Ï Keniýaan dokuz medally gaýdyp geldiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Keniýaan dokuz medally gaýdyp geldiler

view-icon 1282
BMG-yň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Keniýadanyň Naýrobi şäherinde ekologiki taslamalar boýunça geçirilen Halkara olimpiadada türkmen okuwçylary dokuz sany dürli derejedäki medallary gazanmagy başardylar

Bu bäsleşige Germaniýaly, Makedoniýaly, Türkiýeli, Amerikaly, Hindistanly, Pakistanly, Malaýziýaly, Nigeriýaly, Albaniýaly, Ukrainaly, Gazagystanly, umuman alanyňda dünýäniň ýigrimiden gowrak döwletinden gatnaşan deň-duşlary bilen bir hatarda ýurdumyzdan on iki sany ýaş ekology gatnaşdy.

Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň ýöriteleşdirilen 9-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Abdyresul Durdymuhammedow we Nurgeldi Saparmyradow iki sany altyn medalyň eýesi boldular. Şol mekdebiň okuwçylary Şöhrat Anzarow, Pirguly Nurýagdyýew we Resul Gullaşow, şeýle-de Aşgabatdaky Turgut Ozal türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary Mekan Seýtekow we Arslan Mälikgulyýew bolsa kümüş medallaryna mynasyp boldular.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Turgut Ozal adyndaky türkmen – türk mekdebiniň we 41-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçylary Döwlet Gurbanow we Atamyrat Aýdogdyýew olimpiadanyň iki sany bürünç medalyna mynasyp boldular.