Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde eden çykyşynda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek ýaly nobatdaky möwsümi geçirmek boýunça jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi. Milli Liderimiz bu işe dahylly ähli ýolbaşçylara aýratyn duýdurmak bilen, çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde, açyklyk ýagdaýynda we düzgün bozmalaryň bolmazlygy hem-de çäräni ýörite düzgün esasynda geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Biziň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlar gelmelidirler. Olar döwrebap we ýokary hilli bilim almalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Bu möhüm kompaniýany talabalaýyk derejede guramak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekip, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmek boýunça Döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Döwlet toparyna 2012-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň guramaçylyk-usuly gollanmasynda görkezilişi ýaly, möwsümi kada laýyk guramak we ony geçirmek tabşyryldy. Welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimliklerine talyplary ýurdumyzyň ýokary we otra hünär okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça iş toparlarynyň sazlaşykly işi üçin göwnejaý şertleri döretmek barada zerur çäreleri durmuşa geçirmek tabşyryldy.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary we orta okuw hünär mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmek, Türkmenistanyň “Bilim hakyndaky” Kanunyny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek, hünärli hem-de ukyply ýaşlary seçip almak işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi we ýörite ýokary bilim boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň sanawyny tassyklady. Sanawa laýyklykda, dalaşgärler bilen giriş mahaly goşmaça çeperçilik we ýöriteleşdirilen synaglar geçiriler. Şeýle hem ýörite orta hünär ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamakda goşmaça döredijilik we ýöriteleşdirilen synaglaryny geçirmegiň ugurlary görkezildi.
Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul ediljek ýaşlaryň umumy sany 5 müň 766 bolup, olar geçen ýylyň degişli görkezijisinden 711 talyp köpdür. Ýurdumyzyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna we Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna talyplary kabul etmek ilkinji gezek amala aşyrylar. Bu ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärleriň 15 ugry boýunça bilim berler. Olaryň hatarynda “Gara metallaryň metallurgiýasy”, “Metallary basyş arkaly işläp taýýarlamak” we beýlekiler ýaly ýurdumyzda ilkinji gezek ýola goýlan ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bar.
Täze hünärment okuw mekdeplerini açmagyň hasabyna ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň ilkinji ýyl talyplarynyň sany hem artar. Bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" göz öňüngde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň orta hünär bilimli işgärlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, Aşgabatda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mehaniki-tehnologiki orta hünär mekdebi, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň otra hünär mekdebi we Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi işläp başlar. Paýtagtymyzyň ýokarda agzalan täze hünärment mekdeplerinde 36 ugur boýunça orta hünärli işgärler taýýarlanar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki orta hünär mekdebi Türkmenabat şäherinde şu ýyl işe başlar. Onda 9 hünär boýunça bilim berler. Olar markşeýder işi, binagärlik, senagat we raýat gurluşygy, gurluşygyň ykdysadyýeti, demirbeton gurnamalar, peýdaly gazylyp alynýan magdan ýataklaryny gözlemegiň tehnologiýasy we tehnikasy, elektrik ulgamlar we geçirijiler, gurluşyk materiallaryň önümçiligi, önümler we gurnamalar, göteriji-ulag, gurluşyk, ýol gurluşygy maşynlaryny hem-de enjamlaryny ulnamak we abatlamak ýaly ugurlardyr.
Giriş synaglaryň jemleri boýunça ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň birinji ýyllyk talyplarynyň sany şu ýyl 5 müň 765-e barabar bolar. Munuň özi geçen ýyldakydan 1müň 794 talyp köpdür. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň ösen ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak boýunça işjeň syýasaty netijesinde türkmen ýaşlarynyň 2 müňe golaýy döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, Türkiýäniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ukrainanyň, Belarusuň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bolarlar. Olar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine laýyklykda talap edilýän hünärler boýunça bilim alarlar.
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginde TDH-niň habarçysyna habar berişleri ýaly, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde şu ýyl täze ugurlaryň 20-si boýunça ýaş işgärleri taýýarlamaga girişerler. Şeýlelikde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda harydy öwreniş we harytlaryň ekspertizasy, gymmat bahaly kagyzlaryň bazary, makroykdysadyýet, maliýe menejmenti, pul dolanyşygy we karz ýaly täze bäş ugur boýunça bilim berler. Oba hojalygynda inžener-mugallymlaryň taýýarlanylmagy Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze hünär ugrudyr. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sport desgalaryny dolandyrmak we sporty maliýeleşdirmek ýaly täze ugurlar işe başlar.
Türkmenistanyň ýokary lukmançylyk mekdebinde şu ýyl ilkinji gezek harby lukmançylyk boýunça hünärmenler taýýarlanylar. Döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, okatmagyň täze häzirki zaman usullaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň lukmançylyk gulluklary üçin ýokary hünärli harby lukmanlary taýýarlamak işi ýola goýlar. Bekrarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Harby lukmançylyk fakultetini, şeýle hem Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we taktikasy, Harby meýdan terapiýasy, Harby meýdan hirurgiýasy, Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedralaryny açmak baradaky çözgüdi kabul etdi.
Türkmen döwlet energetika institutynda hem şu ýyl elektroenergetika ulgamynyň rele goraglylygy we awtomatlaşdyrylmagy, şeýle hem elektroüpjünçilik ýaly täze ugurlar hereket edip başlar. Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň hersinde bir täze hünär ugry açylar. Olar degişlilikde oba hojalygynda maglumatlar ulgamy we buhgalterçilik hasaplama hem-de audit ýaly hünärlerdir.
Bu täzelikleriň milli Liderimiziň başlangyjy bilen häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň jähtinde senagat pudagynyň ösüşine bolan täzeçillik çemeleşmelere aýratyn üns berilýändigini bellemeli. Şu maksat bilen ýurdumyzda innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, senagat kärhanalaryny taýyn önümleri öndürýän ugra gönükdirmek üçin zerur binýat döredilýär. Şu ýyl maýa goýum serişdeleriniň mukdaryny has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar. Olaryň agramly bölegi senagat önümçiliginiň ösüşine gönükdirilýär.
Türkmenistan häzirki döwürde ylmy-tehniki ösüşiň täze ugurlaryny ýola goýmak bilen, ýurtda bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary, döwrebap enjamlara ussatlyk bilen ekr edýän ukyply hünärmenleri taýýarlamak bilen ýurdumyzda bilim ulgamy batly depginlerde ösdürmäge aýratyn üns berýär.
Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň ägirt uly ruhy hem-de paýhas mümkinçiliklerini bir ýere jemlemäge, ony häzirki zaman şertlerinde döredijilikli ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllar üçin bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny” we ony durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasyny tassyklamagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.
Şunuň ýaly möhüm resminamanyň kabul edilmegi biziň döwletimiziň hem-de milli Liderimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ylym-bilim ulgamynda durumşa geçirilýän özgertmeleriň meselelerine, onuň ýokary dünýä ülňülerine çykarylmagyna berýän ünsüni şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki eýýam bilim, tehnologiýalar we döredijilik mümkinçilikleriniň ýokary ösüş derejesini şertlendirýän deňsiz-taýsyz ýokary göterilişiň döwrüdir. Hut şonuň üçinem Türkmenistanda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna, ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy iş tejribelerini peýdalanmak arkaly häzirki zaman okuw mekdepleriniň giň ulgamyny döretmäge, ýagny tutuşlaýyn bilim ulgamyny ösdürmäge ägirt uly üns berilýär.
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimleriniň ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda alnyp barylýan işleriň täze anyk many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigini aňladýar.
Şeýle hem tutuş ýurdumyzda täze, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen, okuw ulgamy kompýuterleşdirilen täze orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýlelikde, halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyply ulgamynyň döredilmegine, durmuş ulgamlarynyň ähli pudaklarynda ylmyň, bilimiň we ýokary tehnologiýalarynyň täze gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurduň innowasion ösüşiniň we türkmen halkynyň ýokary ýaşaýyş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilmegini şertlendirýär.
Türkmenistanda ýurdumyzda bar bolan 18 sany ýokary okuw mekdeplerine we 32 orta hünär mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsüminiň şu gün başlanandygyny we onuň 28-nji iýula çenli dowam etjekdigini bellemeli. Awgustyň ilkinji günlerinde bolsa giriş synaglary başlanar. Tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň ýokary we orta-hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek möwsümi 24-nji awgustda tamamlanar.