Ï Türkmenistanyň mekdeplerinde soňky jaň kakyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň mekdeplerinde soňky jaň kakyldy

view-icon 4336
Şu gün ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň ählisinde soňky jaň kakyldy. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe – örän uly başlangyçlaryň we innowasion özgertmeleriň sazlaşykly amala aşyrylýan mahalynda, ýaşlaryň zehininiň we aň-düşünje babatdaky mümkinçilikleriniň has-da ösdürilýän döwründe özbaşdak durmuşa gadam urýan uçurymlaryň 95 müňden gowragy üçin dabaraly we tolgundyryjy güne öwrüldi. Hut ýaş hünärmenlere Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň we rowaçlandyrmagyň, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmagyň daýanjy bolmak miýesser eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Ýüzlenmesinde häzirki döwürde türkmen döwletiniň we jemgyýetimiziň durmuşynda ylyma we bilime uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz: “Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr. Ynsan gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, uly abraý-mertebe gazanýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, ýaşlarymyzyň halkara derejesine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, giň gözýetimli, zehinli nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýäris. Häzir ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirildi” diýip belledi.

Irden mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül desselerini goýdular. Soňra Türkmenistanda 2013-nji ýylda okuwyny tamamlaýan uçurymlara bagyşlanan dabaralar geçirildi. Şonda ýaşlaryň, ata-eneleriň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna ýakymly sözler we arzuwlar aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýakymly we tolgundyryjy sözler has-da joşgunly ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesle terbiýe we bilim bermek boýunça uly işler amala aşyrylýar, ýaşlara aň-düşünje we döredijilik babatdaky mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin örän oňaýly ýagdaýlar döredilýär.

“Soňky jaň” mekdepdäki dabaralaryň ählisiniň arasynda has tolgundyryjy, joşgünly we elmydama ýatda galjak baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar. Täze okuw ýylynda ilkinji gezek mekdebe barýan körpelere “Altyn açary” gowşurýan uçurymlar olara bilimleriň dünýäsine aralaşmaga özboluşly badalga berýärler, şondan bolsa ähli ýollar we açyşlar başlanýar. Şu gezekki uçurymlarda geljekki döwür babatda dürli arzuw-islegleri we meýilleri bar. Her niçik bolsa-da, olary Garaşsyz ata Watanymyza peýdaly bolmak, türkmen döwletiniň yzygiderli ösüşine önjeýli goşant goşmak bilen bagly maksat baglanyşdyrýar.

Şu günde “Soňky jaňyň” türkmen paýtagtyna bagyşlanan dabaralar bilen gabat gelmeginiň çuňňur manysy bardyr. Has tapawutlananlar – ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleri, mekdepleriň uçurymlary Maslahat köşgüne çagyryldy, şonda Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek hakyndaky resminamalary, şol sanda Aşgabat şäheriniň gününi baýram etmek hakyndaky Perman yglan edildi.

Soňra uçurymlar – ýurdumyzyň ähli künjeklerinde okuwda has-da tapawutlananlar, dürli olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri üçin günsaýyn gözelleşýän paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleri boýunça gezelenç guraldy. Şol künjekleriň aglabasy Ginnesiň rekordlar kitabyna goşuldy.

Aşgabat ata Watanymyzyň ýüregi bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki belent maksatlar we batly depginler bilen utgaşyp, ýurdumyzyň ösüşiň belent sepgitlerine ýetmäge çalyşýandygyny alamatlandyrýan, halkara ylmy, işewürlik we medeni hyzmatdaşlygyň merkezi, seýilgählere bürenen “aşyklaryň şäheri”, köşkleriň altyn çaýylan gümmezleri we köp sanly suw çüwdürimleri bilen bezelen, özboluşly täsin binalardan ybarat bolan şäher hökmünde öz şanyna baýramçylygyň bellenilmegine mynasypdyr. Ine, şu gün şanly dabaralaryň ikisi täsirli we ýatda galýan baýramçylyk hökmünde birigip, ajaýyp sazlary, bahardaky gül desseleriniň ýakymly yslary, ýaşlaryň şadyýan sesleri bilen utgaşmak arkaly paýtagtymyzyň durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Agşam paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk seýilgähindäki “Aşgabat” aýdym-saz merkezi orta mekdepleriň uçurymlarynyň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň hormatyna guralýan dabaralaryň esasy ýerine öwrüldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan uly baýramçylyk çäresi guraldy. Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Ýüzlenmesini içgin üns bermek bilen diňlediler.

Her ýylda Türkmenistanyň ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe tarap gadam urýan mahalynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, şol ulgamyň kämilleşdirilmegi durmuşa degişli strategiki wezipeleriň berjaý edilmegi bilen gös-göni baglydyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde bilim we sagdyn, aň-düşünje we hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda amala aşyrylýan giň möçberli işler oňyn netijelerini berýär. Dünýäde ýokary ülňülere laýyk gelýän, multimediýa tehnologiýalary we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bilim edaralarynyň ulanylmaga berilmegi diňe bir paýtagtymyzyň däl-de, ýurdumyzyň has çetde ýerleşýän künjekleriniň ýaşaýjylary üçin hem adaty ýagdaýa öwrüldi. Şu ýylda halkara olimpiadalaryna gatnaşýanlaryň sany has-da artdy, türkmen mekdep okuwçylarynyň abraýly halkara bäsleşiklerinde we gözden geçirilişlerde eýe bolan 79 sany medaly aň-düşünje babatda gazanylanlaryň üstüni ýetirdi. Maý aýynyň başynda Aşgabatda ýaş oýlap tapyjylaryň däbe öwrülen sergisi guraldy, şonda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 6-10-njy synplaryň hemmetaraplaýyn zehinli okuwçylary öz ukyplaryny görkezdiler. Döwlet Baştutanymyz mugallymlar, olaryň hünär ussatlygyny we bu ugurdaky taýynlygyň derejesini artdyrmak, okatmagyň we terbiýe bermegiň hil taýdan täze derejä ýetirilmegine ýardam etmek üçin bilim boýunça halkara derejesindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ýadawsyz alada edýär.

Häzirki wagtda orta mekdepleriň uçurymlarynyň öňünde geljekki hünäri saýlap almak, diňe bir Türkmenistanyň däl-de, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyny dowam etdirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzda berilýän bilimiň hiline, onuň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär.

XXI asyr – maglumatlar babatda jemgyýetiň ählumumy habarly asyrynda bilim berýän tehnologiýalaryň ösüşine aýratyn talap bildirilip, okatmagyň täze görnüşleri we usullary gözlenilýär. Ýurdumyzda bilim berilmeginde ösüşiň täze depginine eýe bolunýandygy aýdyň görünýär, munuň özi hünärine ökde, döwrebap innowasion tehnologiýalardan göwnejaý baş çykarýan hünärmenleriň, raýatlaryň ýetişdirilmeginde, maglumatlara esaslanýan tehnologiýalaryň eýýamyna laýyk gelmeginde, şeýle hem okatmagyň dünýäde toplanan iň oňat tejribä laýyklykda alnyp barylmagynda öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdeplerinde 12 ýyllyk orta bilimiň berilmegine geçmek boýunça kabul eden Karary hut şol wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilendir. Şu aýda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Bilim hakyndaky” Kanun bilime degişli täze konsepsiýanyň amala aşyrylmagyna ýardam bermelidir. Şu gün uçurymlaryň we olaryň köp ýyllaryň dowamynda ýaş türkmenistanlylaryň terbiýelenilmegine we bilim almagyna öz bilimini we öz kalbyndaky zatlary öwreden halypalarynyň adyna köp sanly ýakymly arzuwlar aýdyldy. Ata Watanymyzyň geljekki ösüşi size – bilimli we zehinli ýaşlara baglydyr. Size bildirilen uly ynam -- siziň mukaddes borjuňyzdyr. Şunuň ýaly sözler bu günki çykyşlaryň esasy many-mazmunyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň has tapawutlanan uçurymlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bu çärelere gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda milli Liderimize ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, netijeli işlemek we okamak üçin ähli şertleriň döredilmegi barada uly alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.

Dabara gatnaşyjylara bagyşlanan uly konsertde Türkmenistanyň belli döredijilik toparlary we sungat ussatlary çykyş etdiler. Agşamky Aşgabatda ata Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa – ady we işi ýurdumyzyň täze taryhynda gazanylanlar bilen baglanyşdyrylýan Arkadagymyza bagyşlanan aýdym-sazlar belent we joşgunly ýaňlandy. Bu täsirli günde mekdep ýyllary, ajaýyp türkmen paýtagty, ilkinji söýgi we gözellik baradaky aýdymlar has-da joşgunly ýaňlandy.

Şeýle hem baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň tans we folklor toparlary, ýaş estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Çykyşlar konserte gatnaşýanlaryň ählisiniň açyk sahnada ýygnanyp, ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Siz bilen bagtly biz, Arkadag!” atly aýdym bilen jemlendi.

“Soňky jaňa” bagyşlanan baýramçylyk konsertleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada we açyk meýdanyň astynda türkmen halkynyň buýsanjy hasaplanýan görnükli şahsyýetleriň keşpleri ýerleşdirilen özboluşly intellektual – taryhy muzeýde - “Ylham” seýilgäh toplumynda hem boldy.

Şu gün ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, ähli künjeklerinde ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna bagyşlanan uly möçberli dabaralar, baýramçylyk konsertleri, giň gerimli medeni – köpçülikleýin çäreler geçirildi.