Ï Pisse ýygnamak işleri dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pisse ýygnamak işleri dowam edýär

view-icon 1544
Mary welaýatynyň günortasynda, Badhyz belentliginde ýerleşýän Badhyz goraghanasynda pisse ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Awgust aýynyň ahyry we sentýabr aýy – pisse agajynyň miwelerini ýygnamak üçin iň amatly döwür bolup durýar. Pisse agajy uzak ýaşamaga ukyply bolup, ol birnäçe asyrlaryň dowamynda bäş metrden on metre çenli ösüp bilýär. Pisse agajynyň miwesi ýokumly iýmit hökmünde tapawutlanýar. Ol ösümlik ýaglaryna we ýokumlaryna örän baýdyr.

Badhyz tokay zolagy ýigrimi müň gektara golaý meýdany eýeleýär. Pisse agajy müň ýyllyklaryň dowamynda temperatura we çyglylyk düzgünlerine öwrenişendir: ýeterlik boý almak we bol miwe toplamak üçin olar biri-birinden, kada bolşy ýaly, ep-esli aralykda ösýärler. Bu bolsa olaryň kök ulgamynyň diňe bir ýokarlygyna boý almagyna täsir etmän, eýsem keseligine hem ösmegine täsir edýär. Şeýle-de bolsa, eýýäm geçen asyryň birinji ýarymynda bu ýerde tebigaty goramagyň aýratyn şertlerini döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Deňiz derejesinden müň metr belentlikde ýerleşýän bu ajaýyp künjegiň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak we öwrenmek maksady bilen, 1941-nji ýylda Badhyz döwlet goraghanasy döredildi. Onuň döredilmegi bilen sebitde iň iri pisse tokaýlygyny sorap saklamak başartdy.

Häzirki wagtda Badhyz Döwlet goraghanasy ajýyp tebigy muzeý, açyk asmanyň aşagyndaky iri ylmy merkez bolup durýar.