Ï Täze çagalar bagy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze çagalar bagy açyldy

view-icon 2184
Şu gün Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Ýarajy obasynda “Oraz Serdar” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapynlan bina edilen täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.

Iki gatly täze çagalar bagy 110 orunlyk bolup, ol bu obanyň binagärlik keşbine döwrebap öwüşgin çaýdy. Täze binada çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi we oňaýly dynç almaklary üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Amatly oýun we dynç alyş otaglary her topar üçin aýratynlykda owadan mebeller bilen üpjün edilipdir. Okuw, şol sanda lingafon we kompýuter otaglary çagalary mekdebe taýýarlamagyň häzirki zaman ulgamy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Çagalar bu ýerde diňe bir öz ýaşlaryna görä niýetlenen ugurlar boýunça meşgullanmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň daşary ýurt dilini öwrenmek, şeýle hem ýokary ylmy-tehnologiýalar, informatika ýaly ugurlara aralaşmaklary boýunça başlangyç bilim almaklary üçin hem amatly şertler döredilipdir.

Her otagyň öz ugruna görä bezelmegi çagalar bagynyň çeperçilik taýdan kämil derejededigini alamatlandyrýar. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň aýdym-saz bilen meşgullanmaklary, döredijilik zehinlerini ösdürmekleri üçin ýöriteleşdirilen otaglar bar. Mundan başga-da, sport-oýun meýdançalary, şol sanda açyk asmanyň astyndaky meýdançalar körpeleriň hyzmatynda.

Çagalar bagynyň çäklerinde bag nahallary oturdylypdyr, dynç almak hem-de dürli derejedäki çäreleri geçirmek üçin ýörite telärler gurlupdyr. Bagyň çäginde gurlan ýüzüş howzy çagalaryň söýgüli ýerine öwrüler we ol ýerde körpeleriň beden taýdan taplanmaklary üçin birnäçe çäreler guralar.

Täze desgada häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhana, geýim ýuwulýan we ütük edilýän otaglar, şeýle hem lukmançylyk otagy hereket edýär.

Täze çagalar bagynyň açylyş dabarasyna welaýatyň, etrabyň häkimlikleriniň we oba geňeşliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar we olar dabaraly eden çykyşlarynda ýaş nesiller barada yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Olar obada mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuş ulgamynyň ösdürilmegini ugur edinýän döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Dabara tamamlanandan soň, çagalar bagynyň açylmagy mynasybetli, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hormatyna we hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý badakasy berildi.