Ï Goraghanalaryň „Tebigatynyň ýyl ýazgylary“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Goraghanalaryň „Tebigatynyň ýyl ýazgylary“

view-icon 2425
Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynyň ylmy bölümleriniň hünärmenleri ýylsaýyn aýratyn goralýan tebigy zolaklarynyň çäklerinde tebigy toplumlaryň we olaryň aýratyn alamatlary boýunça maglumatlary ýygnaýarlar. Bu geçirilýän yüygiderli gözegçilikler „Tebigatyň ýyl ýazgylary“ atly kitaba geçirilýär.

Biosferanyň görnüş ýagdaýynyň üýtgäp durmagyny barlamak, ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän we ýitip ýok bolup barýan görnüşlerini saklamagyň we gaýtadan dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak – bu ýyl ýazgysynyň esasy wezipesidir.


Bu ýerde diňe tertipleşdirilen, gysgaça beýan edilýän ylmy maglumatlar getirilýär. Şeýleleik bilen esasy maglumatlar gysgaça reswirnamalar we fotosurat resminamalary bilen tablisa görnüşinde berilýär. Goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsinde bolup geçýän döwürleýin we döwürleýin däl üýtgeşmeleriň ählisi hasaba alynýar. Bu ylmy işde ösümlikleriň we haýwanlaryň ählisiniň ady üç dilde – latyn, türkmen we rus dillerinde berilýär.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan ýyl ýazgylaryny alyp barmagyň bütewi usulýeti tassyklanyldy. Ol okuw we türgenleşik sapaklarynda özleşdirilýär, ýylsaýyn kämilleşdirilýär.Häzirki wagtda onuň düzümine sekiz bölüm - antropogen ýagdaý, relýef, howa, toprak, suw, ösümlik, haýawanat dünýäsi, şeýle hem ýylyň möwsüm döwürlerine bölünişi ýaly bölümler girýär.

Ýygnalan materiýallar jemlenilýär hem-de aýratyn jiltlerde iki sany başky nusgalarda taýýarlanylaýr. Olar ylmy-tehniki geňeşde goralandan soňra Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň arhiwinde we goraghananyň özünde saklanylýar. Häzirki wagtda nobatdaky goraga taýýarlyk görülýär.


Türkmenistanda döwlet goraghanalrynyň 8-si, zapowedniklerň 15-si we ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek duş gelýän gürnüşlerini köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek boýunça nahahanalar bardyr. Lebap welaýatynyň çäklerinde döwlet goraghanalarynyň üçisi ýerleşýär. Ol Amyderýanyň orta akymynyň hem-de oňa ýakyn ýerleşýän çöllük meýdanlarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorapsaklamak maksady bilen döredilen ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Amyderýa goraghanasydyr. Repetek biosfera goraghanasy – Merkezi Garagumyň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Köýtendag goraghanasy bolsa, dag ekologiki ulgamyny we derçanyň ugrundaky oňa golaý ýerleşýän ýerleri gorap saklamak maksady bilen döredildi.

Badhyz goraghanasy gulanlaryň sanyny köpeltmek we hem-de iň iri pisse tokaýlyklaryny goramak maksady bilen döredildi. Bu goraghananyň çäkleri ýerleşişi boýunça hem Ajhal welaýatyna, hem Mary welaýatyna degişlidir. Eýeleýän çäkleri boýunça iň uly goraghana bolan Gaplaňgyr goraghanasy üstýurt dag goçlaryny, gulanlary, jerenleri we medoýedi goramak we olaryň sanyny köpeltmek maksady bilen döredildi. Ahal welaýatynda Merkezi we Günorta Köpetdagyň ekologiki ulgamyny goramak maksady bilen Köpetdag goraghanasy döredildi.


Balkan welaýatynda özüniň gurluş taýdan dürli bolan iki sany goraghana ýerleşýär. Hazar goarghanasyny ornitologiki goraghanasy diýip, doly hasap etse bolar, Sünt-Hasadag goraghanasy bolsa botanika häsiýete eýe bolup, onuň döredilmegi Magtymguly etrabynda ýabany ösümlikleriň medeni görnüşleriniň köp sanlysynyň, şeýle hem türkmen ösümlikler dünýäsinde seýrak duş gelýän türkmen mandragorasynyň ösýändigi bilen baglanyşyklydyr.