Täze okuw ýylyndan başlap, orta okuw mekdeplerinde „Türkmenistanyň medeni mirasy“, „Dünýä medeniýeti“, „Ykdysadyýetiň esaslary“, „Ekologiýa“ ýaly täze sapaklar giriziler. Okuw programmalaryny işläp taýýarlamaga Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri, ýurduň belli mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary işjeň gatnaşdylar.
Meselem, 11-12 synplara täze „Ykdysadyýetiň esaslary“ sapagy girizilýär. Bu sapagy okatmagyň esasy maksatlarynyň biri hem – umumy ykdysady medeniýeti döretmek, ykdysady hadysalar we işler barada düşünjäni emele getirmek, ykdysady meseleler boýunça ýagdaýy seljermegi başarmak we delillendirilen pikirleri çykarmak, hojalyk-ykdysady işlerinde iş endiklerine eýe balmak ýaly ykdysady medeniýet boýunça umumy düşünjeleri emele getirmekden ybaratdyr.
” okuw sapagynyň mazmuny tebigat barada umumy ulgamy emele getirmäge, şahsyýetiň tebigy gurşawa düşünmäge ähmiýetli gatnaşygyny ösdürmäge, olary çözmek boýunça ekologiki meseleleri we işi alypbarmaga gönükdirilendir. Şeýle hem bu maksatlara ýetmäge mekdep okuwçylaryny tebigaty goraýyş işini gönüden göni çekmegi göz öňünde tutýar. Bu sapak boýunça programma orta okuw mekdepleriniň 11-12 synp okuwçylary üçin niýetlenendir.
„Dünýä medeniýeti“ sapagy girizilip, ol ilkinji nobatda şahsyýeti hemme taraplaýyn ösdürmäge, milli medeniýete hormat goýýana we onuň dünýä medeniýetini ösdürmäge we baýlaşdyrmakdaky tutýa ornuna düşünmegine gönükdirikendir. Şonuň üçin hem „Dünýä medeniýeti“ sapagy mekdep okuwçylarynyň medeniýet babatda we olaryň adamzadyň gazananlary bilen tanyşmagy babatda dünýä garaýyşlaryny giňeltmek maksady bilen girizilýär.
„Dünýä medeniýeti“ sapagy integrirlenen we köpugurly sapak bolup, ony giň gumanitar we estetiki dünýä garaýyşly, özbaşdak bilim almak üçin çynlakaý meşgullanýan, öz mugallymçylyk işinde häzirki zaman maglumatlar serişdelerini, Interneti we beýleki innowasion tehnologiýalary goşmak bilen, ulanýan mugallymlar okatmalydydrlar. „Türkmenistanyň medeni mirasy “ boýunça okuw sapagy türkmen halkynyň baý medeniýetini açyp görkezýän çeşmeleri öz içine alýar. Bu türkmen diliniň we edebiýatynyň saklanyp galmagyna we ösdürilmegine, çeper we şekillendiriş sungatynyň däp-dessurlaryny ösdürmäge, binagärligi (taryhy we medeni ýadigärlikler), saz we teatral sungatyny, kino sungatyny, edep bermäge, milli däp-dessurlary gaýtadan dikeltmäge, ylmy we bilimi ösdürmäge, taryhy-medeni mirasyň gaýtadan dikeldilmek we beýleki meselelere hem degişlidir. Türkmenistanyň medeni mirasyny öwrenmegiň çäklerinde okuwdan daşgary muzeýlere, teatrlara, kitaphanalara, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadigärliklerine ekskursiýa-sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Mundan hem başga 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, informasion-kommunikasion we innowasion tehnologiýalary, modelleşdirmek we grafika ýaly sapaklar mekdep okuw programmasyna girizilýär, şeýle hem zähmet okuwyna, daşary ýurt dillerini öwrenmäge, informatika, jemgyýeti öwreniş we umumy bilim berýän mekdeplariň beýleki sapaklarynyň birnäçesi boýunça bölünip berilýän sagatlary köpeldilýär.