Ï Türkmenistan-Ýaponiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Ýaponiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk berkidilýär

view-icon 1292
Şu gün D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda gündogar dilleri fakultetiniň mugallymlarynyň we ýapon dilini öwrenýän talyplarynyň düýn türkmen paýtagtyna gelen Ýaponiýanyň Sukubskiý uniwersitetiniň prorektory jenap Sujinaka Ýutakanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň maksady türkmen ýokary okuw mekdebinde gündogar dillerini öwretmegiň usulyýeti bilen tanyşmakdan, bilim alyşmalary babatda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Dünýäniň bilim ulgamynda özüni gowy tarapdan görkezen şeýle tejribe Türkmenistanda hem üstünlikli ulanylýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça degişli ulgamy düýpli özgertmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Ýapon myhmanlary üçin TMDDI bilen tanyşlyk guraldy. Onuň barşynda myhmanlar okuw auditoriýalaryna we elektron kitaphanasyna baryp gördüler, şeýle hem ýokary okuw mekdepler barada wideofilmleriň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdylar.

Ýapon ýokary okuw mekdebiniň wekilleri şeýle çäreleriň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge, şol sanda ynsanperwer ugurda pugtalandyrmaga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.