Şu gün häzirki zamanyň ählumumy wezipelerini, şol sanda bosgunlar bilen bagly meseleleri çözmekde Türkmenistanyň we BMG-niň köpugurly gatnaşyklarynyň çäklerinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary bilen duşuşygy geçirildi. Onda geljekki ýaş türkmen hünärmenleri bu möhüm meselede toplanan dünýä we milli tejribesi bilen tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ileri tutulýan halkara wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýar we häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürüp, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen giň hyzmatdaşlyk etmek nukdaýnazaryndan üýtgewsiz çykyş edýär.
BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy hökmünde saýlanan biziň ýurdumyz dünýä bileleşiginiň bilelikdäki tagallalaryna öz mynasyp goşandyny goşýar, bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýar.
Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjyna laýyklykda şu ýylyň maý aýynda biziň ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahat bu ugurda nobatdaky ädim boldy. Ol milli Liderimiz tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürüldi we halkara bileleşiginde oňyn seslenme döretdi.
Gumanitar meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň ençemesine, şol sanda “Bosgunlaryň derejesi hakynda” BMG-niň Konwensiýasyna hem-de onuň Teswirnamasyna, şeýle hem “Apatridleriň derejesi hakynda” BMG-niň Konwensiýasyna goşulan döwlet hökmünde Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň wekilhanasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň ençemesini işjeň amala aşyrýar.
Her ýylyň 20-nji ýunynda tutuş dünýäde bellenilýän Bosgunlaryň Bütindünýä gününe gabat gelen şu günki duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar bosgunlaryň meselelerini çözmek we degişli uzakmöhletleýin çäreleri işläp taýýarlamak boýunça umumdünýä iş tejribesini kämilleşdirmek bilen bagly esasy mesellere bagyşlanan çykyşlar we wideofilmler bilen tanyşdyryldy.