Ï Keýikleri köpeltmek boýunça synag geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Keýikleri köpeltmek boýunça synag geçirilýär

view-icon 1903
Gaplaňgyr Döwlet goraghanasynda tebigy şertlerde köpeltmek maksady bilen keýikleri köpeltmek boýunça synaglar dowam etdirilýär. Bu owadan jandarlaryň ilkinji topary iki ýyl mundan ozal Badhyzdan getirildi. Olaryň baş sany artdy. Olaryň bir bölegi bolsa Köpetdag goraghanasyna berildi. Gelejekde hem Ogurjalydan we Çelekenden bu ýere getirilýän haýwanlaryň tohumy Badhyz goraghanasynda köpeldiler.


Häzir sürüde uly ýaşly keýikleriň 15-si we şu ýylyň maý aýynda dünýä inen keýik owlajyklarynyň 10-sy bar. Haýwanlar iýmitlendirilende olaryň erkinlikde iýmitlenişi ýaly iýmitlendirilmegine çalşylýar. Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, keýiklerň tebigy iýmitiniň düzümine otlaryň 27 görnüşi girýär. Keýikleriň uly bolmadyk sürüsiniň saklanylýan ýerinde diňe olara ideg edýänler girip bilýärler. Ozi hem olary adama öwrenişdirmän iýmitlendirmeli. Sebäbi soňra olara tebigy şertlerde ýaşamak garaşýar.

Bu owadan jandarlary bimaza etmezlik üçin bu ýerlere seýrek gelýän myhmanlara hem olara ýakynlaşmaga hem-de gaty gürlemäge rugsat berilmeýär. Olara diňe ýuwaşlyk bilen syn etmek bolýar. Ene keýikler çalaja bimazalygy duýaýsalar, bu inçe aýaklyja tebigatyň ýaradan owadanja we näzijek jandarlaryny – öz owlajyklaryny goramak maksady bilen, öz gulaklaryny keýerdip, siziň tarapyňyza tarap „batyrgaý“ ädimlerini äderler. Olaryň sizi gorkuzjak bolup edýän hereketi bolsa çalaja eşdilýän pyşgyrmadyr...

Zoologlaryň aýdyşy ýaly, biologiki materiallar bilen alnyp barylýan şeýle işleriň ylmy maksatlary hem bardyr: görnüşleriň biologiki hili güýçlenýär, howa üýtgemelerine we kesellere garşy durnukly bolýar.