Täze okuw ýyly barha golaýlap gelýär. Däp bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär.
Täze okuw ýyly döwlet Baştutanymyzyň yglan eden bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler syýasatynyň bäş ýyllygy bilen utgaşyp gelýän ajaýyp senedir. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we ylym ulgamyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ykrar etdi. Munuň özi Watanyň geljekki ykbalyny eline aljak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň binýadyny pugtalandyrjak we ösdürjek hemmetaraplaýyn bilimli, ýokary hünärli ýaş nesilleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym, bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi türkmen halkynyň abadan durmuşynyň gözbaşydyr, ol döwletiň hereketlendiriji, ykbal kesgitleýji we onuň ösüşiniň rowaçlygyny artdyryjy güýçdür.
Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 16-njy awgustynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynyň ösüşiniň meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda belleýşi ýaly, halk hojalygy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, biziň ýurdumyzda bilim ulgamyny, şol sanda akademiki we ýokary, orta hünärment hem-de umumybilim berýän mekdepleriň işini düýpli özgertmegi ugur edinýän strategiýa durmuşa geçirilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, milletiň aň-bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, umuman, bilimiň hilini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleriň jähedinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi.
Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ylmy-barlag merkezleriniň işini ýokarlandyrmak, bilim ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üsn bermek ýaly meseleler bar. Hut şu maksatlar bilen umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýörite kurslar açyldy. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda öňde goýlan wezipeler gadym döwürden çagalaryň zehinlilerini ýüze çykarmak we olary höweslendirmek hem-de olaryň ukybyny ösdürmek ugrundaky möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerindäki okuw möhletini 11-12 ýyla ýetirmek meselesini öňe sürmek bilen, ony nobatdaky möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi we şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara bu ugur boýunça dünýä tejribelerini öwrenmegi tabşyrdy.
Taryhy nukdaýnazardan gysga bolmadyk döwürde Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ýurtda köp sanly täze, döwrebap, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny özünde jemleýän okuw-terbiýeçilik edaralary açyldy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şeýle desgalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Her ýylda birnäçe täze bilim ojaklary ulanmaga berilýär.
Olaryň hatarynda paýtagtymyzda bolşy ýaly, welaýat merkezlerinde we çetki obalarda häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän derejede gurlan çagalar baglary we umumybilim berýän mekdepler bar. Orta we ýokary okuw mekdepleriň täze binalarynyň sany görnetin artdy we olaryň hili gowulandyryldy. Täze gurlan bilim ojaklarynyň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty we beýlekiler bar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti täze görnüşe eýe boldy we birnäçe fakultetler täze häzirki zaman binalaryna göçdi.
Soňky bäş ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Permanlary bilen Daşoguzda Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýanynda Harby-deňiz instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty döredildi we orta hünärment hem-de ýörite orta okuw mekdepleriniň giden ulgamy kemala geldi.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzda ýene-de ýokary okuw meklepleriniň ikisi, ýagny, Türkmen döwlet nebit we gaz instituty hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty talyp ýaşlar üçin gapylaryny giňden açarlar. Şeýle hem “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipelere laýyklykda, bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen orta hünärment okuw mekdepleriniň 5-si işe başlar. Bu okuw mekdepleri ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň orta hünärli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrar. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň paýtagtymyzda açylan agrosenagat orta hünärment mekdebi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mehanika-tehnologik orta hünärment mekdebi, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň demir ýol ulaglary orta hünärment mekdebi, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň syýahatçylyk orta hünärli mekdebi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky tehniki orta hünärment mekdebi täze açylýan şeýle mekdepleriň sanawynyň üstüni ýetirdi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 20-si açylýar. Şu ýyl okuwa kabul edilen talyplaryň sany 5 müň 766 bolup, munuň özi geçen ýyldakydan 711 talyp köpdür. Ýurdumyzyň orta hünärment okuw mekdeplerine 5 müň 775 okuwçy kabul ediler.
Täze okuw ýylynyň öň ýanynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 30-a golaýy we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welýatlarynda birnäçe umumybilim berýän mekdepler gurlup ulanmaga berildi.
Täze okuw mekdepleriniň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralýan dabaralara, asylly däbe görä, ýerli häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ol dabaralar biziň ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri alamatlandyryp, hakyky baýramçylyga öwrülýär.
Täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň hemmesi Internet ulgamyna çatylan häzirki zaman kompýuterler we innowasion tehnologiýalar, şol sanda soňky ýyllarda bilim ulgamynda giňden ulanylýan multimediýa enjamlary bilen üpjün edilendir.
Täze bilim ojaklaryny gurmak bilen bir hatarda, ozal hereket edýänleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işi hem güýçli depginde alnyp barylýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumuzyň ähli okuw mekdeplerinde okatmagyň iň täze usullary ulanylýar. Munuň özi ýaş nesilleriň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilendir.
Geçen ýyldan başlap milli Liderimiziň tagallasy bilen, orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleriň berilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Ähli 1-nji synp okuwçylaryna dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly innowasion kompýuterleriniň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mekdeplerde sapaklaryň multimediýa görnüşinde we elektron enjamlaryň ulanylmagynda geçilmegi ýaşajyk türkmenistanlylaryň täze usula bolan höwesini ýokarlandyrdy. Bu bolsa ahyrky netijede bilimiň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. 1-nji synpda alnyp barylýan okuw usullarynyň ýokary täsirliligini üpjün etmek maksady bilen, ýörite multimediýa okuw gollanmalarynyň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşan mugallymlaryň bitiren işleri hem bellärliklidir.
Täze okuw ýylynda sapakda elektron ulgamyny özleşdirmegi dowam edýän 2-nji synp okuwçylary üçin şunuň ýaly multimediýa gollanmalary taýýarlanyldy.
Hünär öwretmegiň orta aralyk döwri barada aýdylanda bolsa, bu ugurda hem örän uly özgertmeler amala aşyryldy. Häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, okuw meýilnamalaryna hem-de maksatnamalaryna täzeden seredildi. Sapaklaryň tertipnamasyna ösüp barýan ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegine ýardam etmäge gönükdirilen täze dersler girizildi. Bilim edaralarynyň okuw-usuly üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda häzirki zaman okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny neşir etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu işlere diňe bir mekdep mugallymlary däl, eýsem, Bilim ministrliginiň tejribeli hünärmenleri, orta hünärment we ýokary okuw mekdepleriniň professorlary hem-de mugallymlary işljeň gatnaşýarlar.
Ýurdumyzda okatmagyň ähli tapgyrlary üçin okuw kitaplarynyň hiliniň gowulandyrylmagyna Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän halkara sergileri we maslahatlary oňaýly täsir edýär. Türkmen paýtagtynda geçirilýän şeýle çärelere dünýäniň dürli künjekleriniň bilim we neşirýat işi ulgamlarynyň tejribeli hünärmenleri gatnaşýarlar. Şunuň ýaly çäreleriň barşynda öňdebaryjy tejribeleri we okatmagyň täze usullaryny alyşmak işleri hem guralýar.
Milli Liderimiziň yglan eden giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň bilelikdäki işleriniň netijesinde halkara maslahatlaryň, okuw bäsleşikleriniň, umumy bilim ugurlary boýunça beýleki çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Biziň ýurdumyzyň bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlary bolup durýan dünýäniň birnäçe döwletleri bu ugur boýunça gatnaşyklary yzygiderli ösdürýärler.
Türkmenistanyň köp sanly bilim edaralary dünýäniň dürli ýurtlarynyň onlarça bilim ojaklary bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň bilim ulgamy bilen tanyşmaklary we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi. Her ýylda döwletara we pudagara ylalaşykarynyň esasynda bilim ulgamynda we Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň buýurmalary netijesinde biziň ýurdumyzdan ýaşlaryň müňlerçesi dünýäniň dürli ýurtlarynyň abraýly orta hünärment we ýokary okuw mekdeplerine bilim almaga ugradylýar.
2012-2013-nji okuw ýylynda türkmen ýaşlarynyň 2 müňden gowragy Türkiýäniň, Hytaýyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusuň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary we orta hünärment mekdeplerinde bilim alarlar. Olar berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işjeň ösdürilýändigi jähedinde zerur bolan hünärleriň eýeleri bolarlar.
Mekdepleriň mugallymlary we ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, şeýle hem beýleki bilim düzümleriniň hünärmenleri hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda tejribe geçýärler we özleriniň dünýägaraýyşlaryny, mugallymçylyk ussatlygyny ýokarlandyrýarlar hem-de dünýäde öňdebaryjy tejribeler bilen içgin tanyşýarlar.
Ýakynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen mugallymlaryň awgust maslahatynda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejelere çykarmak, okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmak barada pudagyň öňünde goýan wezipeleri barada giňden gürrüň edildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurduň bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ähli amatly şertleriň döredilýändigini belläp munuň üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar we öz öňlerinde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 27-nji awgustynda göni aragatnaşykda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda täze okuw ýylyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde mekdepleriň durkuny täzelemek, olary düýpli abatlamak işlerine aýratyn ünsi çekip, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini, ähli mekdepleriň okuw ýylyna birkemsiz taýýarlanylmagynyň tabşyrdy.
Ýurduň bilim ulgamyny kämilleşdirmek işleri bilen bir hatarda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça hem döwlet derejesinde birnäçe işler alnyp barylýar. Okuwçylaryň ýörite okuw lybaslary hem-de gerekli esbaplar, dürli enjamlar bilen üpjün edilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Okuw esbaplarynyň ählisini hem-de okuwçylara zerur bolan dürli enjamlary özünde jemleýän mekdep bazarlary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Olaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän netijeli işleri yzygiderli dowam etdirilýär.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan şunuň ýaly ägirt uly özgertmeler maksatnamasy we ýetilen sepgitler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulgamy özgertmek boýunça başyny başlan işleriniň oňyn netije berýändigi bilen bir hatarda, ýaş nesilleri türkmen halkynyň asylly däpleriniň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň esasynda sazlaşykly, hemmetaraplaýyn terbiýelemek, häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede okatmak bilen baglanyşykly meýilnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýadyň döredilendigini bellemeli.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde goýan täze wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilimiň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap yzygiderli hereketini şertlendirer.