Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri oba hojalyk mallaryny doly bahaly iýmitlendirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin teklipnamalary işläp taýýarladylar. Olaryň hatarynda – iýmitleri mineral goşundylary bilen, husuanda mikroelementler bilen, baýlaşdyrmagy görkezmek bolar. Mikroelementleriň arasynda aýratyn hem kobalt, mis, marganes, sink we ýod hökmany bolup durýar.
Teklipnamalar geçirilen birnäçe iş tejribelerine esaslanýar. Köpetdagyň eteginde saryja tohumly goýunlar, göleler we öý towuklary hem-de ýurduň günorta-gündogar şertlerinde garaköli goýunlary mikroelement serişdeleri bilen iýmitlendirilende oňyn netijeler gazanyldy. Geçirilen çäreleriň netijesinde diri agram 16,5 göterim, gyrkym ýüňi 11,8 göterim ýokarlandy.
Biogoşundylar bilen iýmitlendirmek geçirilende mallaryň semreýändigine gözegçilik edildi. Bu bolsa onuň etiniň mramor ýaly ak, süýji, tagamly we ýakymly ysly, ýokumlylyk derejesiniň ýokary bolmagyna täsirini ýetirýär. Mundan hem başga, bu gymmatly iýmitde ereýän proteiniň we beýleki ekstrakt maddalaryň artýandygyny görkezýär.