Ï Aralyň töwerekleriniň sagdynlaşmagy ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aralyň töwerekleriniň sagdynlaşmagy ugrunda

view-icon 1011
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatlarynyň birinde Aral deňzi tarapyndan ýurduň çäklerine öwüsýän tozanlara we duzlara päsgelçilik bermek maksady bilen, Daşoguz welaýatynda Bötendag belentliginiň ýakynynda iri göwrümli tokaýmelioratiw çärelerini geçirmegi tabşyrdy.


Şu maksat bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenler topary nahal ekmek üçin gerek bolan ýerleri barlamak boýunça gyssagly ýagdaýda ekspedisiýa gözleglerini geçirdi. Saparyň dowamynda Bötendag sebitleriniň ekoulgamynyň häzirki ýagdaýy öwrenildi, duz öwüsýän ýerlerini kesgitlemek maksady bilen monitoring geçirildi, şeýle hem bu ýaramaz ýagdaýyň garşysyna göreşmek usullary takyklanyldy.

Alynan maglumatlaryň esasynda bu meýdançany tebigy şertlerini nazara almak bilen, teklipler işlenilip taýýarlanyldy. Selejerilen işleriň arasynda – „ýelleriň rozasy“ we ýel sebäpli çägäniň süýşmeginiň tizligi, ýerasty suwlaryň çuňlugy we olaryň gün üpjünçiligi, ýel sebäpli göçýän duzlaryň ugrunda tebigy päsgelçilikleriň bolmagy – uly göwrümli çukurlar, topragyň çuňlugynda ýerleşýän gadymy çeşme toplumy, jarlar we beýlekiler bardyr.

Döwlet baştutanynyň başlangyjy bilen ýurduň demirgazyk böleginiň giň çäklerini tokaýlaşdyrmak boýunça taslamasy gurap barýan Aralyň ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmaga, ýel duz göçmeleriniň öňüni almaga şert döreder. Bu ýerde alnyp baryljak işlere ýurduň Tebigaty goramak ministrliginiň welaýatlaryň ählisindäki Tokaý hojalyk müdirliginiň bölümleriniň hünärmenleri çekiler.

Çölüň şorlaşan ýerleriniň häzirki ýagdaýlaryny gowlandyrmaga şert döredýän ýeterlik tejribe türkmen alymlarynda toplanyldy. Meselem, bir ýyldan soň nahal ekilýän çyg toplanylýan zolaklarda sürüm işlerini geçirmek, ilkinji we soňraky ekilen nahallaryň synag edilmeginiň köp basgançylygy, gurak howa şertlerinde ösüp ýetişmäge uýgunlaşan ösümlikleri saýlamak ýaly işler geçirilýär.

Golaý wagtda ýurduň demirgazygynda nahal ekmek möwsümi bilen birlikde çölde sazak tokaýlygyny döretmek boýunça tebigaty goramak taslamalaryna badalga berilýär. Tokaýlaşdyrmagyň başgy tapgyrlarynda çöl howa şertlerine uýgunlaşan ýerli çerkez, ýylgyn, ak we gara sazak, çöl akasiýasy ýaly ösümlikler we beýlekiler ekiler.