Ï Talyplaryň döwrebap gözlegleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplaryň döwrebap gözlegleri

view-icon 1521
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň her ýyl geçirýän ýaş alymlarynyň bäsleşigine Türkmen döwlet nebit - gaz instituty 50-den gowrak ylmy taslamalaryny hödürledi.

Umuman aýdanymyzda, institutyň alymlar geňeşiniň ýanynda döredilen ýörite toparyň garamagyna gatnaşjak ýaşlardan ýüzden gowrak ylmy işler geldi. Olaryň iň döwrebaplary bu abraýly bäsleşige hödürlenmäge mynasyp bolarlar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda gatnaşyjylaryň ünsi ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin iň wajyp sekiz sany ugruna çekildi. Olar: agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak; ekologiýa we tebygy baýlyklary oýlanyşykly ulanmak; energetika; ýangyç we ykdysadyýet; himiki tehnologiýalar we bäsleşige ukyply täze önümleri döretmeklik; gurluşyk; binagärlik we seýsmologiýa; lukmançylyk we derman serişdelerini öndürek; informasion we telekommunikasion tehnologiýalar; ykdysadyýet we gumanitar ylymlar.

Umumy ýokary okuw mekdebi boýunça iň köp ylmy taslamany nebit-gaz fakulteti boldy. Ýokary okuw mekdebiniň 56 sany ylmy işiniň 18-si bu fakultetiň hödürlän ylmy taslamalarydyr. Olaryň köpüsi energetika ulgamynyň wajyp meselelerine we ýangyç-ýaglaýjy materiallary tygşytly we oýlanyşykly ulanylmagyna bagyşlanan. Olaryň birnäçesi burawlama işini işjeňleşdirmäge, burawlaryň we enjamlaryň işleýşiniň netijeliligini artdyrmaklyga, burawlaryň nebit öndürijiligini ýokarlandyrmaklyk we ulanylyşyny gowulandyrmaklyk bilen bagly.

Ylmy gözlegleriň awtorlary halk hojalygyň dürli pudaklarynda suw gorlarynyň ulanylyşy ugurlaryna hem seretdiler. Olar şol bir wagtda suwyň ýitgilerini kesgitlemek bilen suwy tygşytly ulanyp, ýitgilerini azaltmak boýunça hem gözlegleri ýerine ýetirdiler.

Ylmy bäsleşige hödürlenen iň täze işleriň biri hem, amorf materiallaryň ýüzüni öwrenmeklik maksady bilen nanotehnologiýalary ulanmak hem-de olaryň ýüzüni ultrases bilen tekizlemek bilen bagly.

Himiki tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň talyplary ýerli çig maldan alýuminiý sulfatynyň koagulýantyny, ýagny Tuargyr ýatagyndan baýlaşdyrylan kaolini almaklygyň usullaryna bagyşlanan işlerini hödürlediler.

Daşky gurşawy goramaklyk ugruna bagyşlanan köp gözlegler geçirilýär. Atmosferany senagat hapalanmalardan goramak, akýan senagat suwlaryny arassalamak, önümçiligiň galyndylaryny täzeden işlemek we ekologiki taýdan arassa tehnologiýalaryny döretmek boýunça hem meselelere seredilýär.