Türkmen oba hojalylk unwiersitetiniň mehanizasiýa fakultetiniň dördünji ýyl talyplary „Türkmenobahyzmat“ Döwelt birleşiginiň önümçilik ussahanalarynda tejribe okuwlaryny geçýärler. Olar özleriniň geljekki hünärleriniň – oba hojalygynyň inžener-mehanigi hünariniň inçe syrlaryny ele almak bilen, kombaýnlary ýokary hünärli hünärmenler bilen galla oragyna taýýarladylar.
Oba hojalyik uniwersitetiniň oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň dosenti Nygmat Hudaýberdiýewiň belleýşi ýaly, bu ýokary okuw mekdebiniň galla oragyna gatnaşýan talyplary önümçilik tejribesiniň öňisyrasynda däne ýygnaýjy kombaýnlaryň gurluşyny we ulanylşyny goşmaça öwrendiler, şeýle hem olar öz nünärlerini tejribede iş ýüzüne geçirmek endiklerini ele aldylar. Talyplaryň iş tejribeleri 2013-nji ýylyň hasyly doly ýygnalyp gutarýança dowam eder.
2013 – nji ýylyň galla oragynda 2500-den gowrak kombaýnlar işledilýär. Meselem, olaryň bir bölegi bolan „Сlaas“ kompaniýasynyň kombaýnlary soňky iki ýylyň dowamynda gelip gowuşdy. Oba hojalyk maşynlary öňünden barlag edilip , ýagny ýurduň welaýatlarynyň toprak –howa şertleri nazara alnyp, satyn alynýar.