Ï Türkmen talyplarynyň olimpadada mynasyp üstünlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplarynyň olimpadada mynasyp üstünlikleri

view-icon 1301
Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň talyplary 4-nji toparlaýyn Halkara internet-olimpiadasynda bürünç medallarynyň dördüsini almagy başardylar. Bu bäsleşik Israýil tarapyndan guralyp, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan 100-den gowrak topar gatnaşdy.


Bu olimpiada bäsleşigine biziň ýurdumyzdan her birinde dört talypdan ybarat bolan üç topar gatnaşdy. Olimpiadanyň blisbasleşiginde tejribeli kapitan – bäşinji ýylyň talyby Pirmyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen toparyna birinji bürünç medalyny almak başartdy. Pirmyrat şular ýaly halkara bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisidir.

Olimpiadanyň indiki tapgyrynda türkmen toparlarynyň üçüsi birden şeýle netijäni görkezmegi başardy.

Bu ýokary okuw mekdebiniň matematika fakultetiniň iň gowy oýunçylarynyň altysy şu ýylyň 21-25-nji martynda Afinada (Gresiýa) geçiriljek uniwersitetleriň talyplarynyň 7-nji Günorta-Gündogar Ýewropa matematika olimpiadasyna (ÝUWEMOSU_2013) gatnaşmaga taýýarlyk görýär.