Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň gatnaşmagynda Oba hojalyk we Bilim ministrlikleriniň gurnamagynda “Ganatly bedewler berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda TOHU, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallaynlary we talyplary ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamak, seçgiçilik we tohumçylyk işlerini alyp barmak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak we dünýäniň iň gowy tejribelerini, şol sanda ýurduň ähli welaýatlarynda gurlan atçylyk sport toplumlarynda ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçrilen bu maslahatyna ýurduň meşhur seýisleri A.Gazakow we B.Meredow hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Maslahatyň dowamynda atçylygyň dürli ugurlary boýunça, ahalteke atlaryny pasportlaşdyrmak boýunça çykyşlar edildi, ahalteke atçylyk zawodlaryny ösdürmek we beýleki meseleler boýunça öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
Maslahatyň plenar mejlisiniň dowamynda çykyş eden maldarçylyk kafedrasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, ahalteke atlarynyň owadanlygynyň bäsleşiginiň halkara eminleriniň agzasy M. Rejepgulyýew atlaryň bu tohumynyň wekilleriniň iň owadanlaryny saýlap almak üçin bäsleşigi iki tapgyrynyň geçirilendigini belledi. Bäsleşige gatnaşan bedewleriň ählisi öz owadanlyklary bilen emin agzalaryny we tomaşaçylary haýran galdyrdy. Ýöne baş baýrak has owadan ata berler. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň maksady – tohumçulyk ugruny şöhratlandyrjak ahalteke tohumyny hil taýdan iň gowularyny saýlap almak bolýar.
Şu ýyl Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp, bäşinji sapar geçrilýän “Türkmen bedewi we dünýä atçylyk sungaty” ady bilen geçirilýän halkara ymy maslahat bilen bilelikde ilkinji sapar halkara sergi ýarmarkasy geçiriler. Bu foruma daşary ýurt wekilleriniň onlarçasy – hususy atşynaslar we köp ýurtlardan hünärine ussatlar gatnaşar. Türkmen atşynaslary atçylyk auksionlaryny, sergilerini we pudaklaýyn tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek boýunça tejribelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, soňky ýyllaryň dowamynda Fransiýada, Germaniýada, Belgiýada we BAE boldular.
Ahalteke tohum atlarynyň, baş sanynyň hasabaty, pasportlaşdyrmak we ahalteke tohumly atlaryň arassa ganlylaryny ýüze çykarmak boýunça Tohumçylyk kitabynyň üstünde işlenilýär. Çapyksuwarlara özünde gerek bolan maglumatlary saklaýan ýörite çip oturdylýar. Bu özboluşly elektron “pasportydyr”. Atçylygy alyp barmak halkara ölçeglerine laýyk getirilýär. Bu bolsa türkmen bedewlerine halkara bäsleşiklerine gatnaşmaga ýoly açýar.
Halkara epizootiki gullugyny wekilleriniň gelemegi TOHU durmuşynda ajaýyp çäreleriň biri boldy. Olar atçylygy, weterinariýa we zootehnikany öwrenmek bilen, biziň ýurdumyzda iki hepdeläp boldular. Bu halkara guramasyna 178 döwlet, şol sanda Türkmenistan hem girýär. Bu gullugyň hünärmenleri maldarçylyk boýunça, hususan-da atçylyk hünäri boýunça öwrenilýän sapaklar bilen tanyş boldylar, maldarçylyk kafedrasynyň talyplarynyň öňünde birnäçe okuw sapaklary bilen çykyş etdiler.
Häzirki wagtda oba hojalyk uniwersitetinde atçylygyň praktiki ähmiýetli ugry boýunça sapaklar dünýä tejribesini we nesillerden nesillere geçirilip gelinýän türkmen seýisleriniň toplan tejribeleriniň müňýyllyklar milli mirasy esasyny nazara alýan okuw maksatnamasyna laýyklykda geçirilýär. Okuw-sapaklaryň arasynda atlaryň anatomiýasy we fiziologiýasy, iýmitlendirmek, bedewleriň keseleri we şikesleri, hususy atçylyk, atçylyk porty we milli at üstündäki oýunlar – at çapyşyklar we beýlekiler bar.
Bu ýokary okuw mekdebiniň tejribe hojalygynda oba hojalyk mallary we guşlar, ahalteke atlarynyň binäçesi saklanylýar. Olaryň biri bolsa – üç ýaşar Galkesen ahalteke bedewleriniň arasyna geçirilen gözellik bäsleşiginiň birinji tapgyryna gatnaşdy.
Indi iki ýyl bäri atçylyk hünäri boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýurduň baýry ýokary okuw mekdepliniň biri bolan ýokary okuw mekdebinde golaýda uly baýramçylyk bolup geçdi: Türkmenistanyň Prezidentininiň sowgady hökmünde bu ýokary okuw mekdebine çapyksuwarlary taýýarlaýan interaktiw trenažer gowşuryldy. Bu praktiki ähmiýeti uly bolan enjam diňe bir at çapmagyň usulyny monitorda yzarlamaga müminçilik bermän, eýsem bu hünär boýunça teoretiki bilimi artdyrmaga, aty çapmagyň inçe syrlaryny özleşdirmäge mümkinçilikleri berýär. Bu trenažer enjamy üçin ýörite okuw otagy bölünip berildi. Häzirki wagtda bu ýerde oňa degişli enjamlar gurnalýar.