Ï Seýilgählerdäki „köne tanyşlar“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýilgählerdäki „köne tanyşlar“

view-icon 1346
Tut agajy, aýlantlar, glediçivalar, maklýuralar – bu baglar türkmen şäherlerini we obalaryny gök baglyga öwürmekde adaty bolup galdy. Hçan-da bir wagtlar başga bir howa we toprak şertlerinde ösdürilip ýetişdirilip, bizň ýurdumyza getirilen bu baglaryň biziň howa we toprak şertlerimize uýgýnlaşmagy olaryň gymmatly aýratynlygy bolup durýar. Olaryň goýry kölegeleri bolup, mikrohowaly seýilgähleri döretmäge şertleri döredýär.


Meselem, uzyn boýly aýlant bagy az düşen ygal esasynda goşmaça suw bermezden ösüp bilýär. Şeýle hem bu bag öz töwereginde hwoýa ýaprakly – sosnalaryň, tuýalaryň, arça gajyny we serwi agajy açyk topraga ekilenden soň bir ýylyň dowamynda oňat ösmekleri üçin oňaýly täsirini ýetirýär.

Aşgabadyň Botanika bagynda birnäçe on ýyllyklaryň dowamynda gündogar aziýa we demirgazyk amerika ösümlik dünýäsiniň wekilleriniň birnäçe görnüşlerini introduksiýa etmek işi dowam edýär. Botanika bagynyň barlaghanasynyň dendrologiýa ylmy işgärleri bag ekiş möwsüminiň aralygynda tohumlaryň katalogy bilen iş salyşýarlar, şeýle hem Köpetdagyň eteginiň howa şertlerine ýaramly ösümlikleri, baglary saýlamak işleri bilen meşgul bolýarlar. Şeýle baglaryň ekilmegi gelejekde şäheriň töweregindäki giň meýdanlarda garyşyk tokaýlygyny döretmäge mümkinçilik berer, şeýle hem tebigy gurşawda biodürliligi goramak we köpeltmek üçin şertleri döreder.


Bagbanlar tokaýlaşdyrmaga hödürlenen meýdanlar üçin ösümlikleri saýlamak işlerine oýlanyşykly çemeleşýärler, şeýle hem suwarmagyň ýagyş we damjalaýyn usullaryny ulanmak bilen, suwy has tygşytly ulanmagyň ýollaryny gözleýärler. Alym tokaýçylar Botanika bagynyň işgärleri bilen bilelikde şäher eteklerini diňe bir pürli baglar bilen gök zolaga öwürmän, eýsem ýaprakly baglar bilen, ilkinji nobatda biziň ýurdumyzyň ösümlik dünýäsini asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp gelýän görnüşlerini peýdalanmagyň täze ýollaryny gözleýärler.