Ï Öňdebaryjy tejribe öwrenilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňdebaryjy tejribe öwrenilýär

view-icon 2017
Türkmen wekilýeti Wengriýanyň bilim ulgamynyň tejribesini öwrendi. Bu iş sapary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite buýrugynyň çäklerinde geçirildi.

Wekilýetiň düzümine Bilim ministrliginiň, Milli bilim institutynyň we Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty ýaly,birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bar. Sapayň dowamynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Wengriýanyň sport gurluşlarynyň birnäçesiniň wekilleriniň arasynda bilelikdäki okuw-türgenleşik sapaklaryny geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem türkmen wekilýeti Gyşky sport köşgüne we Wengriýanyň paýtagnyň stadionlaryna baryp gördüler. Wekilýet guramaçylyp işleriniň tejribelerini öwrendi we bu sport merkezleriniň üpjünçiligi bilen tanyş boldy.

Budapeştde ýerleşýän Myhmahana hojalygy instituty, Daşary ýurt syýahatçylygy we ykdysadyýet institutlary bilen geljegi uly bolan hyzmatdaşlyga tarap bir ädim ädildi. Olaryň binýadynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplaryny tejribe taýdan okatmak göz öňünde tutulýar.

Wengriýa Respublikasyna bolan iş saparynyň dowamynda türkmen wekilýetiniň agzalary üçin bilim ulgamynyň beýleki ýolbaşçylary bilen hem möhüm duşuşyklar guraldy.