Ï Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda döwrebap binalar ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda döwrebap binalar ulanmaga berildi

view-icon 1251
Şu gün Abadan şäherinde täze mekdebe çenli çagalar edarasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol welaýatyň bu iri senagat şäheriniň häzirki zaman binagärlik keşbine aýratyn öwüşgin çaýdy.

160 orunlyk, iki gatly çagalar bagynda körpeleriň sazlaşykly ösmegi, boş wagtlaryny oňat geçirmegi, çagalaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak we höweslendirmek üçin ähli şertler döredildi.

Sekiz sany oýun otaglary we ýatakhanalar, kompýuter we lingafon otaglary bu giň hem-de ýokary derejede enjamlaşdyrylan çagalar şäherjiginiň eýeleri bolan körpeleriň ygtyýaryndadyr. Ýörite otaglarda çagalar häzirki zaman interaktiw tehnologiýalaryny özleşdirerler, informatika we daşary ýurt dilleri boýunça başlangyç bilimleri alarlar.

Çagalar okuw sapaklaryndan boş wagtlary oňat enjamlaşdyrylan aýdym-saz we sport zallarynda, oýun meýdançalarynda, suwy ýyladylýan üsti ýapyk howuzlarda wagtlaryny gyzykly we öz saglygy üçin peýdaly geçirerler.

Täze desgada tehniki bölüm göz öňünde tutulandyr, ol ýerde häzirki zaman durmuş enjamlary bilen üpjün edilen aşhana, kir ýuwulýan otag we egin-eşikler ütük edilýän bölüm ýerleşýär. Bularyň ählisi çagalar bagynyň körpe eýeleri üçin ähli amatlyklary üpjün eder.Täze mekdebe çenli edaranyň açylyş dabarasynda körpeleriň şatlygynyň çägi bolmady.

* * *
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň M.Garlyýew adyndaky geňeşliginiň Polatly obasynda we Boldumsaz etrabynyň “Guýanagyz” geňeşliginiň Akmanýap obasynda şu gün häzirki zaman umumybilim berýän mekdepleri ulanmaga bermek dabaralary boldy.

Polatly obasynda “Seýitnyýaz” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan gurlan täze desga 320 okuwçy orunlykdyr. Iki gatly binalaryň birnäçesinden ybarat bolan toplumda häzirki zaman mekdep mebeli we esbaplary, okuw gollanmalary bilen üpjün edilen giň we ýagty synp otaglary we barlaghanalar, zähmet okuwy otaglary, mejlisler we sport zallary, lingafon otagy, kitaphana, şeýle hem aşhana we naharhana, beýleki zerur okuw we kömekçi otaglary bar.

Umumybilim berýän mekdebiň abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga öwrülen çäginde özünde ylgaw ýodajygy bolan futbol meýdançasyny we basketbol, woleýbol, tennis bilen meşgullanmak üçin meýdançalary birleşdirýän açyk görnüşli sport toplumy guruldy. Mekdep howlusynyň ýörite künjeklerinde açyk meýdançalar göz öňünde tutulypdyr, olarda okuwçylar käbir okuw sapaklary, mysal üçin, tebigaty öwreniş, zoologiýa, biologiýa derslerini özleşdirip bilerler.

Okuw dersleri hem häzirki zaman derejesinde guralar. Olarda öňdebaryjy kompýuter tehnikasy, interaktiw tagtalary giňden ulanylar.

Akmanýap obasyndaky 400 orunlyk täze mekdep "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde “Daşoguzgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 11-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.

Öz aralarynda birleşdirilen iki gatly binalaryň üçüsinden ybarat bolan bu täze mekdep häzirki wagtda bilim ulgamynyň binalaryna bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda guruldy. Giň we ýagty synp otaglaryndan başga-da, bu ýerde mejlisler we sport zallary, zähmet sapagy otaglary, lingafon otagy, barlaghanalar, kitaphana, futbol meýdançaly, ylgaw ýodajykly, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin birnäçe meýdançaly açyk sport toplumy, beýleki zerur bolan kömekçi jaýlar ýerleşýär. Mekdepde özbaşdak ýylylyk, suw we elektrik energiýasy üpjünçiligi ulgamlary bar. Bu ýerde iň täze kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen dürli okuw derslerini düýpli we hemmetaraplaýyn özleşdirmäge mümkinçilik berýän okatmagyň häzirki zaman ulgamy göz öňünde tutulypdyr.

* * *
Şu gün, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Amyderýa jülgesiniň bilim ojaklarynyň üsti täze häzirki zaman umumybilim berýän mekdepleriň ikisi bilen ýetirildi.

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda Serdarabat etrabynyň “Talhanbazar” geňeşliginiň Pagtaçy obasynda 640 orunlyk we Garaşsyzlyk etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky şäherçesinde 340 orunlyk täze orta mekdepleriň açylyş dabaralary boldy.

Olar ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan häzirki zaman timarlaýyş materiallaryny ulanmak arkaly guruldy. Pagtaçy obasyndaky täze mekdebiň okuw binalaryny we kömekçi jaýlaryny “Altyn gül” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary, S.A.Nyýazow adyndaky şäherçedäki mekdebiň binalar toplumyny bolsa “Dawut binaçy” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri gurdular.

Bu täze mekdeplerde okuwçylaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi we olaryň düýpli bilim almagy üçin ähli şertler döredildi. Okuw, kompýuter we lingafon otaglary interaktiw tagtalary hem-de multimedia ulgamlaryny ulanmak arkaly häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, okuw binalarynda fizika, himiýa, astronomiýa we beýleki dersler boýunça amaly sapaklary geçirmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan synp otaglary bar. Sport zallarynda çagalar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanarlar. Mekdepleriň her birindäki sport zallary zerur esbaplar we häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen üpjün edildi. Mekdepleriň ýanynda döredilen sport şäherjiklerinde oňat enjamlaşdyrylan woleýbol, basketbol, futbol meýdançasy, ylgaw ýodajyklary bar.

Dabaraly çäreleri, mekdep maslahatlaryny we beýlekileri geçirmek üçin niýetlenilen mejlisler zallary, oňat enjamlaşdyrylan aşhanaly naharhanalar, lukmançylyk otaglary, okalga zallary bolan kitaphanalar şu gün açylan mekdepleriň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň ygtyýaryndadyr. Täze mekdepler özbaşdak suw, energiýa we ýylylyk üpjünçiligi ulgamlary bilen üpjün edildi.

* * *
Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde ýene-de möhüm durmuş ähmiýetli desgalaryň ikisiniň—365 orunlyk sport mekdebiniň we 160 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy. Bu desgalar ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde guruldy.

Sport mekdebiniň açylyş dabarasynyň barşynda sportuň dürli görnüşleri—sambo, dzýudo, göreş, ýeňil atletika boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. Täze desganyň umumy meýdany 4 gektara golaýdyr. Sport mekdebiniň binasy binagärlik çözgüdiniň özboluşlylygy we häzirki zaman bezegi hem-de göwnejaý timarlanyşy bilen tapawutlanýar. Mekdebiň zallary we otaglary iň häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde birbada woleýbol, basketbol, tennis, gündogaryň başa-baş göreş görnüşleri, gimnastika bilen meşgullanyp bolýar, hünärmenleriň ýolbaşçylygynda häzirki zaman türgenleşik enjamlarynda ýokary netijeler sportunyň tärlerini ele almak bolýar.

Mekdebiň abadanlaşdyrylan çäginde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin açyk meýdançalar hem bar. Mekdepde dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir, bu ýerde tomaşaçylar üçin münberler, eminler üçin otaglar, lukmançylyk otagy, ýuwunylýan otaglar göz öňünde tutulypdyr.

Murgap jülgesinde soňky ýyllarda sport mekdepleriniň başga-da birnäçesi guruldy. Şeýle mekdepler eýýäm Mary, Baýramaly şäherlerinde açyldy we häzirki wagtda welaýatyň birnäçe etraplarynda gurulýar. Şu gün Mary şäherinde açylan, ýokary derejede enjamlaşdyrylan häzirki zaman mekdep ýaşyna çenli çagalar edarasy hem Mary welaýatynyň merkeziniň gözel keşbine görk goşdy.

Täze görnüşli çagalar bagy häzirki zaman binagärlik bezeginiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Bu bina gurlanda milli bezegiň usullary, ýokary hilli gurluşyk we timarlaýyş materiallary ulanyldy. Bu ýerde ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi, oňat dynç almagy we boş wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Iki gatly binada dürli ýaşly çagalara niýetlenen otaglar ýerleşýär.

Amatly ýatakhanalar, oýun otaglary, lingafon enjamlary, kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilen, okuw sapaklaryny geçirmäge niýetlenen ýagty otaglar, aýdym-saz zaly, durmuş otaglary we lukmançylyk otagy körpeleriň ygtyýaryndadyr. Çagalaryň saglygyny berkitmek üçin bu ýerde sport zaly, suwda ýüzülýän howuz we oýun meýdançalary göz öňünde tutulypdyr. Çagalar şäherjiginiň bagy-bossanlyga bürelen çägi, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri bilen bezeldi.

* * *
Şu gün açylan täze binalaryň ählisiniň çägi baýdajyklar, howa şarlary, dürli reňkli baglar bilen bezeldi. Olarda hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Ussat we höwesjeň döredijilik toparlary gyzykly konsertler bilen çykyş etdiler. Birinji synp okuwçylaryna şahsy kompýuterleriň-netbuklaryň gowşurylmagy olar üçin örän şatlykly we ýatdan çykmajak waka boldy. Dabaralarda desgalary bina eden iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň netijesinde döwletimizde ösüp gelýän nesliň netijeli okamagy we sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtadylar.

Dabaralar tamamlanandan soň, şu günki wakalaryň we öňümizdäki baýramçylygyň—Bilimler we talyp ýaşlar gününiň hormatyna, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.