Ï Adaty fitoterapiýa täze garaýyş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adaty fitoterapiýa täze garaýyş

view-icon 1303
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dermanlyk ösümlikleri institutynda fitoserişdeleriniň tapgyryny we täze tehnologiýalar hem-de adaty fitoterapiýanyň gadymy usullary esasynda bejeriş ýygyndylaryny işläp taýýarladylar we önümçilige ornaşdyrdylar. Alymlar ýabany ösýän we ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini kesgitleýärler.

Bugdaýyň dürli görnüşiniň bitewi dänesiniň we onuň ösüş döwründäki himiki, biohimiki we farmakologiki görkezijileri öwrenilýär. Meselem, institutyň alymlary türkmen seleksionerleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan ýumşak bugdaýyň çalt ýetişýän we hasylly görnüşi bolan „Bitarap“ görnüşiniň azyndan 13-14 göterim belogynyň bardygyny we adamyň saglygy üçin peýdaly bolan, häzirki wagtda möhüm bolan biogen serişdelerini taýýarlamak üçin çeşme bolup durýandygyny aýdyňlaşdyrdylar. Bugdaýyň şinesiniň düzümindäki işjeň düzümleriň ählisiniň saklanyp galmagy üçin institutda ýylylyksyz işlenilip taýýarlanylan ýedi günlük şinesinden ýag ekstraktyny taýýarlamagyň tehnologiýasy synagdan geçirildi.

Alymlar birnäçe görnüşli üzümiň çigitleriniň äýratynlyklaryny öwrenmek bilen, gelejekde olaryň esasynda mineral serişdelerini goşmak bilen, adam bedeninden zyýanly maddalary çykarýan, garyn-içege ýollaryndaky birnäçe keselleriň öňüni alyşy we bejerişi üpjün etmek boýunça çäreleri özlerine wezipe edinip goýdylar. Şeýle hem geçirilen gözlegler ýerli üzümiň ekologiki taýdan arassadygyny tassyklady. Gelejekde – üzümiň çigidinden taýýarlanan ekstraktlary, gara üzümleriň düzümindäki antioksidantlaryň aýratynlyklaryny öwrenmek meýilleşdirilýär.Ýerüsti noýbadan we wignadan süýjüligi peseldýän serişdeleri taýýarlamagyň mümkinçiliklerini öwrenmek gözlegleriň täze ugurlary boldy.

Häzirki wagtda Derman ösümlikleri institutynda biotehnologiýa we organiki serişdeleriň barlaghanasy döredilýär. Seýrek duş gelýän ösümliklerden biomassany almak, şeýle hem ýylyň dürli döwrüne bagly bolmadyk we iň ýokary derejede baýlaşdyrylan biologiki işjeň maddalary bolan dermanlyk ösümlikleri „ýörite gapda“ ösdürip ýetişdirmek bu barlaghananyň wezipesi bolup durýar. Gelejekki barlaghanany üpjün etmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça Ylymlar akademiýasynyň goldamagy bilen birlikde Yslam ösüş banky tarapyndan bäsleşik esasynda Instituta bölünip berilen pul kömegi hem ulanylar.