Ï Bereketiň täze mekdebi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bereketiň täze mekdebi

view-icon 1339
Şu gün Bereket etrabynyň merkezinde 520 orunlyk täze mekdep ulanmaga berildi. Bu döwrebap okuw binasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde guruldy.

Täze mekdepde kompýuterler we okuw-barlaghana enjamlary, interaktiw tehnologiýalary bilen üpjün edilen giň we ýagty okuw, lingafon, informatika otaglary bar. Ol enjamlar okatmagyň halkara ülňülerine laýyk gelýän usullaryndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Zähmet sapagy otagynda okuwçylaryň dürli zähmet endiklerini ele almaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Oglanlar bu ýerde agaç bejermegiň we tehnika abatlamagyň, gyzlar tikinçilik we aşhana ulgamynyň usullaryny öwrenýärler. Mekdebiň uly sport zaly bolup, ol zerur bolan türgenleşik enjamlary we beýleki sport gurallary bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem bu ýerde futbol, woleýbol we basketbol meýdançalary bar. Mekdebiň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, bag nahallary oturdylypdyr.

Täze mekdebiň açylmagy mynasybetli guralan dabara etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, etrap merkeziniň ilaty we şunuň ýaly ajaýyp sowgada mynasyp bolan okuwçylar gatnaşdylar.

Mekdep okuwçylary şowhunly aýdym-sazlaryň we ajaýyp çykyşlaryň üsti bilen öz şatlyklaryny, hoşallyklaryny mälim etdiler. Mekdebiň öňündäki baýramçylyk jheňinde bezelen meýdançada guralan medeni çäre örän şowhunly boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite kompýuterlere mynasyp bolan 1-nji synp okuwçylary öz şatlyklaryny goşgy setirleriň üsti bilen beýan etdiler.

Bu ýerde şanly wakanwň hormatyna, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.