Ï «Gowy pikir bar!»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gowy pikir bar!»

view-icon 2115
Türkmen döwlet nebit-gaz institutynyň talyplary GDA gatnyjy döwletleriň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Gowy pikir bar!» atly II-nji ylmy – döredijilik festiwalynyň ýeňijileri boldular. Festiwalyň ýeňijilerine baýrak gowşuryş dabarasy Azerbaýjan respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirildi.

Türkmenistan tarapyndan on üç sany taslama hödürlendi. Nebit-gaz ulgamynyň geljekgi hünärmenleriň dört sany taslamasy bilen bir hatarda halkara ylmy-döredijilik festiwalynyň ýeňijisi bolmak ugrunda Türkmenistanyň oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary hem göreşdiler.


«Gowy pikir bar!» atly ylmy – döreijilik festiwalynyň tehnologiýa we progress görnüşinde Türkmen döwlet nebit-gaz institutynyň geologiýa bölüminiň talyplary Ejeş Jumanyýazowa we Mergen Babaýew pul baýragyna hem-de diploma mynasyp boldular. Olaryň „Nebitgaz ulgamy boýunça köp dilli elektron sözlügi“ atly bilelikde ýerine ýetirilen taslamasy ikinji orna mynasyp boldy.

Nebit-gaz ýokary okuw mekdebiniň maglumat tehnologiýasy merkeziniň ýolbaşçysy, tehniki ylymlaryň kandidaty we ýaşlaryň halypasy Rejep Mahmudow bu taslamanyň aktuallygyny , şu döwrüň kagyz sözlükleriniň häzirki zaman adalgalaryny dolulygyna özünde jemlemeýänligi bilen şertlendirdi. Giňden ýaýran türkmen diliniň elektron sözlükleri ýeke sözi ýa-da gysga söz düzümini terjime edýär. Taslamanyň maksady –adalga sözlükleri özünde jemleýän bar bolan kitap we elktron sözlükleri hemmetaraplaýyn öwrenip, gelejekde olary köp dilli elektron sözlüklerinde jemlemekden ybaratdyr.