Ï Ekerem sport şäherçesine öwrülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekerem sport şäherçesine öwrülýär

view-icon 791
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesinde häzirki zaman bedenterterbiýe-sagaldyş toplumyny işläp başlady. Täze bedenterbiýe-sagaldyş toplumy 2011-2020-nji ýyllar üçin bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek Milli maksatnamasynyň çäklerinde „Nebitýöritegurnamagurluşyk“ edarasynyň Körpeje Gurluşyk-gurnama nüdirliginiň we „Türkmennebir“ döwlet konserniniň gurluşykçylary tarapyndan guruldy.

Toplumda köpugurly türgenleşik enjamlary oturdylandyr, sport zallary, tennis meýdançalary enjamlaşdyrylandyr, binanyň töwerekleri – sport meýdançalary we ylgaw ýodajyklary gurulandyr. Bu ýere gatnaýanlaryň - Ekerem şäherçesinden we golaýda ýerleşýän Garadepe obasyndan gelýänleriň köpüsi ýaşlardyr. Nebitçiler işden boş wagtlary täze toplumyň sport toparlarynda sport bilen işjeň meşgullanýarlar.

Ýakynda bu ýerde „Türkmennebit“ döwlet konserniniň etrabyň çäklerinde işleýän önümçilik karhanalarynyň toparlarynyň arasynda kiçi futbol we intellektual oýunlar boýunça ýaryşalar tamamlandy.