Ï Türkmen paýtagtynda mekdep okuwçylarynyň arasynda kompýuter taslamalary boýunça IV Halkara olimpiadasy tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen paýtagtynda mekdep okuwçylarynyň arasynda kompýuter taslamalary boýunça IV Halkara olimpiadasy tamamlandy

view-icon 1104
Şu gün paýtagtymyzdaky Halkara türkmen-türk uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda kompýuter taslamalary boýunça IV Halkara olimpiadasy öz işini tamamlady.Olimpiadanyň netijelerini jemlemek boýunça dabara guraldy. Onuň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen göreldeli okuwçylaryň has tapawutlananlaryna dürli derejedäki medallaryň 94-si gowşuryldy. Olaryň hatarynda 15 altyn we 36 kümüş, 43 bürünç baýraklary bar.


Dört günlük olimpiadanyň netijeleri boýunça hormat münberiniň derejelerine bäş ugur boýunça ýerine ýetirilen taslamalaryň iň gowularynyň awtorlary çykdy. Şeýlelikde, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň ýaşajyk muşdaklary özleriniň ukyplaryny we kompýuter ulgamyndaky bilimlerini aýdyň beýan etdiler. Olar iň häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanamak arkaly häzirki döwürde surata düşüriş meýdançalarynda öz ukyplaryny synap görýärler. Ýaşlar dürli ugurlar boýunça 10 minutlyk synag filmlerini surata alýarlar we bezeg ussatlygynyň usullaryny öwrenýärler.

Olaryň taýýarlan onlarça üpjünçilik maksatnamalary bu ulgamda mynasyp bolan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi we olar Internet giňişliginiň dürli ugurlar boýunça saýdlaryna goýberildi. Ýaşlar üçin has derwaýys hasaplanan mowzuklar esasynda gysga metražly filmler surata düşürildi we olary öňdebaryjy multimediýa ulgamlarynyň kömegi bilen kebşirlendi.


Garaşylyşy ýaly, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen zehinli ýşlaryň taýýarlan kompýuter tehnologiýalarynyň taslamalary we olaryň özboluşly ylmy-tehniki açyşlary emin agzalarynda bolşy ýaly, olimpiada gatnaşyjylaryň özünde hem uly gyzyklanma döretdi. Olar bir-birleriniň taslamalaryny içgin öwrendiler we pikir hem-d tejribe alyşdylar.

Ähli sylaglaryň dörten bir bölegine türkmen okuwçylarynyň mynasyp bolmagy guwançly wakadyr. Aşgabada we ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän okuwçylaryň kompýuter taslamalarynyň 22-si 3 altyn, 6 kümüş we 13 bürünç medallara mynasyp boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.



Ýokary okuw mekdebiniň maslahatlar zalynda baýraga mynasyp bolanlara sylaglar, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.Olimpiadanyň belent münberinden dünýäniň onlarça ýurtlaryndan gelen myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we çäräni guraýjylara türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen mekdep okuwçylary Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezinde ýokary derejede dynç alandyklaryny, bu ýerde örän gyzykly medeni maksatnamanyň çäklerinde wagtlaryny hoş geçirendiklerini, ýurduň muzeýlerinde bolandyklaryny we Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanşandyklaryny uly guwanç bilen bellediler.

Bu iri halkara çäresiniň ahyrynda olimpiada gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.