Ï Tokaý zolaklary meýdanlary goraýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tokaý zolaklary meýdanlary goraýar

view-icon 2432
Köpetdagyň eteklerinde, ilatly ýerleriň we oba hojalyk ekin meýdanlarynyň töwereklerinde giň tokaýlyklar emele gelýär. Tebigy we senagat zolaklarynyň tokaýlaşdyrylmagy daşky gurşawa oňaýly täsirini ýetirýär, epgekleriň we tozanly ýelleriň zyýanly täsirini azaldýar, suwaryş ulgamynyň işini gowulandyrýar, topragyň aşa yzgarlylygyny duýdurýar, topragyň şorlamagynyň we batga öwrülmeginiň öňüni alýar.

Meýdan-gorag tokaý zolaklary uly melioratiw netijelilige eýedir. Bu günki gün daýhan birleşikleriň suwarymly ekin meýdanlarynyň töwereginde topragy işläp bejermäge oňat täsirini ýetirýän 3500 gektardan gowrak meýdan-gorag tokaý zolaklary döredildi. Şunlukda Was, Şasenem, Howuzhan giňişlikleriniň, Köpetdag we Köýtendag düzlükleriniň öňki suwarymly we täze özleşdirilýän ýerlerinde özboluşly tokaý landşafty emele gelýär.

Tokaý zolaklary oňaýly agrogurşawy kesgitleýär. Bu bolsa temperatura düzgüniniň üýtgäp durýan we endigan däl howa ýagynlarynyň, şeýle hem güýçli ýelli ýiti kontinental şertlerinde hökmanydyr. Ýurtda gorag tokaý zolaklaryny ulanmaklygy öwrenmekde baý iş tejribesi toplanyldy. Onuň maksady bolsa, topragyň hilini gowulandyrmakdan, suw akabalarynyň bugarmagyny azaltmakdan, ýerasty suwlaryň üýtgäp durmagyny durnuklaşdyrmakdan ybaratdyr.