Ï Türkmen mandragorasy Aşgabatda ösýär...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen mandragorasy Aşgabatda ösýär...

view-icon 2864
Türkmen paýtagtynyň merkezinde Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň binalarynyň arasynda synag meýdançasynda irki baharda hakyky täsinligi synlamak bolýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýabany ösýän soganlar, beýleki ösümlikler biri-birine degişip asüp otyrlar. Raddeýeniň owadan turaşçalarynyň 20-den gowrak düýbi owadan ekilip keşlerde öz jaňjagazalryny çyp otyrlar. Häzir olar biwe düwüp başlan bolsalar, ýabany soganlar güllemek üçin dikligine boý alýarlar, ýabany çigildemler açylup başlady. Şeýle hem bu ýerde, çolaja ýerde Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynyň ýurduň gadymy ösümlikleriniň wekilleriniň biri bolan türkmen mandragorasynyň sekiz düýbi ösüp otyr.



Türkmen ösümlik dünýäsiniň mandragorasy – gadymy ösümlikleriň biri bolup, ol itüzümler maşgalasyna degişlidir. Onuň gülüniň reňki garamtyl-gögümtil bolup, ol noýabr aýynyň ortalaryna gülleýär, miwesi bolsa iýun aýynyň ikinji on günlügiinde ýetişýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen, onuň ýapaklary ňsmegini bes edýär, gyzgyn howanyň başlamagy bilen bolsa bu ösümlik indiki güýze çenli uka gidýär. Mandragora türkmen tebigatynda günorta-gaünbatar Köpetdagda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň jülgelerinde ňsýär. Ol bu ýerleriniň –Dagdanly, Altybaý, Hozly, Sünt, Sarymsakly jülgeleriniň ýene-de bir endemiki ösümligi bolan derži-bagynyň tokaýlyklaryny bilen ýanaşyk ýörde ösýär. Mabdragora daşky görnüşi boýunça podidoryň ýetişmedik görnüşine meňzeşdir, şeýle miwäniň birinde 7-9 tohum emele gelýär. Mandragoranyň bölekleriniň (köki, baldagy, ýapragy, gülleri, miweleri) düzüminde alkaloidler bolandygy sebäpli olar zäherlidir. Ösümligiň bu aýratynlyklaryny gadymy lukmançylykda agyrny aýyryjy aerişde hökmünde ulanylypdyr.



Ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň hünärmenleri birnäçe ýyl bäri Aşgabadyň gurak we yssy howa şertlerinde türkmen mandragorasynyň introduksiýasy we ösdürip ýetişdirilmegi bilen meşgullanýaralar. Mandragora 12 ýaşa ýetende gülläp başlaýar, bu ösümlik entek ýaş bolandygy sebäpli tejribe meýdançasynda entekler güllemez. Mandragoranyň Aşgabatda Botanika bagynda gülleýändigini birnäçe ýyl bäri gözegçilik edip gelýärler.