Ï Professional-tehniki bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Professional-tehniki bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 1601
Türkmenistanyň Milli bilim institutynda mart aýynyň üçünji on günligine çenli 2011-nji ýylyň iýun aýynda badalga alan „Türkmenistanda professional-tehniki bilimiň hilini we ähmiýetini mundan beýläk hem gowlandyrmak“ taslamasynyň çäklerinde hereket edýän işçi toparlarynyň nobatdaky duşuşygy geçiriler. Onuň amala aşyrylmagyna, bir tarapdan edara başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerine gözegçilik edýan ýurduň dürli döwlet gurluşlarynyň hünärmenleri, beýleki tarapdan bolsa – Ýewropa Bileleşiginden hyzmatdaşlar gatnaşýarlar.

Ýurduň zähmet bazarynyň häzirki we geljekki zerurlyklaryny analitiki taýdan öwrenmek hem-de Türkmenistanyň hünär-tehniki bilim ulgamy tarapyndan teklip edilýän hünär taýýarlyk boýunça zähmet bazarynyň we hyzmatynyň zerurlyklarynyň arasynda balansy üpjün etmegiň ugurlaryny ýüze çykarmak - taslamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Taslamanyň çäkleri syýahatçylyk, gurluşyk we oba hojalygy boýunça başlangyç we orta hünär okuw mekdebiniň on bir ugruny öz içine alýar. Häzirki wagtda olaryň binýadynda okuw prosesine hazirki zaman iş usullaryny we usulýeti ornaşdyrmak boýunça işler işjeň alnyp barylýar.

Taslamanyň tamamlaýjy tapgyrynda milli tälimçiler toparyny döretmek göz öňünde tutulýar. Hünär-tehniki bilim maksatnamasyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly ýokary derejeli orta hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça öňdebaryjy halkara tejribelerini mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrmak bu toparyň esasy wezipesi bolar.