Ï „Türkmengeologiýa“ – 75 ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Türkmengeologiýa“ – 75 ýyl

view-icon 1312
Şu ýyl „Türkmengeologiýa“ gullugynyň döredilmegine 75 ýyl dolýar. Ol Orta aziýa geologiýa tresti ýatyrylandan soňra, Türkmen territorial geologiki müdirligi döredilende 1938-nji ýylda esaslandyryldy.

Korporasiýanyň baýry bölümleri hem özleriniň şanly senelerini belleýärler. Şu ýylyň bahar paslynda biziň ýurdumyzda peýdaly gazylyp alynýan ýataklary gözlemek we razwedka geçmek bilen meşgullanýan Türkmen gelogiki gözleg ekspedisiýasyna 55 ýyl dolýar weKöýtendag geologiýa gözleg ekspedisiýasyna 65 ýyl dolýar.

Şeýle hem „Türkmengeologiýa“ DK düzüminde Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda ýerleşýän dört sany „Nebitggazözleg“ müdirlikleri bar. Olaryň hünärmenleri gury ýerde çuňluklarda gözleg-barlag burawlamaga gönükdirilendir we nebtiň we tebigy gazyň känlerini agtarma işlerini geçirýärler. „Türkmengözleggeofizika“ müdirliginiň we oňa degişli geofiziki ekspedisiýasynyň üçüsiniň işleri seýsmiki usul bilen uglewodorodlaryň – nebitiň we tebigy gazyň täze ýataklaryny gözlemäge gönükdirilendir. Bu bölümler Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda ýerleşýär. Geofizikler häzirki zaman tehnikasynyň kömegi bilen diňe bir ýerasty baýlyklary tapman, eýsem olaryň ýatan ýeriniň çuňlugyny kesgtlemek we nebitiň we gazyň toplanyşynyň görnüşini kesgtlemek bolup durýar. Alynan geologiýa-geofiziki maglumatlaryň esasynda hünärmenler toplanan peýdaly maddalary berk seljerýärler hem-de soňra bolsa buraw geçirmegiň nokadynyň nirdedigini kesgitleýärler. Ondan bolsa täze guýy, mümkin täze ýatak hem işläp başlaýar.

Şeýle hem „Türkmengeologiýa“ DK bölümlerinde Ahal, Balkan, Mary we Daşoguz welaýatlarynda gözleg işlerini alyp barýan dört sany gidrogeologiki ekspedisiýa bar. Bu ekspedisiýanyň işleri ýerasty arassa, senagat we mineral suwlaryny gözlemäge gönükdirilendir, şäherleriň, uzak ýerlerde ýerleşýäm şäherçeleriň suw üpjünçiliginiň gowlandyrylmagy üçin yzygiderli üstüni ýetirmekden, öri meýdanlaryny suwlandyrmakdan, oba hojalyk ekinlerini suwarmakdan ybaratdyr

Geologik gözlegçiler – bu diňe bir peýdaly gazylyp alynýan magdanlary gözleýjiler bolman, eýsem meýdan şertlerinde alan ilkinji önümlerini – dagyň çuňluklaryndan – guýulardan, jarlardan, çukurlardan, garymlardan çykarylýan dag jynyslarynyň nusgalyk önümlerini barlaghanalarda işläp taýýarlaýarlar. Ýüzlerçe metr güňluga uzaýan guýulardan alynan önüme kern diýilip atlandyrylýar. Mineral çig malynyň beýleki görnüşleri ýaly, şular ýaly nusgalyklarda hem minerallaryň beýleki görnüşleriniň, himiki we beýleki peýdaly komponentleriň bardygy ýa-da ýokdugy barlaghanalarda seljerilýär. Geologiýa gözlegçiler bilen ýurtda iň iri, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen „Türkmengeologiýa“ DK Merkezi önümçilik barlaghanasy we Ylmy-gözleg geologiýa –gözleg instituty hem ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýarlar..

Ýurduň geologlary Türkmenistanyň gazylyp alynýan baýlyklary çykarýa pudagynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar, senagat önümçiligini çig mal bilen üpjün edýän ýataklary işläp taýýarlamak we ulanmak işlerini üstünlikli alyp barýarlar.