Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi: ussat hünärmenleri taýýarlamaklygyň täze ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi: ussat hünärmenleri taýýarlamaklygyň täze ugurlary

view-icon 1519
2012-2013 täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri 20 sany täze hünär boýunça ussat hünärmenleri taýýarlap başlarlar.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda iki sany täze – sport enjamlary dolandyryş we sporty maliýeleşdirmek ugurlary açyldy. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ilkinji gezek harby lukmançylyk boýunça hünärmenleri taýýarlar. Belli bolşy ýaly Türkmenistanyň Prezidenti lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde harby lukmançylygy fakultetini, şeýle-de lukmançylyk gullugynyň taktikasy we ony gurnamaklyk, harby-meýdan terapiýasy, harby-meýdan hirurgiýasy we harby gigiýenasy, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedralaryny açmaklyk barada Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem dalaşgärlere täze iki sany hünärini hödürleýär. Ol-elektroenergetika ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy hem-de elektroüpjünçilik hünärleridir. Türkmen döwlet maliýe institutynda hem buhgalter hasabaty we auditi hünäri girizilip, öňki hünärleriň üstüni doldurar.

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk ugurlarynda okatmaklyk üçin inžener-mygallymlary hem ilkinji gezek taýýarlanyp başlanar. Bu täze hünärde talyplar inžener-mehanik hünärinde okadylýan dersler boýunça taýýarlyk görerler. Şol bir wagtda olaryň okuw meýilnamasyna inžener psihologiýasy, pedagodika, inženerçilik dersleri okatmagyň usulyýeti we ýene-de birnäçe ugurdaş sapaklar goşular.

Daşoguzda ýerleşýän ýurdumyzyň beýleki agrar mekdebinde täze hünäriň- oba hojalykda infowmasion ulgamlar hünäriniň girizilmegi ýatlanmaga mynasypdyr. Bu hünär boýunça Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetinde eýýäm hünärmenler taýýarlanyp başlanypdy. Bu möhüm ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyk, oba hojalyk önümçiliginde innowasion tehnologiýalary wagtynda girizilmegini işjeňleşdirer.

Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty täze hünärleri açmak boýunça özboluşly rekord- üstünlik gazandy diýip aýdyp bileris. Täze okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebinde bäş sany täze ykdysady hünär, ýagny harytçalşyk we harytlaryň ekspertizasy, makroekonomika, maliýe menedjmenti, gymmat kagyzlar bazary, pul çalşygy we karzlandyryş ýaly hünärler boýunça talyplar okarlar.

2012-2013 täze okuw ýylynda ýurdumyzyň täze okuw mekdepleriniň arasynda döredilen bäş sany orta-hünärment mekdebini hem ýatlaman geçmek mümkin däl. Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Mehaniki-tehnologik orta hünärment mekdebi, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň Agroönümçilik orta hünärment mekdebi. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýol ulaglary orta hünärment mekdebi, Türkmenistanyň Sport we syýahatçylyk baradaky Döwlet Komitetiniň Syýahatçylyk orta hünärment mekdebi, Türkmenabatda “Türkmenhimiýa ” Döwlet konserniniň Tehniki orta hünärment mekdebi işläp başlarlar. Bu mekdepleriň ählisini alanymyzda olar 45 sany ugur boýunça ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlar.