Ï Aşgabatda innowasiýa tehnologiýalaryna bagyşlanan halkara maslahat açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda innowasiýa tehnologiýalaryna bagyşlanan halkara maslahat açyldy

view-icon 1340
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Halkara ylmy maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Halkara sergisi we ylmy maslahat däp boýunça şanly sene bolan Ylymlar gününe bagyşlanyldy. Ol nobatdaky gezek häzirki zaman Türkmenistanyň ylmy-tehniki ösüşe tarap alan syýasy ugruny maksat edinýändigini tassyklaýar. Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garaşsyz bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagynda bu maslahatyň aýratyn ähmiýetini nygtap, onuň ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ösüşiniň esasy netijelerini görkezmek bilen bir hatarda, dünýäniň umumy ösüşine öz täsirini ýetirýän ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça halkara hyzmtadaşlygyny pugtalandyrmakda we giňeltmekde özara tejribe alyşmakda örän uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz Türkmenistan Watanymyzy senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmelere esaslanýan ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirmek bilen, ilkinji nobatda, ylym ulgamynyň möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan wezipeleriniň çözülmegine, ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna hem-de döwrebap tehnologiýalary çekmek, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek arkaly ylmy-tehniki işiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine aýratyn üns berýäris. Biziň bu ugurdaky baş maksadymyz halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekden, alymlarymyzyň täze ylmy açyşlarynyň, oýlap tapmalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini hem-de ýurdumyzyň ylym ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny gazanmakdan ybaratdyr” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilýär.

Muňa köp babatda şu gün türkmen paýtagtynda açylýan halkara ylmy maslahat ýardam eder. Türkmenistanyň ylym we tehnika, bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini, innowasion işläp taýýarlamalar babatda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini görkezmäge, şeýle hem esasy daşary ýurt kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň önümleri hem-de hyzmatlary bilen tanyşmaga, hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary guramaga mümkinçilik berýän köp pudakly häsiýeti bu maslahatyň tapawutly aýratynlygydyr.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda nebitgaz pudagynda, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary agtarmak we çykarmak, gurluşyk, lukmançylyk hem-de himiýa senagaty, ulaglar we aragatnaşyk ulgamlary, maglumat beriş-aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de bilim maksatnamalary, kompýuter tehnikasy we mikroelektronika, interaktiw enjamlar, daşky gurşawy goramak, edara tehnikasy hem-de enjamlary babatda öz ylmy işläp taýýarlamalaryny, innowasiýalary we nou-haulary hödürleýän ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalary bar. Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmtadaşlary bolan hem-de Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlary we ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän köp sanly kompaniýalar bar.

Dürli ministrlikler, olaryň garamagyndaky ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezler, taslama guramalary, ýurdumyzyň esasy ylmy-tehniki kuwwaty jemlenen pudaklaýyn ylmy kärhanalar öz işlerini görkezýärler. Bu ýerde Türkmenistanyň halk hojalygynyň öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmagy netijesinde gazanan üstünlikleri bilen tanşyp bolýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny ösdürmäge, şeýle hem taryhy, medeniýeti, milletimiziň baý ruhy mirasyny öwrenmäge gönükdirilen öz ylmy üstünliklerini görkezýän Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlary öz işleri bilen giňden tanyşdyrdylar. Eýýäm neşir edilen, şeýle hem neşir etmäge taýýarlanylan täze ylmy we çeper eserler bolan diwarlyklar gyzyklanma döretdi, olaryň hatarynda türkmen halkynyň taryhyna we halk döredijiligine bagyşlanylan ylmy işler, Arheologiýa we etnografiýa instituty, Taryh instituty, Milli Golýazmalar instituty hem-de Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty tarapyndan neşir etmäge taýýarlanylan rowaýatlar, powestler, ertekiler, türkmen nusgawy ýazyjylarynyň eserleri bar.

Sergide ilkinji gezek hödürlenen türkmen dilçi alymlarynyň türkmen diliniň ýazuw kadalaryna bagyşlanylan düýpli işleri, şeýle hem birnäçe sözlükler hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi, olaryň hatarynda garşydaş sözleriň, manydaş sözleriň sözlükleri, edebi gepleşigiň düzgünleriniň sözlükleri, şeýle hem türkmen diliniň iki jiltlik düşündiriş sözlügi bar. Çapdan çykandan soň bu neşirleriň dilçiler, mugallymlar we tutuşlygyna alnanda okyjylar üçin gymmatly sowgat boljakdygy şübhesizdir.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň pawilýonlarynyň öňi köp adamly boldy, şolarda okatmagyň häzirki zaman serişdeleri, bilim ulgamyna ornaşdyrylýan ýokary kompýuter tehnologiýalara aýratyn orun berildi, munuň özi bilim ulgamynda türkmen döwletiniň ösüşiniň täze tapgyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän uly möçberli özgertmeleri äşgär beýan edýär. Ýokary okuw mekdepleriniň ekspozisiýalarynda ýaş nesli okatmak we terbiýelemek babatda diňe bir dünýä meýilleri däl, eýsem, halk mugallymçylygynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli däpleri, urp-adatlary we aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Bu ýerde okuw-usulyýet edebiýaty, gollanmalar we enjamlar görkezilýär.

Türkmenistanyň häzirki zaman lukmançylygynyň gazanan üstünliklerine giňişleýin ekspozisiýa bagyşlanýar, olary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ýurdumyzyň esasy ylmy-kliniki lukmançylyk edaralary, şeýle hem Ýewropanyň esasy lukmançylyk kompaniýalary görkezýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde ylym dünýäsinde giňden ýaýran kitaplary, ylmy - usulyýet edebiýatlary, ylmy-barlag institutlarynyň we klinikalaryň alymlarynyň işläp taýýarlamalary giňden hödürlenildi.

Täze tehnologiýalary işjeň we üstünlikli özleşdirýän hem-de ýurdumyzyň bazarynda öz işini giňeldýän hususy telekeçileriň işleri hem özüne çekijidir.

Mahlasy, Sergi merkezinde ýaýbaňlanan ekspozisiýalar bu ýere gelýänlere döwletimiziň ylmy ösdürmäge, onuň düzümlerini kämilleşdirmäge, ylym we innowasion tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döretmäge berýän işjeň goldawyny görmäge mümkinçilik berdi.

Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň mejlisler zalynda halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy, oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň esasy ylmy merkezleriniň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Ylmy maslahatyň giriş mejlisinde Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Awstraliýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan gelen görnükli alymlar çykyş etdiler. Olar häzirki zamanyň düýpli we amaly ylmyny ösdürmegiň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Giriş mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ylmy-bilim ulgamyndaky özgertmeleriniň netijeliligi nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar dünýä ylmyny ösdürmegiň bähbitleri üçin halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatdaky pikiri aýtdylar.

Ertir “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisi we ylmy maslahat öz işini dowam eder.