Ï Ikinji synp okuwçylary üçin elektron gollanmalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ikinji synp okuwçylary üçin elektron gollanmalary

view-icon 2085
Täze 2012-2013-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde biziň ýurdumyzyň mekdepleriniň birinji synp okuwçylarynyň ählisi okuw döwründe sapaklary özleşdirmekde uly kömek bermäge hyzmat etjek şahsy kompýuterleri - netbuklary alarlar. Şunlukda, kompýuterler birinji synp okuwçylaryna indi ikinji ýyl gowşurylar. Ýörite işlenilip taýýarlanylan sapaklar we gollanmalar her bir netbuguň ýadynda saklanylar. Olary taýýarlanalar ýurduň mekdepleriniň iň göreldeli mugallymlar toparydyr. Olaryň elektron kitaplary olaryň kärdeşleri tarapyndan synagdan geçirildi we hünärmenleriň oňat hilli bahalaryna mynasyp boldular.

Awgust aýynyň şu günlerinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynda eýýäm ikinji synp okuwçylary üçin niýetlenilen nobatdaky elektron gollanmasyny taýýarlamak boýunça işler tamamlanyp barýar. Bu gollanmalar matematika we okuw, saz we çyzuw, zähmet sapagy we bedenterbiýe, şeýle hem informasion tehnologiýalar boýunça goşmaça sapaklardan ybarat bolup, olar suratlar bilen owadan görnüşde bezelendir. Ondaky materiallar gyzykly, esasan hem animasion görnüşde berilendir. Bu bolsa, okuw sapaklarynyň ählisini özleşdirmäge çalyşýan ýaşlar üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Ikinji synp okuwçylary üçin täze okuw gollanmasy hem Türkmenistanyň Milli bilim institunyň ýolbaşçylygynda paýtagtyň we welaýatlaryň umumy bilim berýän mekdepleriniň birnäçe iň gowy mugallymlar topary tarapyndan taýýarlanylandyr.