Ï Okuw wideoköprüleriniň estafetasy ýaýbaňlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Okuw wideoköprüleriniň estafetasy ýaýbaňlanýar

view-icon 1197
Nobatdaky wideoköpri Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplaryny we Türkmen döwletarhitektura-gurluşyk institutynyň talyplaryny bütewi bilim giňişligine birleşdirdi. Ýokary okuw mekdebinde geçilýän hünärlere laýyklykda, bideoköprüniň tehniki tarapyny şular ýaly okatmagyň häzirki zaman görnüşi adata öwrülen aragatnaşyk ulgamynyň geljekki hünärmenleri üpjün etdiler.

Türkmen döwler ulag we aragatnaşyk instituty dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralýan okuw wideoköprüleriniň gurnaýjylary bolup köp sapar çykyş etdiler. Şol bir wagtyň özünde hem olar mugallymlaryň we degişli pudaklaryň hünärmenlerinden ybarat bolan tejribeli halypalardan hünär taýýarlygynyň möhüm ugurlary boýunça leksiýa tapgyrlaryny geçirmäge gatnaşdylar.

Bu geçirilen çäräniň çäklerinde talyplara bilelikdäki sapaklary geçirmek iki gün dowam etdi. Onuň birinji gününde Arhitektura-gurluşyk institutynyň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymy Ejeş Orasähedowa „Gurluşyk önümleri“ temasy boýunça talyplara leksiýa okady. Mugallymyň bu çykyşy Internet arkaly onlaýn düzgüninde ulag we aragatnaşyk institutynda görkezildi.

Ertesi gün bolsa, binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlaryndan we talyplarynda ybarat bolan topar „hyzmatdaş“ institutyň wekilleri üçin Lebap welaýaty boýunça özboluşly syýahat guradylar. Bu syýahatyň çäklerinde olar Köýtendag etrap merkezinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Garlyk şäherçesiniň golaýyndaky täze sement zawodynyň açylşynyň şaýady boldylar. Şeýle hem paýtagtyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri durmuş-ykdysady ösüş üçin, özi hem diňe bir Türkmenistanyň günorta-gündogar bölegi üçin däl, eýsem biziň ýurdumyzda transmilli ulag geçelgesiniň çalt depginler bilen emele gelmeginde örän uly ähmiýete eýe bolan Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi awtoulag köprüsiniň ulanmaga berilmegi mynasibetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdylar.

Geljegi uly bolan bu desgalara barlyp görülmegi talyplaryň önümçilik tejribeleriniň şertlerinde göz öňünde tutulandyr. Onuň çäklerinde biziň ýurdumyyzň gurluşyk ýokary okuw mekdebiniň wekilýeti ulgamyň aýratynlyklary we köprüniň gurluşygy bilen giňişleýin tanyşdyryldy, sement zawodynyň himiýa barlaghanalarynda, ony dolandyrmagyň nokadynda bolup gördüler, onuň netijesinde bu ýerde iş akymy amala aşyrylýar. Önümçilik ulanylýan gurluşyk önümlerini öwrenmeklige aýratyn üns berildi.

gurluşyk senagatynyň iri kärhanalarynyň biri, umumy tutýan meýdany 60 gektar bolan bu häzirki zaman kärhana barada umumy täsirler hem-de bu ýerde onuň işgärleriniň ýokary öndürijilikli işlemekleri üçin döredilen şertler bu kärhana syhat etmeklige esaslary döretdi.

Arhitektura-gurluşyk institutynda şular ýaly distasion sapaklaryň geçirilmegini guramak ýokary okuw mekdebinde taýýarlyk görmegiň örän ýaýbaňlandyrylan görnüşi boldy. Bu ýokary okuw mekdebi wideoköpriniň geçirilmegini başlangyç bilen çykyş etmek bilen, Marydaky Türkmen döwlet energetika instituty bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Soňky geçirilen sapaklaryň hatarynda energetika instituty tarapyndan guralan „Türkmenistandaky energostansiýalar“ temasy boýunça iňlis dilindäki wideoleksiýany görkezmek bolar.

Arhitektura-gurluşyk we energetika institutlary täze hünäri - energetika menejmentini bu ýokary okuw mekdepleriniň hünärleriniň sanawyna goşmaga gönükdirilen „TEMPUS“ ýewropa taslamasynyň çäklerine birleşdirilendir. Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşy we taslamanyň utgaşdyryjysy Bilefeld şäheriniň (Germaniýa) Telekeçilik ýokary mekdebi bolup durýar. Bu mekdebiň mugallymlary „wirtual“ gepleşikleriň netijesinde öz türkmen kärdeşleri bilen hakyky wagt kadasynda wideoaragatnaşyga birnäçe gezek çykdylar.

Distansion okuw geçmegiň şular ýaly häzirki zaman usuly Türkmen döwlet arhitektura-gurluşyk institutynyň okuw tejribesine eýýäm mäkäm ornaşdy. Bu ýerde ilkibaşda fakultetleriň arasynda, şeýle hem aýratyn kafedralaryň we okuw otaglarynyň arasynda aragatnaşygyň bu hazirki zaman görnüşi üstünlikli synagdan geçdi hem-de bu iş işjeň dowam etdirilýär.