Ï Bilimiň täze „ölçegleri“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilimiň täze „ölçegleri“

view-icon 1299
Täze 2012-2013-nji okuw ýyly gurluşyk babatda hakyky dabara öwrüldi: on üçe golaý iň häzirki zaman täze bilim edaralary ýuruduň bilim ulgamyna goşuldy.

Şu okuw ýylynda geçen ýylka garanyňda, iki ýarym müňe golaý köp adam birinji ýylyň talyby diýen ada mynasyp boldy. Şeýlelikde, täze açylan ýokary okuw mekdeplerine - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna we Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna, şeýle hem paýtagtda we Lebap welaýatynyň merkezinde açylan orta hünär okuw mekdepleriniň bäşisine ilkinji sapar talyplar kabul edildi.


Olaryň arasynda – Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabatdaky Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi, Türkmeistanyň Syýaharçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi we „Türkmenhiniýa“ döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebi bar.

Ýokarda atlary agzalyp geçilen orta hünär okuw mekdeplerinde umumylykda 45 sany hünär boýunça milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna gerek bolan orta hünärli hünärmenler taýýarlanylar.


Birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde hem ýigrimi ugur boýunça täze hünärli hünärmenler taýýarlanylar. Olardan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş insriruryny, ýurduň iki sany oba hojalyk boýunça hünärmenlerini taýýarlaýan Türkmen oba hojalyk uniwersitetini we Türkmen oba hojalyk institutyny, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetini, Türkmenistanyň döwlet energetika institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny görkezmek bolar.

Döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, şu täze okuw ýylynda türkmen ýaş oglan we gyzlarynyň iki müňden gowragy ýakyn we uzak daşary ýurtlaryň, şol sanda Belarusyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Malaýziýanyň ýokary we orta nünär okuw mekdeplerinde bilim almaga başladylar.