Ï Berkarar döwletiň bagtyýar nesli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň bagtyýar nesli

view-icon 7417
Türkmen paýtagtynyň dürli mekdepleriniň ökde okuwçylarynyň, dersler boýunça döwlet olimpiadalarynyň ýeňijileriniň, jemgyýetçilik işine höwesli gatnaşýanlaryň 20-si “Oguzhan” Köşkler toplumynyň myhmanlary boldular. Bu ýerde ilkinji gezek ýaş nesiller üçin özboluşly “açyk gapylar” güni geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça guralan bu çäre ählumumy bilim ulgamyna goldaw berilmegine gönükdirilip, ol mekdep okuwçylarynyň bilim almaga, dünýägaraýşyny giňeltmäge bolan meýillerini höweslendirmäge we çagalarda has ýaşlykdan raýat işjeňligini kemala getirmäge hem-de olaryň çuňňur pikilenmelerni goldamaga gönükdirilendir.

Türkmenistan hemişe ýurduň ýaşajyk raýatlary üçin oňaýly durmuş derejelerini üpjün etmek meselesine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Nesilleriň abadançylygy durnukly döwlet ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.


Döwlet Baştutanymyz ösüp barýan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine, ýaşlaryň bilimi we terbiýesi babatdaky täzeçillik usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Çagalar üçin kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, enäniň we çaganyň hukuklarynyň goralmagy, ösüp barýan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şol sanda iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze okuw mekdeplderiniň, lukmançylyk, sagaldyş we danç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň gurulmagy, sungat mekdepleriniň açylmagy bu ýoldaky netijeli ädimlerdir.

Häzirki döwürde milli bilim ulgamy düýpli özgerdilýär. Onuň binýadynda pederlerimiziň köp asyrlyk ruhy-ahlak däpleri, olaryň pelsepewi garaýyşlary esasy orun eýeleýär. Çagalarda jogapkärçilik we jemgyýetçilik aň-duşunje duýgularynyň, ýokary ahlak sypatlarynyň we raýatlyk jogapkärçiliginiň kemala getirilmegi asylly däpleriň biri bolup durýar.

Prezident köşgüne syýahatyň guralmagy ýurduň täze filosofiki ösüşiniň aýdyň nyşany bolmak bilen, ol okuwa, şol bir wagtyň özünde bilim dünýäsine çuňňur aralaşmaga meýilli ýaşlaryň özboluşly höweslendirmesi boldy.


Yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäräniň barşynda “Oguzhan” Köşkler toplumyna ilkinji syýahat edýän okuwçylaryň hatarynda Türkmenistanda ýaşaýan dürli milletleriň çagalarynyň barydygy bellärliklidir. Olaryň hemmesine geljekde hünär saýlamaga we haýsydyr bir işde hünärmen bolup ýetişmäge bolan höweslerini amala aşyrmakda, öz zehinlerini we ukyplaryny açyp görkezmekde deň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellemelidir. Haýsy pudakda zähmet çekýändigine garamazdan, olaryň hemmesi üçin döwlet durmuşyna degişli meseleler möhüm bolup durýar. Hut şonuň üçinem ýaş nesillerde häzirki döwürden syýasy pikirlenmeleriň ilkinji ukyplarynyň emele getirilmegi möhümdir. Çünki olar uly adamlar bolanynda döwletimiziň içerki we daşarky syýasatynyň ähli ugurlary boýunça ynamly hereket edip bilerler. Prezident köşgüne guralan syýahat şeýle sapaklaryň ilkinjisi boldy. Ol ýerde çagalara diňe bir zallar we resmi dabaralar geçirilýän otaglar görkezilmän, eýsem olara döwlet edara ediş we döwlet dolandyryş usullarynyň nähili alnyp barylýandygy hakynda gürrüň berildi.

Mekdep okuwçylary ilki bilen köşgüň merkezi eýwanyna bardylar. Ol ýerde hormat garawulynyň gatnaşmagynda belent mertebeli myhmanlaryň garşylanyş dabarasy bolýar.


Tutuş köşk toplumynyň aydyny göterýän türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguzhanyň heýkeli eýwana özboluşly bezeg berýär. Milli taryhymyza gadyr goýulýandygy we häzirki zaman türkmen döwletinde asylly däpleriň dowam etdirilýändigi barada gürrüň berýän surat eserleri okuwçylarda has-da uly täsir galdyrdy. Ol ýerde türkmen halkynyň taryhyna we onuň ykbalyna ýakymly sahypa bolup giren we halkyň edermen ogullary Alp Arslanyň, Togrul begiň, Mälik şanyň, Soltan Sanjaryň heýkelleri bar.

Köşk bilen tanyşlygyň dowamynda okuwçylara çeperçiligi, ähmiýeti we göwrümi boýunça örän täsin binagärlik toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek üçin döredilen şertler, daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlaryny kabul etmek, şeýle hem wekiliýetleriň mejlis geçirmekleri hem-de beýleki resmi çäreler üçin döredilen amatlyklar barada gürrüň berildi.

Hususan-da, mekdep okuwçylary ýokary derejede ikiçäk görnüşde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen “Altyn” zala baryp gördüler.

Bu ýerde okuwçylar stoluň başyna geçip oturdylar we diplomatik işiň ýagdaýlary bilen tanyşdylar hem-de özleri gepleşikleri geçirmek çäresini guradylar.

Soňra okuwçylar biziň ýurdumyza resmi we döwlet saparlary bilen gelýän wekiliýetleriň giňişleýin düzümde gepleşikler geçirmek üçin niýetlenen “Gorkut ata” zalyna bardylar.

Bu ýerdäki iň täze enjamlar bilen üpjün edien zal okuwçylarda has-da uly täsir galdyrdy. Zalda habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ýörite häzirki zaman aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilen otaglar bar. Olarda göni ýaýlymy alyp barmaga mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde okuwçylar hünärmenleriň gatnaşmagynda we olaryň düşündirmeginde iki topara bölnüp “giňişleýin düzümdäki duşuşygy” geçirdiler.


Soňra olar ikitaraplaýyn resminamalara, hökümetara ylalaşyklaryna we beýlekilere gol çekmek üçin niýetlenen “Seljuk han” zaly bilen tanyşdylar. Bu ýerde hem okuwçylara diňe bir bu çäräni geçirmegiň düzgünleri barada bilmäge däl, eýsem olaryň özlerine iki “wekiliýetleriň” adyndan çykyş etmäge mümkinçilik döredildi.

Soňra çagalar “Baýram han” zalyna baryp gördüler. Bu ýerde ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň, esasy habar beriş serişdeleriniň, halkara habarlar agentlikleriniň wekilleri üçin metbugat maslahatlary we duşuşyklar geçirilýär.

Bu ýerde mekdep okuwçylary metbugata ýüzlenýän hökümet Baştutanlary we ýolbaşçylara sowallar bilen ýüzlenýän žurnalistler hökmünde çykyş etdiler. Bu oýunda çagalar öz dilewarlygyny we gözýetimlerini ýüze çykardylar.

Soňra çagalar dürli ýygnaklary we medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen “Magtymguly” zalyna ugradylar. Bu zalyň girelgesiniň öňünde köşgüň ýaşajyk myhmanlary Magtymguly Pyragynyň gazal okap duran pursady şekillendirilen owadan suraty synladylar. Hut şu ýerde hem mekdep okuwçylarynyň käbiri beýik türkmen nusgawy şahyrynyň goşgularyny okamaga höwes bildirdiler.

Soňra bu gyzykly gezelenjiň guramaçysy çagalary zala girmäge çagyrdy we bu ýerde geçirilen möhüm çäreler barada olara gürrüň berdi. Şeýle hem oglanjyklar we gyzjagazlar milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasat baradaky soraglara jogap berdiler, öz okaýyşlary we söýgüli dersleri hakynda gürrüň berdiler. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň Watanymyzyň beýik geljegi we türkmen halkynyň bagtly ykbaly baradaky welilik bilen ýazan şahyrana setirleri ýene-de ýaňlandy, şeýle hem häzirki zaman şahyrlaryň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Arkadag hakyndaky eserleri okaldy. Ýaşajyk okyjylaryň özboluşly çykyşlary ösüp gelýän ýaş nesliň diňe bir nusgawy milli şygyrýeti däl-de, eýsem, häzirki zaman türkmen edebiýatyny hem oňat bilýändiklerini görkezdi.

Soňra gezelenç Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň geçirilýän zalynda dowam etdirildi. Bu ýerde çagalar stoluň başynda, hökümet agzalarynyň orunlarynda oturyp, nobatma-nobat münbere çykdylar. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän wakalar, türkmen topragynyň gaýtalanmajak tebigaty, medeniýeti, milli ruhy mirasyň galkynyşy, ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi hakynda gysgaça gürrüň berdiler. Olar tüýs ýürekden çykýan çaga ylhamy bilen biziň döwletimizde bolup geçýän özgertmelere öz garaýyşlary hakynda, olardan garaşylýan uly ösüş hakynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri dowam etdirijiler hökmünde öz gelejegine nähili umyt-arzuwlary besleýändikleri hakynda söhbet etdiler.

Şondan soňra çagalar döwlet Baştutanynyň iş otagyna çagyryldy. Mekdep okuwçylary ýüzugra “Oguzhan” Köşgüne bezeg berýän, Watanymyzyň şöhratly taryhynda müdimilik orun alan gahrymanlary şekillendirýän çeper eserleri: suratlary, heýkelleri höwes bilen synladylar. Çagalar bu ýerde Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, onuň ýokary sepgitlere tarap dolanuwsyz hereketiniň, ösüşlere we abadançylyga alyp barýan täze belentliklere ýetmeginiň aýdyň alamaty bolan ahalteke bedewiniň keşbine aýratyn ornuň degişlidigine üns berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş otagynda ýurdumyzyň häzirki döwrüne bagyşlanan, döwlet syýasatynyň wezipeleri we maksatlary, Watanymyzyň ägirt uly üstünlikleri we gazananlary hakynda gürrüň berýän täze ylmy, publisistik we seljeriş eserlerinden ybarat bolan baý kitap toplumy çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem mekdep okuwçylary milli Liderimize öz watandaşlarymyzyň we belent mertebeli daşary ýurt wekilleriniň adyndan gowşurylan ajaýyp sowgatlaryň toplumyny haýran galmak we buýsanç bilen synladylar. Bu ýerde hem çagalar ajaýyp ahalteke bedewiniň biziň zamanamyzyň özboluşly çeper nyşany hökmünde çykyş edýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirdiler.

Şeýle hem bu ýerde okuwçylara döwlet Baştutanymyzyň oturgyjynda oturyp görmäge idin berildi. Bu bolsa olarda uly ruhubelentlik döretdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň iş otagynda çagalar hakykat ýüzünde özlerini geljekki döwlet işgärleri hökmünde duýmaga mümkinçilik aldylar, olar bu gezelenjiň özlerinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen aýdyp, köp täze zatlary görendiklerini, ajaýyp “Oguzhan” Köşgüni diňe bir Aşgabadyň belent binagärlik keşbiniň aýdyň alamatlarynyň biri hökmünde däl-de, eýsem, onuň ykbalçözüji döwlet ähmiýetli meseleler çözülýän we örän möhüm çözgütler kabul edilýän ýurduň syýasy durmuşynyň merkezi bolup durýandygyna göz ýetirendiklerini tolgunmak bilen beýan etdiler. Emma iň esasy zat bolsa, bu gezelenjiň olarda geljekde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaly, öz eginlerine örän jogapkärli wezipeleri alyp bilýän ýalkymly watançylar bolup ýetişmek, Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna, türkmen halkynyň bagtly durmuşy ugrunda alnyp barylýan beýik işlere öz goşantlaryny goşup biljek adamlar bolup ýetişmek ýaly duýgulary oýarandygydyr.

Çagalaryň gezelenji “Oguzhan” Köşgüniň içki bag - seýilgäh toplumyna aýlanyp görmek bilen tamamlandy. Bu ýerde olar dürli güller, bezeg kompozisiýalary we suw çüwdürimleri bilen sazlaşýan bagy-bossanlygyň gözelligini synladylar.

“Oguzhan” Köşgünde körpe myhmanlara süýji nygmatlar, miwe suwlary, çaý hödür–kerem edildi.

Hoşlaşylan pursadynda ýaşajyk myhmanlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan okuwda we durmuşda uly üstünlikler arzuw etmek bilen ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýadygärlik surata düşen bagtyýar çagalar syýahaty guraýjylara şunuň ýaly netijeli we örän gyzykly gezelenç üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çaga kalplaryndan çykan hoşallyk sözlerini aýtdylar we milli Liderimiziň atalyk aladasyna jogap edip, yhlahly okajakdyklaryna, mähriban Watanymyzyň mynasyp raýatlary bolup ýetişjekdiklerine, ýurdumyza, halkymyza we milli Liderimize wepaly boljakdyklaryna ynandyrdylar.