda haýwanyň şekili diňe bir gapdalynda şekillendirilipdir.


Biziň uly bolmadyk otagyň içinden bölekler boýunça toplan gap-gaçlarymyzdan başga ýalaňaç görnüşdäki erkek adamynyň toýundan ýasalan şekili hem tapyldy. Gap-gaçlar ýaly, bu heýkeljik hem ýörite birnäçe böleklere bölünen görnüşde bu otagyň dürli ýerlerinden tapyldy. Şular ýaly önümleri böleklere bölmek we olary çar tarapa dargytmak bu ýerde haýsydyr bir çylşyrymly däp-dessuryň geçirilendigine şaýatlyk edýär. Bu çägiň edil golaýyndan bize Türkmenistanyň häzirki tugrasy ýaly bürünçden ýasalan ajaýyp tegelek görnüşdäki sekiz burçly möhüri tapmak başartdy.


Onuň umumy şekili ýüze çykan badyna, işçiler begenişip, gaty gygyryşyp, bizi şol ýere çagyrdylar. „Serediň, bu biziň tugramyz, bu biziň tugramyz“. Hakykatdan hem, onuň ýokarky ýüzi garaşsyz Türkmenistanyň tugrasyny ýada salyp duran onuň merkezinden yzygiderlilikde çar tarapa uzaýan sekiz burçlukdan ybaratdy.

Gadymy marguşlylar şular ýaly möhüri nähili ulanypdyrlar?

- Şular ýaly möhürler Marguş ýurdunyň medeniýetiniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Olar dürli ýurtlaryň alymlary tarapyndan öwrenilýär. Marguş ýurdunda möhürler ilkinji nobatda zenan maşgalalara degişli diýlip hasap edilipdir. Olar ony boýnundan ýa-da biliniň töwereginden asypdyrlar hem-de biziň häzirki möhürlerimiz ýaly maksatlar üçin ulanylmandyr. Bu möhür – doga tumar öý hojalykçy zenan we onuň maşgalasy üçin gözden-dilden goraýan serişde hökmünde ulanylypdyr. Marguşlylar möhürlerdäki şekiller bilen bet gylykly güýçleri öýden kowmaga, ätiýaçlyk däneleriň, mallaryň zaýalanamagyna garşy ulanmaga çalşypdyrlar. Bu maksatlar üçin, meselem, däne saklanylýan gaby taýýarlamak bilen, ony peçde ýakmazdan ozal, uly humuň böwründe şoňa meňzeş yz goýupdyrlar. Şeýle maksatlar üçin beýleki gap-gaçlarda hem mukaddes baglar, haýwanlar, jadyly belgiler suratlandyrylypdyr.

- Goňurdan iň soňky tapan tapyndylaryňyz barada hem aýdyp beräýseňiz!


- Hawa, bu margian sungatynyň hakyky ajaýyplygy... Biziň ekspedisiýamyzyň işiniň iň soňky tapgyrynda gadymyýetde doly talanan Goňuryň günortasyndaky guburlaryň birinden biziň işçilerimiz bürünçden ýasalan üçburçly plastinany tapdylar. Onda daga dyrmaşyp barýan dag goçlarynyň bäşisi şekillendirilipdir. Ol – Baktriýa-Margiana arheologiki toplumynyň sungatynyň täsin we ajaýyp nusgasy bolup durýar. Şunuň ýaly owadan plastinany biz häzirki wagta çenli bilemzok. Bu döşe dakylýan bezeg şaýyny, ol görnüşi boýunça ýaňy-ýakyna çenli zenanlaryň dakynan şaý-sepi bolan tumary ýatlatsa-da, Margianada erkekler dakynypdyrlar. Bu kümüşden ýasalan plastina örän ýuka, 2 mm töweregi galyňlykda ýasalypdyr. Özi hem onuň köp ýeri zaýalanypdyr. Ýöne gadymyýetde kümüş gyzyladan gymmat zat hasap edilipdir. Birnäçe müň ýyllyklar geçenden soňra bu artefakty tapmak bize miýesser etdi. Bu adaty däl bezeg şaýynyň tapylandygy üçin men örän şatdyryn. Häzir biziň „Gadymy Merw“ döwlet taryhy-medeni goraghanasyndan gelen dikeldijimiz öz Luwradan gelen kärdeşi bilen bu plastinany dikeldýärler. Sebäbi bu tapyndy arassalanylmasa we onuň kümşi berkedimese ol örän tiz zaýalanýar. Şondan soňra, gerek bolan çäreler geçirilenden soňra, biz olary Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine bereris.