Ï Geografiki atlar halk dilinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geografiki atlar halk dilinde

view-icon 8272
Şu ýyl „Ylym“ neşirýatynda Halk geografiki adalgalaryň sözlügi neşir edildi. Türkmen dilinde neşir edilen bu kitap Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyň hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyň hünärmenleriniň ýardam bermeklerinde taýýar edildi.

Geografiýa ylymlarynyň kandidatlary, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyň direktory Paltamet Esenow we bu institutyň esasy ylmy işgäri Öweznyýaz Gurbanow, şeýle hem filosofiýa ylymlarynyň doktory Soltanşa Atanyýazow bu kitabyň awtorlarydyr. Alymlaryň bu işi ýatdan ýykarylan ýa-da könelişen arhaizmleri. Häzirki zaman türkmen dilinde az ulanylýan ýa-da Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýüz ýyllyklaryň dowamynda ýerli ýagdaýda ulanylýan adalgalary, düşündirişleri we kesgitlemelerei toplap, olara ylmy esasda geografiki häsiýetleri bermekden ybaratdyr.


Sözlük diňe gadymy gündogar edebi ýadigärliklerinde, ýazuw çeşmelerinde we hronikalarada seýrek gabat gelýän halk adalgalarynyň we başga dillerden giren sözleriň 2300-sini özünde birikdirýär. Bu halk sözleriniň we söz düzümleriniň ajaýyp sözlügi bolmak bilen, olar türkmen halkynyň gepleşik hallarynda ulanylypdyr we haçan-da biw wagtlar Garagumda syýahat edýänleriň tarapy kesgitlemelerinde ulanylypdyr. Işiň dowamynda öz ähmiýetini ýitiren, manysyny gaçyryan, ýatdan çykarylan sözleriň gadymy we häzirki zaman geografiki atlara ýa-da toponimlere girýändigi ýüze çykaryldy. Şonuň üçin hem adalgalaryň many taýdan gaýtadan dikeltmek mümkinçiligi öwrenildi, toponimleriň gelip çykyşynyň çeşmeleri öwrenildi.

Şeýlelikde, dünýäniň taraplarynyň halk tarapyndan atlandrylyşy kerwençilere ýer barada goşmaça maglumat berýän maglumat beriş häsiýete eýe bolupdyr. Kitabyň sahabynda dünýäniň esasy dört tarapynynyň we dört sany hem aralayk taraplarynyň shemasy şekillendirilipdir. Sekiz sany rumblaryň ählisi – häzirki wagtda belli bolan we ňz manysyny ýitiren, ýöne gadym wagtlardan bäri giňden ulanylan gysgaça manydaş sözler bilen berilýär. Demirgazyk we gündogar iki manydaş sözden – dört sany („batar“ we ş.m.) günorta bolsa – bir söz bilen – („günorta“) berlipdir. Şunlukda, halk arasynda demirgazyk ugry „şemal“, demirgazyk-günorta bolsa – „arka“ diýen manyny beripdir. Meselem, günorta-günbatar „kybla“, „ileri“, şeýle hem „öýle guşluk“ - edil „günortdan soňra gün çuş uçar belentlige galdy“ diýen manyny beripdir. Günorta-günbataryň bir atlandyrylyşy „guşluk“ - „günortana çenli güm guş uçar belentlige galdy“ diýip atlandyrylypdyr.

Kitapda birnäçe ýerleriň ownuk, iri we iri göwrümli geografiki kartalary görkezýän tablisasy ýerleşdirilipdir, olaryň haýsy ýerde nähili aralygynyň bardygy takyklanypdyr, gündogar we aý senenamasy boýunça maglumatlar getirilipdir, şeýle hem Garagumuň çägeliginiň düzüm tapawudy hem-de ýylyň iň sowuk we yssy bolýan wagtlary („çille“) görkezilýär. Sözlükde ýeriň wetopragyň substratynyň arasyndaky tapawut ylmy maglumatlar bilen anyk görkezilipdir, olaryň dürli parametrleri görkezilipdir.

Syýahatçy üçin aňyrsy görünmeýän çöllükde gymmatly maglumatlary berýän ýeri çelgi etmäge hyzmat edýän geografiki alamatlaryň tebigy desgalara salgylanyp berilendigi sebäpli, olar geografiki „atlaryny“ daşky görnüşleri, ýeriň ýa-da dagyň reňklerine görä ýerleşişi - belli desga oý ýerdemi ýa-da dag belentliginde ýerleşýändigi boýunça alypdyrlar. Sözlügi düzmek boýunça ylmy-gözleg işinde daglary, gowklary, belentlikleri, ýerleriň relýefiniň alamatlary, ýollary, çeşmelerini atlandyrmakda ulanylan halk geografiki adalgalary ulanyldy.

Meselem, türkmen edebi dilinde „çeşme“ diýlip atlandyrylýan suw çeşmesi ýa-da gözbaş, Günbatar Türkmenistanda „göz“ diýlip atlandyrylýar. Obrazly beýan edilende adamlar ony daglaryň „gözinden“ suwuň gözýaşy ýaly arassa suw akýar diýip aýdýarlar. Sözlügiň sahypalaryny agtaryp, şunuň ýaly ajaýyp mysallary görmek bolýar. Meselem, saý edebi dilde „güzer“ diýlip atlandyrylýar, ýňne ol „olum“ diýlip hem atlandyrylyp biliner. Edebi dilde „yk“ ýelden goralýan ýer hökmünde gelýär, birnäçe şiwe dillerinde ol „günorta“ diýlip atlandyrylýar. „Tüm“ sözüniň häzirki wagtda atlandyrylyşy çölüň jümmüşindeki ýeri aňladýar. Bu entek hemmesi däl. „Tüm“ – bu ýene-de „ýerasty otag“ „lagymyň üstünden edilen deşik“, „geçmesi kyn bolan çägelik“, „depe“, „çäk“ - salgylanma ýa-da haýsydyr bir zadyň arasyndaky sehetdi aňladýa depe, şeýle hem ak öýüň ýokarsyndaky halka bolup durýar.

Bu neşir ýurduň Baş milli kitaphanasynyň weYlymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň toplumynyň bir bölegi bolar. Şeýle hem ony Türkmenistanyň YA pudaklaýyn ylmy-gözleg institutlarynyň alymlary, Tebigaty goramak ministrliginiň düzüm bölekleriniň işgärleri alarlar. Bu kitap geografiýaçylar, dilçiler, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we aspirantlary, şeýle hem biziň ýurdumyzyň taryhy, toponomiki we etnografiýa bilen gyzyklanýanlar üçin, türkmen dilini öwrenýänler we giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.