Ï Täze mekdeplerde belent sepgitlere tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze mekdeplerde belent sepgitlere tarap

view-icon 1596
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze jaý toýlary toýlandy

Şu gün Türkmenistanyň ähli okuw mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan jaň sesi ýaňlandy. Bilimler we talyp ýaşlar güni şu ýyl ýurdumyzda bäşinji gezek giňden we dabaraly bellenilýär.

Asylly däbe görä, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaralar geçirilip, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne, garaşsyz türkmen döwletiniň rowaç eýýamyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwerlikli içerki we daşarky syýasatynyň dabaralaryna bagyşlanan ilkinji sapaklar guraldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyplaryna, mugallymlaryna, bilim ulgamynyň ähli işgärlerine iberen Gutlagynda döwletimiziň mundan beýläk-de milli bilim ulgamynyň dünýä derejesine çykarylmagyna, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine, olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine mundan beýläk-de yzygiderli üns berjekdigini belledi. Biziň bu ugurda edýän ähli işlerimiz berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň halkymyzyň biliminiň ýokarlanýandygyny, döwletimiziň özüni bilimli adamlaryň ýurdy hökmünde ykrar etdirýändigini alamatlandyrýar diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri ýurduň her bir raýatynyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän garaşsyz türkmen döwletiniň her bir gününde aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda doly derejeli we netijeli okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilmegi üçin ýokary şertler döredilýär. Onda ýaş nesilleriň, hakyky watan söýüji ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çärelere aýratyn üns berilýär. Çünki häzirki ýaşlar geljekde ýurdumyzy beýik ýeňişlere alyp gitmeli ynsanlardyr.

Ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze ýokary, orta okuw mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurluşygynyň ýokary depginleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle binalary Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ulanmaga bermek indi asylly däbe öwrüldi.

Şu täze okuw ýyly hem döwrebap okuw-terbiýeçilik ulgamyna degişli birnäçe desgalaryň açylyş dabaralaryna beslendi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda häzirki zaman umumybilim berýän mekdepleriň giden toplumy gurlup ulanmaga berildi.

Şu gün bolsa şeýle dabaralar dowam etdi. Täze okuw mekdepleriniň açylyş dabaralary Mejlisiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýerli häkimiýet wekilleriniň, şäherleriň we obalaryň ilatynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirildi we ol dabaralar hakyky baýramçylyga öwrüldi.

* * *

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralary Tejen şäherinde has-da uludan tutuldy. Bu ýerde 940 okuwçy orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdep ulanmaga berildi. Welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda gurlan iki gatly bu binany “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 8-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri gurdular. Täze mekdepde onlarça ýagty okuw otaglary bolup, onda iki sport zaly, dürli maksatly edara ediş we hojalyk jaýlary bar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan ugurdaş desgalarda bolşy ýaly, bu ýerde okuw dersleri çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin okatmagyň iň öňdebaryryjy usullary, şol sanda häzirki zaman kompýuter interaktiw we multimediýa tehnikalary ornaşdyrmak göz öňünde tutulypdyr. Mekdebiň çägrinde tennis korty, basketbol, woleýbol meýdançalary, ylgaw ýodasy, emeli ot oturdylan kiçi futbol oýnamak üçin niýetlenen meýdançasy bolan sport şäherjigi açyldy.

Şeýle hem şu gün Baharly etrabynyň Mürçe obasynyň mekdep okuwçylary 620 orunlyk üç gatly täze mekdep jaýyny sowgat aldylar. Täze binany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Muhammet Balkan” hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurdular. Bu kärhana okuw-terbiýeçilik ulgamynyň desgalaryny gurmakda baý tejribe toplady.

Mekdebiň ýöriteleşdirilen okuw otaglarynda daşary ýurt dillerini, informatikany, biologiýany, fizikany, himiýany, geografiýany we beýleki dersleri çuňňur öwrenmek üçin multimediýa, interaktiw enjamlary oturdyldy. Şeýle hem mekdepde giň sport zaly, naharhana, lukmançylyk otagy, dolandyryş otaglary we kömekçi jaýlar bar.

Täze oba mekdebiniň 1-nji synpynda 60 okuwçy okar. Olaryň synp otaglary oňaýly mebeller we häzirki zaman okuw enjamlary üpjün edildi. Ýokary synpyň okuwçylary lingafon otaglarda we birnäçe okuw dersleri boýunça çuňlaşdyrylan sapak geçmek üçin ýörite synp otaglary bilen üpjün edildi. Saz we suratkeşlik otaglary ösüp barýan ýaş nesilleriň döwrebap ösüşiniň ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu ýerde hereket edýän uly kitaphanada zerur bolan okuw hem-de çeper edebiýatlar jemlenipdir we “Galkynyş” otagy ýokary derejede bezelipdir.

Şeýle hem mekdebiň çäginde açyk sport meýdançalary bar, ol ýerde onlarça saýaly hem-de miweli bag nahallary oturdyldy.

* * *

Serdar şäherinde gurlup ulanmaga berlen iki sany umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabaralary Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlandy. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde gurlan bu okuw mekdepleriniň her biri 600 okuwça niýetlenendir.

Üç we dört gatly täze mekdeplerde ýokary derejeli enjamlaşdyrylan okuw hem-de ýöriteleşdirilen otaglar bar. Olar interaktiw, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem bu ýerde lingafon we kompýuter otaglary, fizika, himiýa, biologiýa we beýleki dersler bilen meşgullanmak üçin ýöriteleşdirilen otaglar bar. Mekdeplerdäki barlaghana işlerini we ylmy synaglary geçirmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän barlaghana otaglary ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, daşky gurşaw baradaky zerur bolan möhüm bilime eýe bolmaga mümkinçilik berýär.

Zähmet sapagy otaglarynda oglanlar ýörite enjamlarda agaç we metal işläp bejermegiň usullaryny, gyzlar bolsa aşhana işi hem-de tikinçilik sungaty boýunça zerur endikleri ele alarlar. Surat we saz otaglarynda çagalaryň döredijilik ukyplary açylar. Kitaphanasy we giň maslahatlar zaly mekdebiň medeni durmuşynyň merkezine öwrüler.

Täze okuw mekdepleriniň ilkinji gününde ajaýyp sport zallarynda we açyk meýdançalarda çagaaryň şadyýan sesleri belentden ýaňlandy. Bu ýerde ýüzüş howzy, lukmançylyk otagy we naharhana bar. Mekdepleriň howlusy göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, onda owadan telärler gurlupdyr we bag nahallary oturdylypdyr.

Şunuň ýaly bilim ojaklary Balkan welaýatynyň ähli şäherleinde we etraplarynda diýen ýaly gurulýar. Mahlasy, ýakyn wagtda Bereket şäherinde, Magtumguly etrabynyň merkezinde we Saganly şäherçesinde täze döwrebap mekdepler açylar.

* * *

Bilimler we talyp ýaşlaryň baýramçylygynyň bellenilýän gününde Türkmengala etrabynyň Hasyl geňeşliginiň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň gurlan täze mekdepde jaň sesi ilkinji gezek ýaňlandy. 400 okuwça niýetlenen täze mekdep häzirki zaman enjamlary we multimediýa tehhonologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap binadyr. Okuw otaglarynyň doly kompýuterleşdirilmegi, interaktiw enjamlar, ähli okuw ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen otaglar, naharhana, lukmançylyk otagy, ýylyň tutuş dowaymnda bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga mümkinçilik berýän sport meýdançalary çagalarywň durnukly bilim almaklary we sazlaşykly ösmekleri üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär. Şunuň bilen bir hatarda, täze okuw mekdebi "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigini we sebitleriň yzygiderli ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Häzirki döwrüň talabyna laýyklykda döwrebap obada adamlaryň abadançylygy üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamasynyň baş ugry bolup durýar.

* * *

Tertip boýunça 88-nji 600 orunlyk täze döwrebap umumybilim berýän mekdep şu gün paýtagtymyzyň “Parahat-4” kiçi etrapçasynda açyldy. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäheriniň häkimi, şäheriň bilim işgärleri, okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.

Dört gatly bu bilim ojagy okatmagyň öňdebaryjy ulgamynyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilipdir. Mekdebiň birinji gatynda körpe okuwçylar üçin okuw otaglary ýerleşdirilipdir. Şol ýerde hem zähmet okuwy otagy, iki sany sport zaly bar. Ol ýerde okuwçylar diňe bir bedenterbiýe bilen meşgullanman, eýsem sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirerler. Şeýle hem mekdepde birbada 200 adama hyzmat etmäge niýetlenen döwrebap naharhana bar.

Binanyň beýleki gatlarynda okuw otaglary, uly synp okuwçylary üçin barlaghanalar enjamlaşdyrylypdyr. Olar häzirki zaman interaktiw we kompýuter, şol sanda multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem informatika dersini we daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmek üçin ýöriteleşdirilen kompýuter we lingafon otaglary okuwçylaryň hyzmatynda. Mekdep kitaphanasynda bolsa okuwçylar üçin ähli zerur bolan okuw gollanmalary we çeper edebiýatlar bar.

Mundan başga-da mekdepde ýöriteleşdirilen horeografiýa zaly we ýaşajyk suratkeşler üçin şekillendiriş studiýasy hereket edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan okuwçylar üçin mekdebiň çäginde sport meýdançasy gurlupdyr. Ol ýerde tennis, woleýbol, basketbol, futbol oýnamak, ýörite ylgaw ýodalarynda ýeňil atletika bäsleşiklerini geçirmek üçin oňaýly mümkinçilikler bar.