Ýurduň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmeklik dowam edýär. Öňde duran okuw ýylynda ýaşlaryň 12 müňe golaýy talyplaryň sanynyň üstüni ýetirer. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijilerinden iki ýarym müňden gowrak dalaşgär köpdür.
Talyplaryň hatarynyň şeýle köp mukdarda köpelmegi, ilkinji nobatda, 2012-2013-nji okuw ýylynda ýedi sany täze orta we ýokary hünärmen okuw mekdepleriniň işläp başlamagy bilen baglanyşyklydyr. Bu Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmen döwlet nebit we gaz institutydyr. Bu ýokary okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek boýunça toparlar şu okuw ýylynyň ahyrynda ýatyrylan öňki politehniki institutynyň dürli binalarynda – goňşuçylykda işleýärler. Bu talyp şäherçesi indi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna miras galdy.
Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny işjeň ösdürmäge niýetlenen onlarça hünärleri hödürleýän bu ýokary tehniki okuw mekdeplerine resminama tabşyrmaga gelýän dalaşgärleriň yzy ir ertirden giç agşama çenli üzülenok. Dalaşgärleriň aglabasy mekdebi iň gowy bahalar bilen tamamlan ýaşlardyr, döwlet we halkara ders olimpiadalarynda gatnaşyp, üstünlik gazananlardyr. Olaryň köpüsi ýörite hünärment okuw mekdeplerini tamamlan şahadatnamaly ýaşlardyr.
Binagärlik-gurluşyk institutynyň düzüminde binagärlik-gurluşyk, ýol-gurluşyk, inžener-mehaniki, kompýuter tehnologiýalary we awtomatika, himiki tehnologiýalar we ekologiýa, ykdysadyýet we dolandyryş, şeýle hem binýadynda diňe bir ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary öz hünär derejelerini kämilleşdirmän, eýsem, pudaklaýyn kärhanalaryň hem hünärmenleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrar ýaly hünär kämilligi ýaly ýedi fakultet döredildi. Bu ýokary okuw mekdebinde umumylykda ýigrimi bäş sany hünär boýunça sapak beriler. Düzüminde üç sany täze – awtoulag ýollarynyň we aerodromyň gurluşygy, köprüler we ulag geçgitleri, gozgalmaýan emlägiň ekspertizasy we dolandyrmak hünärleri bolan „binagärlik we gurluşyk“ okuw ugruna bildirilýän isleg dalaşgärleriň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Bu ýokary okuw mekdebi beýleki hünärlerden başga-da ýene-de täze hünärleriň üçüsini – gara metallaryň metallurgiýasy, basyş arkaly metallary işläp bejermek, logistika (gurluşuk pudagy) dalaşgärlere hödürleýär.
Türkmen döwlet nebit we gaz instituty özüniň ilkinji talyplaryna sekiz ugur boýunça hünärleriň ýigrimiden gowragyny (geologiýa; peýdaly gazylyp alynýan magdanlary gözlemek we işläp taýýarlamak; himiýa tehnologiýasy; kompýuter tehnologiýasy; gurluşyk we binagärlik; tehnologiki maşynlar we enjamlar; energetika; pudagyň karhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş) hödürleýär. Ýurduň bu ýokary okuw mekdebi öňde duran okuw ýylynda okuw mekdebiniň iň häzirki zaman şäherçesinde öz işine başlar. Bu şäherçe milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin ajaýyp okuw binýadyna eýedir.